Serhetler abadan, ilimiz aman

    «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan 2020-nji ýyl özüniň datly miwelerini bollugy bilen eçilip başlady.
    Täze başlanan ýylyň ilkinji aýynda bellenilýän ilkinji baýramyň ýurt goragçylarynyň hünär durmuşy bilen bagly bolmagynda özboluşly many bardyr. Watan goragçylarynyň güni däp-dessura, yrym-ynanja sarpa goýýan halkymyzyň ýyl başyna şatlykly, ruhubelent girişmek, asudalygy, ýurt howpsuzlygyny, parahatçylyk söýüjiligi dabaralandyrmak babatdaky belent maksatlaryny hem alamatlandyrýar.
    Bu baýramçylyk mynasybetli, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynda gurlup, ulanylmaga berlen täze desgalardyr goşunyň binýadyna gelip gowşan döwrebap tehnikalaryň ilkinji tapgyry serhetçileriň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy. Bu şatlykly günde polkownik Batyr Hudaýberenowyň serkerdelik edýän serhet birikmesindäki serhetçilerdir olaryň maşgala agzalaryna hem täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy. Ýaşaýyş jaýynda ähli şertleriň göz öňünde tutulmagy döwletimiziň Watan goragçylary hakyndaky aladalarynyň bimöçberdiginden habar berýär.
    Özüň hakynda edilýän aladalary duýmak bagtlylykdan nyşan. Täze öýüň eýeleri — serhetçi serkerdeler we olaryň maşgalalary hem ýurduň bagtyýar raýatlary hökmünde döwrüň talabyna laýyk gurlan täze ýaşaýyş jaýyna göçüp bardylar. Döwrebap ýaşaýyş jaýynyň otaglarynyň ýagty hem gelşikli gurulmagy, onuň içinde hojalyk üçin zerur enjamlaryň, mebelleriň ýerleşdirilmegi, beýleki otaglary bilen bir hatarda, jaýyň aşhanasynda dürli tagamlary taýýarlamak, naharlanmak üçin zerur şertleriň göz öňünde tutulmagy aýratyn bellärliklidir. Ýaşaýyş jaýynda döredilen bu amatlyklary göreniňde, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň: «Serhetçiler hem-de olaryň maşgala agzalary döwletimiz tarapyndan hemişe uly üns-alada bilen gurşalyp alnar» diýen ajaýyp sözleriniň durmuşda üstünlikli amala aşyrylýandygynyň ýene bir ýola şaýady bolýarsyň.
    Elbetde, döwletiň serhedinde gulluk etmek onuň goragynda duran esgerden gaýduwsyzlygy, mertligi, parasatlylygy, ýokary aň-düşünjeliligi, hüşgärligi, belent watansöýüjiligi talap edýär. Bu barada hormatly Belent Serkerdebaşymyz öz çykyşlarynyň birinde: «Serhetçileriň üstüne ýüklenen wezipeler aýratyn möhümdir» diýip belledi. Şeýle möhüm wezipäni netijeli ýerine ýetirmek, ýagny harby gullukçylaryň göwnejaý gullugy we döwrebap ýaşaýşy üçin ähli amatlyklar döredilýär. Bu babatdan, podpolkownik Merdan Annaýewiň hem-de podpolkownik Magtymguly Nurberdiýewiň serkerdelik edýän serhet birikmelerinde dost-doganlyk araçäklerimiziň ygtybarly goragyny has-da berkitmek maksady bilen gurlan döwrebap binalar hem aýdanlarymyzyň aýdyň subutnamasy boldy. Ol binalar serhetçileriň gulluk etmegi, gullukdan boş wagtlaryny manyly geçirmegi, medeniýetli dynç almagy, sport, döredijilik, okuw sapaklarydyr türgenleşikler bilen meşgullanmaklary üçin ähli zerur şertleri özünde jemleýär. Binalaryň esgerler naharhanasynyň tämizligi, tagamlary taýýarlamak üçin onuň içinde oturdylan kämil aşhana enjamlary mukaddes serhedimiziň goragçylary hakyndaky aladalardan habar berýär.
    Bu günki gün Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň maddy-tehniki binýadyny döwrüň talabyna laýyk pugtalandyrmak, ýurdumyzyň serhediniň goragyny kämil görnüşde amala aşyrmak hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň kabul eden harby özgertmeleriniň esasy özenini düzýär. Bu bolsa ýurt goragçylarynyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgämiz esasynda, Harby doktrinamyzdan gelip çykýan wezipeleri birkemsiz ýerine ýetirmeklerinde jogapkärli gulluklarynyň netijeli bolmagyny şertlendirýär. Dünýä nusgalyk parahatçylyk söýüjilikli ynsanperwer syýasaty ýöredýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda asudalygyň üpjün edilmegi, serhedimiziň dost-doganlyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk serhedine öwrülmegi döwletimiziň hem halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň binýadyny pugtalandyrdy. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz döwletiň ösüşini, raýatlaryň eşretli durmuşyny asudalykda görýär. Döwletimiziň goranyş kuwwaty yzygiderli pugtalandyrylýar, goşun üçin zerur bolan harby tehnikalaryň, awtoulaglaryň, uçarlaryň, dikuçarlaryň, serhet gorag gämileriniň iň kämil görnüşleri alynýar. Watan goragçylarynyň güni mynasybetli gullugymyzyň maddy-tehniki binýadyna gelip gowşan döwrebap harby tehnikalaryň ilkinji tapgyry muňa aýdyň mysaldyr. «Kamaz» kysymly ýük awtoulaglary Döwlet serhediniň goragynda ýükleri, şahsy düzümi alyp gitmekde aýratyn ähmiýete eýe bolsa, «Toyota» kysymly lukmançylyk awtoulaglary döwrebaplygy bilen tapawutlanyp, harby gullukçylara kämil lukmançylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirer. Gullugymyzyň düzümindäki harby bölümlere paýlanyp berlen bu tehnikalar harby bölümlerde ýagşy umyt-arzuwlar bilen, dabaraly ýagdaýda garşy alyndy, milli däp-dessurlara eýerilip, «Ak zat alnyňa ýagşy» diýlen yrym bilen, täze harby tehnikalara ak un sepildi.
    Türkmen halkynyň dünýä medeniýetinde orun alan gymmatlyklary şan-şöhrata eýedir. Gamyşgulak ahalteke bedewi, nepis halysy, saryja goýny bilen birlikde, alabaý iti hem halkymyzyň dünýä medeniýetinede-de aýratyn orny bolan milli mirasydyr. Türkmen alabaýy mukaddes öý-ojagyň ýa-da süriniň wepaly goragçysy hökmünde ulanylman, bu günki gün ýurdumyzyň dost-doganlyk serhediniň goragynda hem giňden peýdalanylýar. Serhetçiler bilen gije-gündiz serhet tabşyryklaryna gatnaýan türkmeniň gaýduwsyz alabaý itleri Watanymyzyň serhediniň goragyny üpjün etmekde serhetçileriň wepaly kömekçileri bolup durýar. Şonuň üçin hem Döwlet serhet gullugynda türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek babatynda uly aladalar edilýär. Ýurdumyzda giňden bellenilen Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Türkmen alabaý» tohumly itleri köpeldiş we kämilleşdiriş merkeziniň täze binalar toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berilmegi munuň subutnamasydyr. Merkeziň açylyş dabarasy täsirli boldy. Onuň dowamynda ýurdumyzyň alabaý itleriniň görkezme sergisi geçirildi. Türkmen alabaý itleriniň görkezme sergisine belli itşynaslarymyzyň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilen halkara ýaryşlara gatnaşyp, türkmen alabaý itlerine we Watanymyza şöhrat getiren alabaý itleri, şeýle hem Döwlet serhet gullugynyň türgenleşdirilen alabaýlary gatnaşdyryldy.
    Döwrebap ýaşaýyş jaýynyň, Döwlet serhediniň goragyna gönükdirilen binalaryň, milli gymmatlygymyz bolan «Türkmen alabaý» merkeziniň açylyşlary dabaralara beslendi. Dabaralara gatnaşan myhmanlar bilen bir hatarda, serhetçi serkerdelerdir olaryň maşgala agzalary, esgerler hem çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli sowgat berlen täze ýaşaýyş jaýlary, gulluk-durmuş maksatly binalar, döwrebap harby tehnikalar üçin hormatly Belent Serkerdebaşymyza alkyşlaryny beýan etdiler hem-de mukaddes Watanymyzyň asudalykda ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrdylar.
    Hawa, Watan mukaddesdir, onuň serhedini goramak hem mukaddes borçdur. Çünki seniň üçin iň ezizlikler şu Watanyň goýnunda jemlenen. Bu günki gün mähriban halkymyz öz merdana ogullaryna — serhetçilere ýurt asudalygyny üpjün etmekde uly ynam bildirýär, şonuň bilen bir hatarda hem hormat goýýar. Watan goragçylarynyň gününiň döwlet derejesinde baýram edilmegi, harby gullukçylar üçin täze binalaryň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi, kämil tehnikalar bilen goşunyň binýadynyň üstüniň ýetirilmegi belent hormatyň aýdyň dabaralanmasydyr. Şol hormata mynasyp bolup, eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ynamyny ödemek bolsa biziň perzentlik borjumyzdyr.