Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

    H.H.MUHAMMETGULYÝEW hakynda
    Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň towakganamasy esasynda Haýdarguly Hudaýgulyýewiç Muhammetgulyýewi, saglyk ýagdaýy sebäpli, «Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktory wezipesinden boşatmaly. 
    O.A.ALLABERDIÝEWA hakynda
    Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň towakganamasy esasynda Ogulmaýsa Annamyradowna Allaberdiýewany «Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktory wezipesine belläp, ony «Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly. 
                                                Türkmenistanyň Prezidenti 
                                                Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

                                        Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 1-nji fewraly.