Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

    Ç.K.AMANOW hakynda
    Polisiýanyň general-leýtenanty Çarymyrat Kakalyýewiç Amanowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň rektory wezipesinden boşatmaly. 
    Ç.K.AMANOW hakynda
    Çarymyrat Kakalyýewiç Amanowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipelerine bellemeli. 
    N.B.KOWUSOW hakynda
    Polisiýanyň podpolkownigi Nurmyrat Bäşimowiç Kowusowy Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň rektory wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň nyzam taýýarlygy we terbiýeçilik işleri boýunça prorektory wezipesinden boşatmaly. 
                                            Türkmenistanyň Prezidenti, 
                                            Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy 
                                            Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

                                    Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 30-njy ýanwary.