Futzal: milli ýygyndy 15 günlük ýygnanyşyga gitdi

    Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Aziýa çempionaty — 2020-niň final tapgyryna taýýarlygynyň çäginde BAE-de geçirýän okuw-türgenleşigine başlady. Ýygyndy toparymyzyň ilkinji türgenleşigi «Al-Hamriýa» futbol akademiýasynyň «Sports Hall» sport toplumynda geçirildi — diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.
    Okuw-türgenleşik ýygnanyşygy dowam edýän milli ýygyndymyzyň BAE-de ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisini geçirmek bellenilip, olaryň ilkinjisini BAE-niň birinji diwizionynda çykyş edýän «Al Ahli» bilen geçirdi, 29-njy ýanwarda bolsa, bu ýurduň öňdebaryjy topary bolan «Al Nasr» topary bilen duşuşar.
    Milli ýygyndymyz 2 — 8-nji fewral aralygynda Tailandyň Songkla şäherinde geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar. Baş tälimçi Robert Grdowiç halkara ýaryşda milli çempionatymyzda çykyş edýän oýunçylary gözden geçirer.
    Ýeri gelende bellesek, futzal boýunça 16-njy Aziýa çempionaty 26-njy fewral — 8-nji mart aralygynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumlarynda geçiriler.
    BAE-däki okuw-türgenleşik ýygnanyşygy we Tailanddaky halkara ýaryşa gatnaşjak Türkmenistanyň futzal ýygyndysy:
    Futzalçylar: Meretgeldi Baýramow (d), Şöhrat Baýramow (d), Mülkaman Annagulyýew, Myrat Annaýew, Gurbanguly Aşyrow, Watan Ataýew, Daýanç Garajaýew, Abdylla Gurbannepesow, Allamyrat Kurbanow, Allaberdi Meredow, Öwezbaý Muhammetmyradow, Serdar Rejebow, Gurbangeldi Sähedow, Berdimyrat Sapardurdyýew (d), Arzuwguly Sapargulyýew, Maksat Soltanow.
    Tälimçiler: Robert Grdowiç — baş tälimçi, Guwanç Kanaýew — tälimçi, Mergen Ataýew — tälimçi, Ýeňiş Aşyrow — tälimçi, Mekan Muhammetmyradow — analitika boýunça tälimçi.
    Ýakynda, türkmen metbugatyna beren interwýusynda baş tälimçi Robert Grdowiç Aziýa çempionatynda ýaryşjak 16 futbolçydan ybarat düzümi kesgitländigini aýtdy. Eger-de BAE-däki türgenleşiklerdir ýoldaşlyk duşuşyklarynda, Tailanddaky halkara ýaryşda, soňra Aşgabatdaky türgenleşiklerdir duşuşyklarda şikes ýa-da başga bir sebäp bilen üýtgeşme bolmasa, Aziýa çempionatynda hem milli ýygyndymyza şu futzalçylar wekilçilik eder.

    Futbol: baş tälimçi ýaş futbolçylary synagdan geçirýär
    Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynyň berýän habaryna görä, häzirki wagtda Birleşen Arap Emirlikleriniň Ajman şäherinde okuw-türgenleşiklerini dowam etdirýän futbol boýunça milli ýygyndymyz bu ýerde klub toparlarynyň üçüsi bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirer.
    Bu gezek, esasan, ýaş futbolçylary gözden geçirýän baş tälimçi Ante Mişeniň şägirtleriniň ilkinji garşydaşy, ozal hem habar berlişi ýaly, Malaýziýanyň 6 gezek çempiony we AFK-nyň kubogy — 2015-iň ýeňijisi, häzir bolsa AFK-nyň Çempionlar ligasynda ýaryşýan «Johor» topary boldy. Bu duşuşyk 26-njy ýanwarda «Jebel Ali Coe» stadionynda geçirildi.
    Futbol boýunça milli ýygyndymyz BAE-däki ikinji ýoldaşlyk duşuşygyny 29-njy ýanwarda ýerli toparlaryň biri bilen geçirer. Üçünji ýoldaşlyk duşuşygy bolsa Özbegistanyň Almalyk şäheriniň AGMK topary bilen 2-nji fewralda geçiriler.
    Düzümine türkmenistanly ýarym goragçy, milli ýygyndymyzyň kapitany Arslanmyrat Amanowy hem goşan AGMK üçünji okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny BAE-de geçirer. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy resmi saýtynda milli ýygyndymyzyň bu ýerde AGMK bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirjekdigini ýazýar.
    Diýmek, Ante Mişeniň Lionel Messä deňäp ýören tejribeli futbolçysy Arslanmyrat Amanow bu gezek onuň şägirtleriniň garşysyna oýnap biler. Düzüminde milli ýygyndymyzyň kapitany hem bolan topar bilen duşuşmak ýaş futbolçylarymyz üçin oňat tejribe bolar.
    Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň BAE-däki türgenleşikleri 4-nji fewralda tamamlanar.

    Halkara tejribe: Arslanmyrat Amanow AGMK-de
    Özbegistanyň Almalyk şäherine wekilçilik edýän we Superligada ýaryş alyp barýan AGMK futbol topary türkmenistanly ýarym goragçy, milli ýygyndymyzyň 29 ýaşly kapitany Arslanmyrat Amanow bilen şertnama gol çekişdi. Tejribeli futbolçy öňümizdäki möwsümde şu toparyň üstünlikleri üçin göreşer.
    «Almalykly futbol janköýerleriniň söýgüsini gazanan 2015 — 2016-njy ýyllardaky möwsümlerde hem klubumyzyň abraýyny goran Arslanmyrat Amanow ýene-de öýüne dolandy» diýip, klubuň resmi saýtynda bu barada habar berilýär.
    AGMK-nyň düzüminde ozal 55 duşuşykda meýdana çykyp, 8 gezek tapawutlanan ýarym goragçy 2018-nji ýylda «Buhoroda», 2019-njy ýylda «Lokomotiwde» hem futbol oýnady. Şeýle hem ol karýerasynda «Aşgabat» (2007 — 2009), HTTU (2010 — 2013), «Okžetpes», Gazagystan (2012), «Irtyş», Gazagystan (2014), «Altyn asyr» (2017) ýaly toparlarda hem çykyş etdi.
    Arslanmyrat Amanow Türkmenistanyň milli ýygyndysynda henize çenli 38 duşuşyk geçirip, şolarda 10 gezek tapawutlandy.