Şekillerde toý ýylynyň tarypy

    Ýyllar biziň ýurdumyzda öz bady bilen, öz ylhamy-joşguny bilen gelýär. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan, hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň uludan toýlanyljak ýyly hem ilkinji günlerinden medeni çärelere baýlygy bilen göwünlere egsilmez şatlyk eçilýär. 
    Ýakynda ýurdumyzyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde açylan sergi «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylymyza bagyşlanyldy. Sergi, däp bolşy ýaly, halypa suratkeşleriň döreden eserlerinden başlanýar. Olaryň arasynda Ýarly Baýramowyň «Oguz han», Aýhan Hajyýewiň «Türkmen gözelligini döredijiler», Işanguly Işangulyýewiň «Türkmen buýsanjy — Ýanardag» ýaly nakgaşlyk, Maral Ataýewanyň «Gözbaş», Annameret Taganowyň «Köne gala», Gülara Babaýewanyň «Galkynyş» atly keramika, Juma Jumadurdyýewiň «Üzüm ýygymy», Ýedi Madatowyň «Sazanda», Alekseý Şetininiň «Halyçylar» atly eserleri bar. Milli gymmatlyklaryň, zähmetiň, eşretli durmuşyň waspy sergini toý öwüşginleri bilen bezeýän bu eserleriň içinden eriş-argaç bolup geçýär. 
    Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk toýy parahatçylygyň, dostluk-doganlygyň, ynsanperwerligiň toýudyr. Munuň şeýledigine sergidäki işleri synlanyňda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Olaryň arasynda dürli döwletleriň sungat ussatlarynyň döreden nakgaşlyk, keramika, zergärçilik ýaly sowgatlyk eserler hem sergä aýratyn bezeg berýär. Şeýle dostluk-doganlyk ruhunda guralan sergi oňa tomaşa edenlerde diýseň ýakymly täsir galdyrýar.