TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGY: HYZMATDAŞLYGYŇ, HOWPSUZLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ YGTYBARLY BINÝADY

    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünliklerden üstünliklere tarap barýan Bitarap Türkmenistan parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş babatdaky ählumumy tagallalara özüniň mynasyp goşandyny goşýan, sebitde we dünýäde belent abraýly hem-de täsirli döwlet hökmünde tanalýar. Munuň şeýledigine «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän üstümizdäki ýylda amala aşyrylýan beýik işler, şol sanda dünýäniň halkara gatnaşyklary ulgamyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilmegi aýdyň şaýatlyk edýär.
    Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyga esaslanan daşary-syýasy ýörelgeleri iş ýüzünde hil we mazmun taýdan baýlaşmak bilen bilelikde, sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmegiň, hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagyň täsirli we netijeli guralynyň binýatlyk esaslary bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 14-nji ýanwarynda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatda eden çykyşynda: «Bu gün türkmen Bitaraplygy sebit howpsuzlygynyň möhüm şerti bolup durýar. Bitaraplygyň binýatlaýyn esaslary BMG-niň Merkezi Aziýadaky sebiti parahatçylyk we hyzmatdaşlyk zolagyna, yklymlaýyn durnuklylygyň pugta guralyna öwürmäge gönükdirilen strategik esaslaryna laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG bu ýerde bitaraplyga mahsus bolan özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýyny, deňhukukly hem-de netijeli hyzmatdaşlyk babatda amatly şertleri döretmek üçin syýasy-diplomatik serişdeleri ulanýan Türkmenistanyň goldawyna hemişe bil baglap biler» diýip, aýratyn nygtady. Milli Liderimiz döwletimiziň Bitaraplygynyň taryhyna çuňňur nazar aýlamak bilen, halkara gatnaşyklaryň tutuş ulgamynyň düýpli özgerýän çylşyrymly şertlerinde garaşsyzlygyny gazanan Türkmenistan üçin daşary syýasy ugruny seçip almagyň esasy meseleleriň birine öwrülendigine ünsi çekdi. 
    1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilen senesinden bäri geçen taryhy döwürde biziň döwletimiz abraýly we täsirli daşary syýasaty gyşarnyksyz amala aşyrmagy, wajyp başlangyçlary öňe sürmek bilen birlikde, olary yzygiderli durmuşa geçirmegi bilen dünýäde öňdäki orunlara çykdy. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama ikinji gezek kabul edildi. Bu taryhy resminama ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygyny hem-de türkmen diplomatiýasynyň ýeten derejesini aýdyň görkezdi. 2017-nji ýylyň fewralynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 12-nji dekabryny «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan edýän Kararnamanyň kabul edilmegi aýdylanlaryň aýdyň mysaly bolup durýar. Bitarap Türkmenistan halkara gatnaşyklar ulgamynda deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň, açyk we dostlukly ýörelgelerine gyşarnyksyz eýermek bilen, ygtybarly tarap hökmünde uly abraýa we ynama eýe boldy.
    Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň daşary syýasatynda, ilkinji nobatda, ýakyn goňşy döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli sebit syýasatynyň maksadynyň Merkezi Aziýada giň möçberli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösüşiň möhüm meselelerini çözmek üçin amatly geosyýasy we geoykdysady şertleri döretmäge gönükdirilendigini aýratyn belleýär. Merkezi Aziýa sebitinde wajyp orun eýeleýän Türkmenistanyň daşary-syýasy strategiýasynyň üstünlikli netijeleri milli bähbitleri üpjün etmek bilen birlikde, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna alnyp barylýan ählumumy tagallalara mynasyp goşant goşmagyň aýdyň mysalydyr. 
    Häzirki zaman şertlerinde halkara gatnaşyklary ulgamynda döreýän ýagdaýlary syýasy çemeleşmeler we gepleşikler arkaly çözmegiň tarapdary bolan Türkmenistan deňhukuklylyk we özara bähbitlere hormat goýmak bilen birlikde, netijeli diplomatik gurallary işe girizýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň diplomatik gullugyna ýokary talaplary bildirmek bilen, onuň döwrebap kämilleşmegi we netijeliliginiň artdyrylmagy, halkara gatnaşyklar ulgamynda milli bähbitleri goramak ukybynyň birkemsiz üpjün bolmagy, düýpli ylmy-tejribe binýadynyň döredilmegi we bu esasda ussat hünärmenleriň mynasyp nesliniň taýýarlanylmagy baradaky meseleleri hem hemişe üns merkezinde saklaýar.
    Türkmenistanyň giň gerimli halkara hyzmatdaşlygy ileri tutulýan strategik ugurlar boýunça durmuşa geçirilýär. Olar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda alnyp barylmak bilen, ilkinji nobatda, daşary döwletleri bilen hem-de halkara guramalar, aýratyn-da, Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň gatnaşyklary netijeli amala aşyrmaga gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda işlenilip düzülen «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde öz üstüne alan halkara-hukuk borçnamalaryna daýanyp, daşary döwletler bilen gatnaşyklaryny deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda guraýar. 
    2030-njy ýyla çenli niýetlenen durnukly ösüş boýunça ählumumy Gün tertibini Türkmenistan doly goldap çykyş edýär. Durnukly ösüş maksatlaryny işläp düzmäge maslahatçy döwlet hökmünde gönüden-göni gatnaşan Türkmenistan milli derejedäki maksatlaýyn wezipeleri hem ilkinjileriň hatarynda kesgitledi. Bu wajyp işiň çäklerinde Türkmenistanyň ministrlikleriniň we degişli pudak edaralarynyň hem-de BMG-niň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirilip, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça Bilelikdäki iş toparyň düzümi ylalaşyldy we tassyklanyldy. 
    Ýurdumyzda üstaşyr ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen iri taslamalar diňe bir ykdysady we täjirçilik taýdan bähbitliligi bilen çäklenmän, eýsem, munuň özi sebitdäki we onuň çäklerinden daşardaky umumy ýagdaýa oňyn täsirini ýetirmäge, Aziýada durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, yklymara syýasy aragatnaşyklaryň ähli ulgamlaryna düýpli durnuklylyk bermäge möhüm geosyýasy şertdir. Türkmenistanyň kuwwatly ösüşiniň ygtybarly esaslary çalt depginler bilen ösýän we özgerýän dünýäde ýokary tehnologiýaly, sanlaşdyrylan we «ýaşyl ykdysadyýetiň» talaplaryna laýyk gelýän industrial senagatyň we degişli infrastrukturalaryň döredilmegi bilen şertlendirilýär. 
    Şunuň bilen baglylykda, milli ösüş üçin zerur bolan daşary şertleri üpjün etmek, Türkmenistanyň ägirt uly ýangyç-energetiki baýlyklaryny dünýä bazaryna howpsuz şertlerde ýetirmek üçin degişli syýasy-diplomatik çemeleşmeleri we gepleşikler gurallaryny herekete getirmek derwaýys wezipe bolup durýar. Bu babatda döwlet Baştutanymyzyň uly goldaw tapýan energetiki başlangyçlary halkara howpsuzlygyň giň ulgamyny üpjün etmek babatynda mäkäm institusional esaslaryň döredilmegine gönükdirilendir. 
    Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy globallaşmagyň hem-de tehnika we tehnologiýanyň çalt ösýän, ylymdyr öňdebaryjy ylmy barlaglaryň gazananlarynyň ornaşdyrylýan häzirki zaman şertlerindäki halkara bileleşiginiň durmuşa geçirýän toplumlaýyn tagallalarynda garalýan durnukly ösüşiň ählumumy geljegi bilen berk baglanyşyklydyr. Bu babatda dünýäniň ýurtlaryny energiýa bilen elýeterli üpjün etmek, öndüriji, üstaşyr geçiriji we sarp ediji ýurt hökmünde gyzyklanmalary sazlamaklyga degişli Türkmenistanyň Lideriniň düýpli esaslandyrylan başlangyjynyň esas goýujy ähmiýeti bar. 
    Türkmenistanda ekologiýa diplomatiýasynyň milli kanunçylyk we halkara-hukuk binýady kämilleşdirilýär. Daşky gurşawy goramak babatda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak tutuş adamzady tolgundyrýan möhüm wezipeleri çözmekde işjeň orun eýeleýän döwletimiziň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň münberinde we Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen «Rio+20» maslahatynda, Ýaponiýanyň Sendaý şäherinde geçirilen BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça III Bütindünýä maslahatynda we Günorta Koreýanyň Tegu şäherinde geçirilen VII Bütindünýä suw forumy ýaly iri halkara maslahatlarda öňe süren başlangyçlary hut şu ugra gönükdirilendir.
    Ählumumy suw we ekologiýa meselelerini çözmekde, şol sanda Aral deňzini halas etmek üçin dünýä bileleşiginiň goldawynyň, toplumlaýyn çemeleşilmegiň we BMG-niň işjeň hem-de ulgamlaýyn gatnaşmagynyň möhümdigini tejribe görkezdi. Türkmenistan 2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etdi. Gazna başlyklyk eden döwründe ýurdumyz BMG-niň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Araly halas etmek ugrunda işjeň hyzmatdaşlygy alyp bardy.
    Bu günki gün Türkmenistan ählumumy ekologiýa we energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, yklym derejeli ulag geçelgelerini döretmek, Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýol bilen çözmek, şeýle hem goňşy ýurduň ykdysady we durmuş taýdan gaýtadan dikeldilmegine hem-de onuň özara gatnaşyklaryň sebitdir dünýä ulgamyna goşulyşmagyna ýardam edýär. Bu ugurda ýurdumyzyň möhüm halkara-hukuk gurallaryny işläp taýýarlamak boýunça başlangyçlarynyň dünýä bileleşiginiň giň ykrarnamasyna eýe bolýandygyny bellemek gerek. 
    Türkmenistanyň tagallalary, şol sanda milli Liderimiziň häzirki zaman ulag-üstaşyr geçelgelerini we logistika merkezlerini ösdürmäge, ykdysady aragatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de netijeli syýasy gepleşikleriň esasynda ynsanperwer meselelerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny durmuşa geçirmekdäki ornunyň barha artýandygynyň nobatdaky subutnamasy bolup durýar.
    Döwletimiziň häzirki zaman halkara gatnaşyklar ulgamyna ynamly goşulyşmagy dünýäniň döwletleri bilen giň diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hem-de Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy hem-de beýleki iri halkara düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmek bilen baglylykda amala aşyrylýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işi hem halkara giňişlikde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Merkeziň işi, esasan, Merkezi Aziýa döwletleriniň Hökümetleriniň gatnaşmagynda häzirki zaman howplaryň we wehimleriň öňüni almak üçin özara kabul ederlikli çözgütleri gözlemäge, sebitiň çäklerinde durnuklylygy hem-de netijeli döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda işleri alyp barmaga gönükdirilendir. Şoňa görä-de, Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň sebitiň ýurtlary we dünýäniň beýleki döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge goşýan goşandyna, şeýle hem Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde daşky gurşawy goramak meselelerinde durmuş-ykdysady hyzmatdaşlygy we özara hereketleri berkitmekde Türkmenistanyň ornuna ýokary baha berýär.
    Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça tagallalar üçin iş ýüzünde möhüm ähmiýeti bolan 2021-nji ýyly — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny» degişli derejede geçirmek boýunça birnäçe teklipleri işläp taýýarlamak hem-de olary BMG-niň garamagyna hödürlemek barada wajyp wezipeleri öňde goýdy. Hususan-da, BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde bitaraplyk ýörelgelerini ulanmak boýunça düzgünleriň toplumyny taýýarlamak babatdaky başlangyjy uly ähmiýete eýedir. Şeýle hem milli Liderimiz parahatçylygyň, howpsuzlygyň bähbidine Bitaraplygyň dostlarynyň toparyny döretmegi teklip etdi we bu başlangyjyň öňe ilerledilmegine gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen ýurdumyzyň ýygjam hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýtdy.
    Bu günki gün Türkmenistanyň hemişelik Bitаrаplygynyň wе оňа esаslаnаn dаşаry syýasаtynyň binýadynyň mizеmеzdigini, onuň dünýädе pаrаhаtçylygy wе durnuklylygy üpjün etmеkdе, hоşniýеtli hyzmаtdаşlygy alyp barmak üçin zerur bоlаn şеrtlеri gоldаmаkdа täsirli ornunyň we ähmiýеtiniň mundаn bеýläk hеm artjakdygyny uly ynam we buýsanç bilen aýdyp bileris. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan bildirilýän uly üns we talaplar, öňde goýulýan belent wezipeler ýurdumyzyň diplomatik gullugy ulgamynyň her bir işgärini uly hyjuw hem-de gaýrat bilen döredijilikli zähmet çekmäge borçlandyrýar.
                                        Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi.