TOP: TÜRKMEN SAHAWATYNYŇ ŞUGLASY

    Ýakynda, has dogrusy, 1-nji fewralda milli Liderimiziň tagallasy we parasatly syýasaty netijesinde amala aşyrylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň möhüm tapgyrynyň — ýurdumyzyň çäklerinden geçýän böleginiň gurluşygyna girişilmegine bagyşlanan dabara geçirildi. Bu tapgyr Türkmenistanyň çäklerinden Owganystan Yslam Respublikasynyň serhedine çenli geçjek bölegi — 265 kilometrlik uzaklygy özünde jemlär. Gürrüňi edilýän elektrik geçiriji umumy uzynlygy boýunça iki ulgamy öz içine alar. Olaryň birinjisi 220 kilowolt bolar we ilki, 102 kilometr ýol geçip, Owganystanyň Hyrat welaýatyna, soňra jemi 575 kilometr menzil aşyp, ýurduň Gandagar welaýatyna baryp ýeter. Geçirijiden çekiljek 500 kilowoltlyk ikinji elektrik geçiriji howa  ulgamy bolsa 1150 kilometri külterläninden soňra, Pakistanyň Kwetta welaýatyna we onuň töwereklerindäki welaýatlara ýagtylyk, ýylylyk, nur paýlar.
    Dünýä döwletleri bilen deňhukukly hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, ýurdumyzyň çäklerinden halkara söwda ýollarynyň geçmegi, ata Watanymyzda halkara derejede geçirilýän syýasy, ykdysady, medeni çäreleriň sanynyň gün geçdigiçe artmagy, syýahatçylyk pudagyny dünýä derejesine çykarmak boýunça giň möçberli işleriň alnyp barylmagy, maýa goýum syýasatynyň durmuşa geçirilmegi —  bularyň ählisi daşary ykdysady işjeňligiň ýokarlanmagyna goldaw berýär.
    Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz tagallalary netijesinde amala aşyrylýan Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasaty parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge, halkara gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilendir. Häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler ägirt uly maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge şert döredýär. Halkara taslamalar babatda alanyňda, bu mümkinçilikler, öz gezeginde, diňe bir ýurdumyzda däl, degişli döwletlerde-de täze iş orunlarynyň döredilmegine we raýatlaryň girdejileriniň ýokarlanmagyna kömek edýär.
    Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan energetika syýasaty Türkmenistanyň ykdysady ösüşinde ähmiýetli orun eýelemek bilen, ol döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Energetikanyň dürli pudaklarynda işlenilip düzülen giň gerimli taslamalar, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň ýyl geçdigiçe kämilleşdirilmegi onuň şeýledigini ýene bir ýola äşgär edýär.
    Energetika pudagyna ylmyň we halkara tejribäniň häzirki zaman gazananlarynyň ornaşdyrylmagy Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak bilen birlikde, onuň sebitiň energiýa çeşmelerine bolan isleglerini kanagatlandyrmakdaky, bu babatdaky baý mümkinçilikleri diplomatik serişde hökmünde ulanmakdaky, ýurdumyzyň orta we uzak geljege niýetlenen geosyýasy täsirini berkitmekdäki... artykmaçlygyny ýüze çykarýar. Bu bolsa milli Liderimiz tarapyndan işlenip düzülen we barha giň gerimde durmuşa ornaşdyrylýan Türkmenistanyň energetika diplomatiýasynyň diňe bir bähbitlerden, ykdysady gazançlardan, birtaraplaýyn girdejilerden gözbaş alman, onuň şol bir wagtyň özünde dost-doganlyga, ynsanperwerlige, abadançylyga, parahatçylyga hyzmat edýändigini alamatlandyrýar. Şeýle bolansoň, soňky ýyllarda Diýarymyzyň dürli künjeklerinde we Aşgabatda gazturbinaly elektrik beketleriniň birnäçesi bilen pudagyň düzümleriniň üsti ýetirildi.
    Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy we başlangyjy bilen durmuşa geçiriljek Daşoguz — Balkan we Balkan — Ahal welaýatlarynyň arasyndaky halkalaýyn ulgam diňe bir içerki bazaryň elektrik energiýasyna bolan isleglerini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, artykmaç energiýa çeşmeleriniň eksport mümkinçiliklerini-de ýokarlandyrar. Bu bolsa türkmen ykdysadyýetiniň goşmaça, iň esasy-da, geljegi uly girdeji çeşmesi bilen üpjün edilmegine täze bir mümkinçiligi döreder. Şeýle mümkinçiligiň biriniň — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen Mary DES-i bilen utgaşykly dolanyşyk esasynda işleýän ilkinji buggaz elektrik bekediniň işe girizilmeginiň taryhy waka bolandygy hemmämize mälimdir. Bu häzirki zaman elektrik bekedi Türkmenistanyň energetika ulgamyndaky eksport kuwwatynyň artmagyna önjeýli goşant goşdy. Gürrüňimiziň esasy temasy bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan halkara elektrik geçirijisiniň doly güýjünde işe girizilmegi bilen Mary DES-niň we buggaz elektrik bekediniň türkmen ykdysadyýetindäki ähmiýeti has-da artar. Elbetde, bu halkara elektrik geçiriji elektrik akymy bilen birlikde, Owganystandyr Pakistana ýagtylyk, ýylylyk, halkymyzyň mährem ýüreginiň dostana ynsanperwerligini alyp gider. Bu döwletleriň, esasan-da, Owganystanyň ykdysady kuwwatyna damýan altyn damja öwrüler, zawod-fabrikleriň ençemesiniň gurulmagyna, dostlukly döwletleriň ýaşlarynyň müňlerçesiniň iş bilen üpjün edilmegine mümkinçilik berer.
    Gürrüňi edilýän taslamanyň bir günüň ýa-da bir aýyň dowamynda ýüze çykan taslama däldigini hemmämiz bilýän bolsak gerek. Onuň üstünde ýyllaryň dowamynda işlendi, kelle döwüldi, ählitaraplaýyn öwrenildi. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň we halkymyzyň ata-baba dowam edip gelýän ýörelgesine görä, ol taslama dahylly bolan ähli taraplaryň bähbitlerine hyzmat etmelidi. Şonuň üçin hem taslamanyň üstünde düýpli işlenilenden we öwrenilenden soňra, 2018-nji ýylyň ýanwar aýynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň we «Çalyk Holding A.Ş». kompaniýasynyň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Bu Ähtnama Owganystanyň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga, bu ýurdy üstünlikli dikeltmäge ähmiýetli hyzmat etjek taslamanyň hereketini tizleşdirdi. Taslamanyň doly durmuşa geçirilmegi Owganystanda diňe bir iri däl-de, eýsem, orta we kiçi işewürligiň ösdürilmegine, owgan bazarynyň dolanyşygynyň artmagyna şert döredip, serhetýaka söwdany ösdürmäge-de mümkinçilik berer. Türkmen energiýasy goňşy döwletde senagat harytlarynyň önümçiligini, hyzmatlar ulgamyny we beýlekileri janlandyryp, owgan telekeçileriniň işlerini ösdürmäge-de ýardam eder.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary syýasaty bilen baglanyşykly her bir çykyşynda diýen ýaly, Owganystan meselesine degip geçmek bilen, ýurdumyzyň owgan halkyna durmuş düzümlerini gurmakda, olary elektrik energiýasy bilen üpjün etmekde, hünärmenleri taýýarlamakda we beýleki ugurlarda ýakyn goldaw berjekdigini nygtaýar. Şonuň bilen birlikde-de, Türkmenistan Owganystany parahatçylykly we döredijilikli ýol bilen ösdürmekde, sebitleýin durnuklylygy we hyzmatdaşlygy üpjün etmekde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýar. Bu ýagdaýlaryň hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli goňşuçylyga, ählumumy parahatçylyga we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasyna neneňsi ähmiýet berýändigine şaýatlyk edýär. Sebäbi Türkmenistan energiýa çeşmelerini diňe bir öz bähbitleri üçin ulanmaga çalyşman, eýsem, goňşy halklaryň bähbitlerine, hatda dünýä halklarynyň parahatçylygynyň hatyrasyna hyzmat etdirmäge çalyşýar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Şonuň üçin hem bu gün türkmen döwletiniň abraýy Zeminiň ähli künjegine ýaýylyp, mertebesi barha beýgelýär.
    Biz TOP elektrik geçiriji howa ulgamynyň möhüm tapgyrynyň gurluşygyna girişmek dabarasynda bu ýere ýygnananlaryň käbiri bilen gürrüňdeş bolduk:
    — Täze elektrik geçiriji ulgam işe girizilenden soňra, Owganystanyň Hyrat we Gandagar welaýatlarynyň hersine ylalaşylan mukdarlarda elektrik energiýasy akdyrylar. Geljekde olaryň möçberini 1 müň megawata çenli artdyrmak maksat edinilýär.
    Bu günki çäre hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji howa ulgamynyň iri möçberli taslamasynyň gurluşygyny amala aşyrmakda täze tapgyry alamatlandyryp, doganlyk döwletleriň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalanmagyna, olaryň netijeli hyzmatdaşlyk etmegine ýardam berer.
    Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň Owganystanyň çäklerinden geçýän böleginiň hem-de TOP optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygyna 2018-nji ýylyň fewral aýynda badalga berlipdi. Bu şanly wakalara bagyşlanan dabaralaryň çäklerinde bolsa taslama gatnaşyjy ýurtlaryň Hökümetleriniň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamy hakynda ylalaşyga gol çekilipdi.Türkmenistan soňky onýyllyklarda goňşy owgan döwletiniň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine gönükdirilen anyk ädimleri ädýär. Muňa mysal hökmünde köp ýyllaryň dowamynda ýeňillikli bahalar bilen elektrik energiýanyň we suwuklandyrylan gazyň iberilmeginiň amala aşyrylmagyny, dostlukly döwletiň energetika düzüminiň uly bölegine öwrülen Ymamnazar — Andhoý hem-de Serhetabat — Hyrat elektrik geçiriji ulgamyň taslamasyny görkezmek bolar. TOP taslamasy bolsa iki dostlukly ýurduň arasyndaky energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze bir badalgadyr — diýip, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça halkara elektroenergetika taslamalary müdirliginiň başlygynyň orunbasary Serdar Saparow gürrüň berýär. — Türkmenistanyň we onuň milli Lideriniň tagallalary bilen owgan sarp edijileriniň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak, täze önümçiliklerdir iş orunlaryny döretmek üçin giň şertler döredildi. Owgan ýaşlarynyň ýüzlerçesi energetika hünäri boýunça Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim aldy.
    Hemmämiziň bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystandaky ýagdaý babatdaky çemeleşmeleri hem-de geçirýän işleri bar bolan meseleleri diňe diplomatik ýollar we serişdeler bilen kadalaşdyrmaga esaslanýar. Şeýle bolansoň, gürrüňi edilýän mesele boýunça halkara gatnaşyklaryň täsirli görnüşini işläp taýýarlamak Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan goldaw tapýan oňyn ädimleriniň biridir.
    Türkmenistan iri halkara guramalaryň, esasan-da, BMG-niň howandarlygynda durmuşa geçirilýän sebit we sebitara maksatnamalary amala aşyrmakda möhüm hyzmatdaş hökmünde çykyş edýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň BMG-niň belent münberinden beýan eden döredijilikli başlangyçlary aýratyn ähmiýete eýedir.
    Ählumumy ykdysadyýetiň ornunyň pugtalandyrylmagy dünýä energetikasynyň durnuklylygyna gönüden-göni baglydyr. Gymmat bolmadyk, ygtybarly häzirki zaman energiýa çeşmelerine elýeterliligiň üpjün edilmegi döwletleriň okgunly ösmegi, halklaryň abadançylygy üçin zerur şertleriň biridir. BMG-niň tagallalary, şeýle-de BMG tarapyndan kabul edilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösüş ulgamynda Gün tertibine laýyklykda edilýän tagallalar XXI asyryň derwaýys maksatlaryna ýetmäge gönükdirilendir.
    2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň hem-de Hindistan Respublikasynyň döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijiniň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygyna badalga berlendigini nygtamak isleýärin. Bu waka sebitiň döwletleriniň arasynda ählumumy möçberdäki taslamalaryň durmuşa geçirilip başlanandygyny görkezdi. Häzirki dabara bolsa şol badalgadan gözbaş alýan taslamanyň möhüm bölegi bolup durýar. 
    Men sözümiň ahyrynda ýurdumyzyň energetika diplomatiýasyny rowaçlandyran, türkmen energiýasynyň eksport mümkinçilikleriniň barha ýokarlanmagyna giň şertleri döredýän, hut şu maksatdan ugur alyp, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça halkara elektroenergetika taslamalary müdirligini döredip beren Gahryman 
    Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli başlangyçlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýärin — diýip, S.Saparow sözüni jemledi.
    Hawa, döwlet Baştutanymyz her bir taslama amala aşyrylanda iň täze tehnologiýalary ulanmagyň, innowasion önümçiligi döretmegiň zerurdygyny nygtaýar. Ýurdumyzyň elektrik energiýasy pudagyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde ähli elektrik beketlerinde halkara tejribede synagdan geçen inžener-tehniki gazanylanlar ornaşdyrylýar. Bu bolsa innowasion artykmaçlygy, ykdysady ähmiýeti we ekologiýa howpsuzlygy bilen öňe saýlanýar. Bu gürrüňi edilýän elektrik geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmakda-da şeýle bolar. Çünki ekologiýa abadançylygy, daşky gurşawy goramak hormatly Prezidentimiziň esasy talaplarynyň biridir. Bu barada dabara gatnaşyjylaryň söhbetlerini diňläniňde, döwlet Baştutanymyzyň her bir tutumynyň neneňsi buýsanç döredýändigini görmek bolýar. Olar beýleki ähli meseleleri çözmek bilen birlikde, türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu asylly başlangyçlarynyň, ýöredýän parahatçylykdyr özara hormat goýmak syýasatynyň türkmen-owgan dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we ösdürmäge hyzmat edýändigini, bu iki halky gadymdan gelýän doganlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny nygtaýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutanlygyna saýlanmagy bilen, indi ençeme ýyllardan bäri Türkmenistanyň hereket edýän ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde taslamalaryň birnäçesini, şeýle-de owgan halkyny ýeňillikli bahalardan elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça taslamany amala aşyrýandygy, bu ýagdaýyň halkymyzyň ata-baba dowam edip gelýän ynsanperwer ýörelgelerinden ugur alýandygy dabarada çykyş edenleriň buýsanjy bolup ýaňlandy.
    TOP taslamasynyň ýurdumyzdaky möhüm tapgyrynyň gurluşygyna badalga berilmeginiň çäklerinde, taslamany ýerine ýetiriji kompaniýanyň — «Çalyk Holding A.Ş». türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol bu taslama, Türkmenistanyň alyp barýan energetika syýasatynyň üstünlikleri, ýurdumyzyň ykdysady gazananlary barada şeýle gürrüň berdi:
    — Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşi babatynda haýran galdyryjy üstünlikleri bilen bütin dünýäde uly gyzyklanma hem-de ykrarnama eýe boldy. Türkmen Lideri tarapyndan geçirilýän giň halkara hyzmatdaşlyk netijesinde goňşy ýurtlar bilen hem, dünýäniň beýleki ähli döwletleriniň işewürler toparlary bilen hem özara bähbitli gatnaşyklar pugtalandyrylýar, daşary ýurtly telekeçiler kuwwatly senagat düzümleriniň kemala getirilmegine gönükdirilen özgertmeler maksatnamalarynyň we taslamalaryň amala aşyrylmagyna uly goşant goşmaga çalyşýarlar.
    Uzak möhletleýin esasda Owganystana we Pakistana türkmen elektrik energiýasyny akdyrmaga mümkinçilik berjek TOP-nyň gurluşygy sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer, durmuş we ynsanperwer meseleleriniň oňyn çözülmegine, parahatçylygyňdyr durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam eder.
    Gürrüňi edilýän elektrik geçiriji ugrundaky ähli düzümleýin desgalary elektrik energiýasy bilen üpjün etmekden başga-da, energiýany Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Günorta — Gündogar Aziýanyň beýleki ýurtlaryna eksport etmäge mümkinçilik döreder. Şol döwletleriň hökümetleri türkmen Lideriniň başyny başlan bu taslamasynyň durmuşa geçirilmegine uly gyzyklanma bildirýärler.
    Elektrik energiýasynyň önümçiligini hem-de onuň eksport möçberlerini artdyrmak, energiýa üpjünçiliginiň hilini ýokarlandyrmak, ilatyň ykdysady, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, senagat önümçiliklerini gurmak ýaly wezipeleriň Türkmenistanyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygy bizi diýseň begendirýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda, elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde eýýäm gazturbina elektrik stansiýalarynyň birnäçesi guruldy. Ata Watanymyz bolan türkmen Diýarynda bu ulgamda amala aşyrylýan iri möçberli işler ýurduň içerki isleglerini doly kanagatlandyryp, ony beýleki döwletlere ibermäge-de mümkinçilik berýär.
    Elbetde, ählumumy ykdysadyýetiň öz ornuny pugtalandyrmagy dünýä energetikasynyň durnuklylygyna baglydyr. Gymmat bolmadyk, ygtybarly energiýanyň häzirki zaman çeşmelerine elýeterliligiň mümkinçiligi ähli ýurtlaryň okgunly ösüşi, olaryň halklarynyň abadançylygy üçin uly ähmiýete eýedir.
    Bu bolsa, öz nobatynda, döwletleriň energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň halkara hukuk gurallarynda, ählumumy energetika hyzmatdaşlygynyň ösüşini kadalaşdyryjy berk, üýtgewsiz hem-de köptaraplaýyn ýörelgeleri kemala getirmek bilen berkidilen täsirli çykalgalaryň işlenip taýýarlanylmagynyň zerurlygyny aňladýar.
    Pursatdan peýdalanyp, bize ata Watanymyzda iri taslamalary durmuşa geçirmekde bildirýän ýokary ynamy, berýän goldawlary üçin hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn.
    ***
    Owganystanda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän energetika we ulag-aragatnaşyk, durmuş ulgamlaryndaky taslamalaryň amal edilmegine uly umyt bildirilýär. Dostlukly owgan halky onuň tutuş sebitiň ösüşine ýardam etjekdigine ynanýar we Owganystanyň parahatçylykly ýol bilen dikeldilmegine yzygiderli kömek-goldaw berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa alkyş sözlerini aýdýar.
    Serhetabatda geçirilen dabaradan we bu taslamanyň göwrüminden çen tutsaň, Türkmenistanyň geljekde hem doganlyk Owganystanyň abadançylygydyr ösüşi, parahatçylygyň, durnuklylygyň we sebitiň ösüşiniň bähbitleri üçin şeýle uly ähmiýetli başlangyçlara işjeň gatnaşmaga taýýardygyny görmek bolýar.