Arkadagyň göreldesi — nesilleriň ýörelgesi

    Halkymyzyň saglygy we abadançylygy baradaky alada, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketini höweslendirmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Milli Liderimiz sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary we wagyzçysy bolup, ähli ildeşlerimizi, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlary bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmaga ruhlandyrýar. 
    «Saglyk — ömrüň soltany» diýen ata-baba pähiminiň neneňsi jaýdar aýdylandygyna biz bagtyýarlyk döwründe has aýdyň göz ýetirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan giň möçberli özgertmeleriniň, parasatly syýasatynyň netijesinde döwletimiz sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde dünýäde ykrar edilýär. Düýn paýtagtymyzda, şeýle-de welaýat merkezlerinde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» ady bilen geçirilen köpçülikleýin ýörişler, sport ýaryşlarydyr dabaralar munuň şeýlediginiň güwäsidir. 
    Hormatly Prezidentimiziň 7-nji fewralda geçen ýylyň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýaşlary sporta çekmek baradaky tabşyryklaryndan, şeýle hem şol günüň ertesi hut özüniň Saglyk ýoluna çykyp, görkezen şahsy göreldesinden ugur alnyp geçirilen köpçülikleýin ýöriş dabaralara beslendi. Ýöriş ir säher bilen Köpetdaga bezeg berýän Saglyk ýolundan başlandy. Hökümet wekilleriniň we Mejlisiň deputatlarynyň, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlarynyň, şeýle hem sport mekdepleriniň türgenleriniň gatnaşmagynda geçirilen köpçülikleýin ýöriş aýdym-sazlar, görkezme çykyşlary bilen utgaşdy. 
    Köpçülikleýin ýörişiň çäklerinde talyp ýaşlaryň arasynda Saglyk ýoly boýunça ylgaw ýaryşy guraldy. Onda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Şakirjan Durdyýew birinji (34 minut, 49 sekunt), Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Azat Welmiýew ikinji (36 minut, 35 sekunt), Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Resul Çopanow üçünji (39 minut, 28 sekunt) orunlary eýelemegi başardylar. Ýeňijilere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
    Köpçülikleýin ýörişler ýurdumyzyň sebitlerinde hem dowam etdi. Paýtagtymyzyň halkalaýyn aýlaw ýolunyň Ahal welaýatynyň merkezinden geçýän böleginden badalga alyp, Änew şäherindäki 3 müň orunlyk sport toplumyna çenli dowam eden ýörişe Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary işjeň gatnaşdylar. Balkan welaýatynyň ýaşaýjylary Balkanabat şäheriniň gaýrasynda ýerleşýän Uly Balkan dagyny kemerläp geçýän Saglyk ýoluna ýörişe çykdylar. Daşoguz welaýatyndaky ýöriş merkezi şäherdäki Ruhyýet köşgüniň dabaralar meýdançasyndan badalga alyp, 10 müň orunlyk sport toplumyna çenli dowam etdi. Türkmenabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugry boýunça, şeýle-de Mary welaýat merkeziniň esasy köçelerinde guralan ýörişlere hem ildeşlerimiz uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. 
    Ýurdumyzyň welaýatlaryndaky döwrebap sport toplumlarynda köpçülikleýin ýöriş mynasybetli guralan aýdym-sazly dabaralar hem köp adamly boldy. Olarda welaýatlaryň medeniýet müdirlikleriniň aýdym-saz toparlarynyň ýerine ýetiren çykyşlary has-da täsirli boldy. Sergilerde türgenlerimiziň sport äleminde gazanan üstünlikleri görkezildi.
    — Sportuň ýeňil atletika görnüşi bilen çagalygymdan bäri gyzyklanmagym, bu ugurda türgenleşmegim köpçülikleýin ýörişde talyp ýaşlaryň arasynda ylgaw boýunça geçirilen ýaryşda pellehana ilkinji bolup gelmegime ýardam berdi. Men bu ugurda ýurdumyzda, şol sanda halkara derejede geçirilen çempionatlara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldum. Geçen ýyl Daşkentde geçirilen Aziýanyň açyk çempionatynda Aziýa döwletlerinden gelen türgenleriň gatnaşmagynda ýeňil atletikadan 10 kilometr ýoly ylgap geçmekde birinji orny eýeläp, altyn medaly gazandym. Biz — ýaşlar sport bilen meşgullanmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Goý, türkmen sportunyň howandary Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! — diýip, Saglyk ýoluna köpçülikleýin ýörişde geçirilen ýaryşda birinji orna mynasyp bolan Şakirjan Durdyýew belläp geçdi. 
    Paýtagtymyzda, şeýle-de welaýatlarda geçirilen «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly köpçülikleýin ýöriş jemgyýetimiziň «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» diýen ýörelgä eýerip, Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň daşynda berk jebisleşýändigini görkezdi.