2020-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy: anyk wezipeler, giň mümkinçilikler

    Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 7-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi. 
    Milli Liderimiziň ylmy esaslara daýanýan, öňdengörüjilikli, ählitaraplaýyn seljerilen ykdysady syýasaty we bu ugurda öňe sürýän parasatly başlangyçlary türkmen ykdysadyýetiniň ähli ugurlaryny durnukly ösdürmäge gönükdirilendir. Bu babatdaky ösüşleriň binýadyny bolsa ykdysady ulgamlary diwersifikasiýalaşdyrmagyň netijesinde, bäsdeşlige ukyply önümçiligi döretmek, ýurdumyzyň ähli pudaklaryna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak, olara ýokary bilimli, täze garaýyşly ýaş hünärmenleri çekmek ýaly, ählitaraplaýyn çözgütler emele getirýär. 
    Ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady strategiýa Türkmenistanyň ykdysadyýetini innowasion ösüşe geçirmäge, kabul edilen döwlet we pudaklaýyn maksatnamalara laýyklykda, döwrebap kärhanalary gurmaga, hereket edýänleriniň durkuny düýpli täzelemäge mümkinçilik berýär. 
    Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň yzygiderli ösdürilmeginiň hasabyna, üstümizdäki ýylda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,5 göterim bolmagyna garaşylýar. Bu bolsa, gürrüňi edilýän ösüşleriň netijesinde, 2020-nji ýylda ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklarynyň ýokary sepgitleri eýelejekdigini alamatlandyrýar.
    Täze maksatnamada ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek bilen baglanyşykly işlere hem aýratyn orun berilýär. Bu ýagdaý pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze häzirki zaman toplumlaryny gurmaga mümkinçilik döreder. Netijede, ýangyç çig malyny gaýtadan işlemegiň möçberlerini artdyrmak, täze ýataklary senagat taýdan çalt özleşdirmek, şonuň bilen birlikde-de, Hazar deňziniň türkmen bölegini we «Galkynyş» gaz känini has giňişleýin özleşdirmek maksadyndan ugur alnyp, ulanylýan sanly tehnologiýalaryň tutuş toplumy ornaşdyrylar. Nebitgaz senagatynda 3D modelirlemek usullarynyň ulanylmagy we halkara wezipeleri çözmek babatda işlenip düzülen maksatnamalaryň işjeň dowam etdirilmegi bu maksatnamanyň bökdençsiz durmuşa geçirilmegine esas döredýär.
    Türkmenistanyň senagat toplumy ösüş üçin ýokary mümkinçiliklere eýedir. Şu günki gün bu pudak milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşini kesgitleýän ileri tutulýan pudaklaryň biri bolmak bilen, onuň kuwwatyny artdyrmak üçin uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär.
    Soňky ýyllarda mineral dökünleri öndürýän döwrebap toplumlaryň işe girizilmegi, öndürilýän önümleriň görnüşleriniň artmagy netijesinde döwrebap himiýa senagaty döredildi. Şeýle hem ýurdumyzyň himiýa pudagynyň önümçilik mümkinçiliklerini has-da ýokarlandyrmak maksadyndan ugur alnyp, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Ýaponiýanyň iri kompaniýalarynyň arasynda Türkmenistanda ammiak we karbamid öndürýän täze zawodyň gurluşygynyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyk etmek baradaky Çarçuwaly ylalaşyga hem-de Türkmenabatdaky himiýa zawodynda konsentrirlenen fosfor dökünini öndürýän önümhananyň taslamasyny düzmek we doly taýýar edip gurmak boýunça Ylalaşyga gol çekildi. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi hem himiýa senagatynda öndürilýän önümleriň möçberiniň artmagyna we pudagyň eksport kuwwatynyň ýokarlanmagyna ýardam berer.
    Eýsem, Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy nämeleri öz içine alýar we ol döwletiň ösüşine neneňsi täsir eder? Biz bu sowallaryň jogabyny tapmak üçin Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Düýpli gurluşyk we maýa goýum syýasaty müdirliginiň baş hünärmeni Serdar Kakajanowa ýüz tutduk. Şonda ol şeýle gürrüň berdi:
    — 2020-nji ýyl üçin Türkmenistanyň maýa goýum Maksatnamasynyň baş maksady Türkmenistanda pudaklaýyn we düzümleýin özgertmeleri amala aşyrmak, şeýle-de işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak arkaly, bäsdeşlige ukyply, dünýäniň iň ösen tehnikalarydyr tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan, innowasiýalary özünde jemleýän ýokary ykdysady netijeli ulgamy döretmekden hem-de ösdürmekden ybaratdyr. Şeýle bolansoň, ýurdumyzda ýokary depginli ykdysady ösüşi üpjün etmek, Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak we öndürilýän harytlarynyň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ylmyň hem tehnologiýanyň soňky gazananlaryna, öňdebaryjy halkara tejribelere esaslanyp, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti işjeň ösdürmek, ýurdumyzda hereket edýän kärhanalary tehniki we tehnologik taýdan halkara ülňülere laýyk derejelerde döwrebap enjamlaşdyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetine gönükdirilýän maýa goýumlarynyň maliýe çeşmelerini kämilleşdirmek, onuň düzüminde ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň we daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýyny artdyrmak 2020-nji ýyl üçin Türkmenistanyň maýa goýum Maksatnamasynda jemlenen esasy maksatlar bolup durýar.
    Gürrüňi edilýän maksatnama senagat pudaklarynyň döredilmegine, innowasion häsiýetli bilelikdäki kärhanalaryň işiniň giň gerimlerde ýola goýulmagyna, eksporta gönükdirilen we importyň ornuny tutýan önümçilikleriň ösdürilmegine, oba hojalygynda agrar özgertmeleri geçirmegiň netijesinde, azyk üpjünçiliginiň gowulanmagyna, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze iş orunlarynyň döredilmegine, ilatyň durmuş taýdan goraglylygynyň berk berjaý edilmegine gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri, şonuň bilen birlikde-de, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 6-njy dekabryndaky Karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli 2020-nji ýylda gurluşygy tamamlanmaly hem-de ulanmaga tabşyrylmaly iri önümçilik, durmuş maksatly binalarydyr desgalary öz içine alýar. 
    Maksatnama laýyklykda, 2020-nji ýylda Türkmenistanyň ykdysadyýetine gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberi 39,5 milliard manat möçberinde meýilleşdirilýär. 
    Maýa goýumlaryň maliýeleşdirilişiniň esasy çeşmeleri bolup, edara-kärhanalaryň öz serişdeleri, karz alnan serişdeler, býujet serişdeleri, Türkmenistanyň döwlet serişdeleri, daşary ýurt maýa goýumlary we beýleki maliýe çeşmeleri çykyş eder.
    Hawa, S.Kakajanowyň hem gürrüň berşi ýaly, Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy ýurdumyzyň ähli pudaklaryny ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Maksatnama laýyklykda, dokma senagatyna goýulýan maýa goýumlar pudagyň ykdysady kuwwatyny has-da güýçlendirmäge, ýurdumyzyň içerki bazarlaryny dokma önümleri bilen doly üpjün etmäge, olary dünýä bazarlaryna çykarmaga şert döredýär. Häzirki döwürde bu pudakda birnäçe täze kärhanalaryň gurluşygy, zawod-fabrikleriň ençemesinde tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmak we durkuny täzelemek işleri alnyp barylýar. Şoňa görä-de, 2020-nji ýylda, 2019-njy ýyla garanyňda, nah ýüplükleri öndürmekde 0,1 göterim, pagta süýümi babatda bolsa, 17,3 göterim ösüş gazanmak meýilleşdirilýär.
    Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynda göz öňünde tutulan we ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň önümçilikdir durmuş maksatly ugurlaryna gönükdirilýän maýa goýumlar dogrusynda gürrüň gozganymyzda, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň maýa goýum syýasaty bölüminiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Baýrammyrat Ataýew şeýle gürrüň berdi: 
    — Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet maýa goýum syýasatynyň esasy ugurlary milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmakdan we diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybaratdyr. Bu babatda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň önümçilik we durmuş maksatly ugurlaryna gönükdirilýän maýa goýumlaryň netijesinde, döwlet we halkara derejede iri möçberli taslamalary amala aşyrmaga mümkinçilikler açylýar, ýurdumyzyň önümçilik binýady düýpgöter özgerýär, ähli pudaklarda täze desgalaryň, durmuş-medeni binalaryň uly toplumlary peýda bolýar. Bu bolsa, öz gezeginde, döwletiň baş maksadyna — türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň derejesiniň has-da ýokarlanmagyna itergi berýär.
    Hormatly Prezidentimiziň parasatly durmuş-ykdysady syýasatynyň netijesinde, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde milli Liderimiziň ak patasy bilen Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň, durmuş-medeni maksatly binalar toplumynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki birnäçe desgalar toplumynyň gurluşyk işlerine badalga berildi. Şeýle hem Aşgabat şäheriniň şähergurluşyk keşbini has-da ösdürmek, ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen desgalaryň, binalaryň taslamalaryny işläp düzmek bilen, Aşgabat şäherinde täze akylly şäheri gurmak boýunça alnyp barylýan işler muňa aýdyň şaýatlyk edýär. 
    2020-nji ýylda önümçilik-tehniki desgalara gönükdirilýän maýa goýumlaryň paýynyň umumy maýa goýumlaryň möçberiniň 70 göterimine deň bolmagyna garaşylýar. Üstümizdäki ýylda döwletiň merkezleşdirilen düýpli maýa goýumlary üçin Döwlet býujetinde meýilleşdirilýän serişdeler 2,5 milliard manat möçberinde göz öňünde tutuldy.
    Halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmek maksady bilen, Prezident maksatnamasy, şeýle-de Oba milli maksatnamasy boýunça desgalaryň we binalaryň gurluşyklary hem-de durkuny täzelemek, hassahanalary, saglyk öýlerini we merkezleri, mekdebe çenli çagalar edaralaryny, orta mekdepleri, medeniýet öýlerini, suw we lagym geçirijileri, dik guýulary, elektrik geçirijileri, awtoulag ýollaryny, suwdur lagym suwlaryny arassalaýjy desgalary gurmak meýilleşdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler ykdysadyýet-maliýe, býujet-salgyt, pul-karz syýasatyny ynamly alyp barmaga mümkinçilik berýär.
    Ýurdumyzyň esasy maliýe resminamasy bolan Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň kabul edilmegi, 2020-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň işlenip düzülmegi türkmen halkynyň ýeten ýokary durmuş derejesini, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen giň gerimli özgertmeleriň ýokary durmuş-ykdysady netijesini tassyklaýar.
    Ýurdumyzyň söwda toplumy milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösýän pudaklarynyň biri bolmak bilen, içerki bazarlarda haryt bolçulygynyň üpjün edilmeginde, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýokary hilli hem-de bäsdeşlige ukyply dürli görnüşli önümçilikleriň döredilmeginde, häzirki zaman senagat, maliýe we söwda infrastrukturasynyň kämilleşdirilmeginde, telekeçilik işiniň ähli görnüşleri üçin amatly şertleriň döredilmeginde, öňdebaryjy tehnologik täzelikleriň önümçilige ornaşdyrylmagynda we giňden peýdalanylmagynda mynasyp orny eýeleýär.
    Türkmenistanda soňky ýyllarda döredilen önümçilikler, häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan gaýtadan işleýän toplumlar ýurdumyzyň söwda toplumyna girýän pudaklaryň önümçilik düzümini yzygiderli kämilleşdirmäge, döwletimizde öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmaga, halkara gatnaşyklary giňeltmegiň we eksport möçberlerini artdyrmagyň hasabyna, içerkidir daşarky söwdada we haryt-çig mal bazarlarynda ýokary ykdysady görkezijileri gazanmaga mümkinçilik berdi. Şeýle-de, söwda ulgamynda we ykdysady gatnaşyklarda, halkara hyzmatdaşlykda sergilere uly orun degişli edilýär. Türkmenistanyň işjeň sergi işi halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolmak bilen, geçirilýän halkara sergilerdir maslahatlar milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň artmagyna ýardam edýär, daşary ýurtlar bilen dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek, innowasion tehnologiýalary öwrenmek we halk hojalygynyň pudaklaryna ornaşdyrmak üçin amatly şertleri döredýär. Şeýle çäreleriň netijesinde, 2020-nji ýylda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberiniň (ýerlemegiň ähli ugurlary boýunça) 68,7 milliard manat möçberinde ýa-da 2019-njy ýyla garanyňda, 5,6 göterim artyk bolmagyna garaşylýar. 
    Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, hususy telekeçilere berilýän ählitaraplaýyn goldawyň netijesinde, soňky ýyllarda hususyýetçiligiň ýaýbaňlanmagy, bäsdeşlige ukyply telekeçileriň we senagatçylaryň emele gelmegi, raýatlarymyzyň telekeçilik başlangyçlarynyň höweslendirilmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şonuň netijesinde-de, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, onuň agzalarynyň hem-de beýleki hususyýetçileriň alyp barýan işleriniň göwrümi barha giňeýär. Olar tarapyndan söwda we hyzmatlar merkezleri, azyk önümlerini, et we süýt önümlerini, gök-bakja önümlerinidir miweleriň suwuny, alkogolsyz içgileri öndürýän kärhanalar, gurluşyk harytlaryny öndürýän kärhanalar, mebel öndürýän toplum we beýleki köp sanly önümçilikler gurlup, ulanylmaga berilýär. Bu gazanylýan oňyn netijeler üstümizdäki ýylda-da dowam etdirilip, ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň möçberinde döwlete dahylsyz bölegiň paýynyň (ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan) 70 göterimden az bolmadyk möçberini üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Şeýle üstünlikler gürrüňi edilýän maksatnamanyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmeginde aýratyn ähmiýete eýe bolar.
    Ata Watanymyzy ösüşleriň röwşen ýoluna eýe edip, halkymyzy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk eýýamynda ýaşadýan milli Liderimize ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde edýän tagallalary üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, il bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri rowaç bolsun! 
                                                        * * *
    Hawa, Türkmenistan bu gün ykdysady taýdan barha berkäp, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagy üçin ynamly ädimler bilen öňe barýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň uludan baýram edilýän ýyly bolan 2020-nji ýylda bu ugurdaky ösüşlerdir özgerişlerde täze üstünlikler gazanylar. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen amala aşyrylýan ykdysady, maýa goýum, maliýe syýasatlary badalga bolup hyzmat edýär. 
    Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň gyşarnyksyz durmuşa geçirilmegi, maýa goýumlaryň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmak bilen birlikde, düýpli maýa goýumlaryň ösüşi bilen jemi içerki önümiň depginli ösüşini gazanmaga mümkinçilik berer. Mundan başga-da, ol 2020-nji ýylda maýa goýumlaryň pudaklaýyn, tehnologik we üznüksiz ösüş boýunça düzümlerini kämilleşdirmäge şert döreder. Şeýlelikde, maýa goýumlaryň uly bölegi ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmaga, önümçilikleri innowasion esasda ýola goýmaga täze badalga bolar. Bu bolsa ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, hormatly Prezidentimiziň daşynda berk jebisleşen halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ata Watanymyzyň halkara abraýyny täze belentliklere götermek babatda öňde goýlan beýik maksatlaryň myrat tapmagynda aýratyn ähmiýete eýedir.