Sagdyn bedende — sagdyn ruh

    Möwsümleýin kesellere garşy göreş
    Ýylyň her bir paslynyň öz ajaýyplygy bar. Ýöne her bir pasylda biz öz saglygymyza paýhasly çemeleşmelidiris.
    Pasyllaryň çalyşmagy we howanyň üýtgemegi bilen, möwsümleýin keselleriň döremegi mümkin. Olardan goranmak üçin kesele garşy durnuklylygyň ýokary bolmagy zerur. Bedeniň kesele garşy göreş ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. Saglyk bilen bagly her bir meselede hökman maşgala lukmany bilen maslahatlaşmaly. Özüňiziň hem-de perzentleriňiziň burnunyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmagy endik edinmeli, pasyllara görä geýinmeli we witamin С — askorbin turşusyna baý önümleri kabul etmeli. Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmaly. Onuň üçin penjiräni wagtal-wagtal açyp, otagy ýelejiredip durmaly, şonda şemalyň ugrunda özüňiziň ýa-da çagalaryňyzyň durmagyna ýol bermeli däl.
    Adamyň kesele garşy ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, hökman askorbin turşusyna baý içgileri, miwe şirelerini kabul etmeli. Olara bally we limonly gök çaý, itburun demlemesi, alma, pyrtykal şireleri degişlidir. Kelem, käşir we beýleki bakja önümleri günüň dowamynda hökman kabul edilmeli. Howanyň üýtgemegi netijesinde möwsümleýin keselleriň öňüni almak maksady bilen, milli tagamlarymyzdan gyzyl burç goşulan unaşy hem hepdede kabul etmeli. Gyzyl burçuň düzümindäki fitonsitler, peýdaly maddalar adamyň bedeniniň kesele garşy göreş ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Elin taýýarlanylan unaş möwsümleýin keselleriň hem öňüni almakda, olary ýeňil geçirmekde örän ähmiýetlidir. Oňa gyzyl burç atyp, peýdalanmak maslahat berilýär.
    Dümewiň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Asgyrylanda, üsgürilende hökman elýaglyk bilen agzy we burny ýapmaly. Eli elmydama arassa ýagdaýda saklamaly we ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly. Derman serişdelerini, lukman bilen maslahatlaşman, özbaşdak kabul etmeli däl. Esasan hem, bu antibakterial serişdelere degişlidir. Sebäbi antibakterial serişdeleri wiruslara däl-de, bakteriýalara garşy ukyply. Olary özbaşdak ulanmak birnäçe gaýraüzülmelere getirip biler we bedeniň kesele garşy durnuklylygyny peselder.
    Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin hormatly Prezidentimiziň bize peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýan itburun, çopantelpek, buýanyň köki ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary içmegi endik edinmeli.
    Ýurdumyzda möwsümleýin kesellere garşy sanjymlar hem ýola goýlan. Her bir adam öz maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, olary hem kabul edip biler.

    Arassaçylyk — sagdynlygyň girewi
    Her bir adam, ylaýta-da, çagalar arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeli.
    Beden arassalygyny berjaý etmek düzgünleri çaga terbiýesinde uly orun eýeleýär. Maşgala agzalarynyň ählisi, nahar taýýarlanmazdan, çagany naharlamazdan we nahar edinmezden öňinçä, şeýle-de daşardan gelenlerinde, oýun oýnanlaryndan we haýwanlary ellänlerinden soň, sabyn bilen ellerini gowy ýuwmalydyr.
    Irden we ýatmankaňyz, dişleriňizi diş pastasy bilen arassalamaly. Her gün sabyn we ýyly suw ulanmak arkaly suwa düşünmelidir. Suwa düşülenden soň arassa egin-eşik geýmeli. Egin-eşikleri ýuwlandan soň ütüklenmelidir.
    Dyrnagyňy wagtly-wagtynda aýyrmaly, sebäbi kesel döredijiler, şeýle hem soguljanlar dyrnaklaryň aşagyna aralaşýar.
    Azyk önümleri, gap-çanak saklanylýan we nahar bişirilýän ýerlerde arassaçylygyň düzgünleri pugta berjaý edilmelidir. Gök önümler, miweler iýilmezden öň, üstünden suw akdyrylyp ýuwulmalydyr. Diňe arassa agyz suwuny ýa-da gaýnadylan suwy içmeli.
    Dürli keselleri ýaýradyjy mikroblary saklaýan jandarlaryň biri hem siňekdir. Olar göçüp-gonmak bilen, gap-gaçlary, azyk önümlerini, çaga oýnawaçlaryny hapalaýar. Şonuň üçin nahar bişirilýän otaglary çalt-çaltdan arassalap durmaly, hapa taşlanýan bedreleriň agzy ýapyk bolmalydyr.
    Bu düzgünleriň berjaý edilmegi keselleriň öňüni almaga ýardam berer.

    Keseliň öňüni bilelikde alalyň!
    Ýiti respirator ýokanç keselini wiruslar döredýär. Bu wiruslar näsag adamdan, esasan, şeýle hem howa-damja, galtaşma ýoly arkaly töweregindäki sag adamyň bedenine düşýär hem-de olaryň kesellemegine getirip bilýär.
    Ýiti respirator ýokanç keselinde öz-özüňi bejermeklige ýol bermeli däl. Keseliň kesgidi we bejergisi diňe lukman tarapyndan bellenilmelidir.
    Daş-töweregindäkilere keseli ýokuşdyrmazlyk we öz wagtynda bejergi almak üçin näsag keseliň ilkinji alamatlaryndan başlap öýde bolmaly we lukmana ýüz tutmaly. Keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin näsagy sag adamdan aýry otagda saklamaly. Näsagyň köpçülik ýerlerine barmagyny çäklendirmeli.
    Näsagyň bolýan otagy ýygy-ýygydan ýelejiredilmeli. Näsaga seredilende, lukmançylyk örtgüsini (maska) peýdalanmaly we ony ýygy-ýygydan ýuwup, ütüklemeli.
    Näsaga tiz-tizden içine limon, ary baly garylan ýyly çaý, gaýnadylan suwy köp mukdarda içirmeli.

    Keseliň ýaýramazlygy üçin şu maslahatlary berjaý edeliň!
    Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli. Munuň üçin gowy ukyňy almak, dogry iýmitlenmek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, eliňi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwup durmak, burun boşlugyna oksolin melhemini çalmak, otaglary ýelejiredip durmak, çygly arassaçylyk işlerini yzygiderli amala aşyrmak, düzüminde С witaminini saklaýan önümleri (limon, sogan, sarymsak we beýlekiler) köpräk iýmek, pasla görä geýinmek, keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, öz wagtynda almak maslahat berilýär.