Wepaly dost hergiz dilden düşmeýär

    Hormatly Prezidentimiz 2019-njy ýylyň 13-nji sentýabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Türkmen alabaýy» atly täze kitabynyň çapdan çykandygyny we onuň bilen adybir goşgusyny ýazandygyny aýtdy. Bu şatlykly habar her bir ynsanda uly buýsanç duýgusyny oýardy.
    Kitap türkmen alabaýynyň hakyky keşbini, taryhy gelip çykyşyny, tohum arassalygyny we ähmiýetli taraplaryny anyk maglumatlaryň esasynda açyp görkezýär. Onuň bezeliş aýratynlyklary, içindäki owadan suratlary okyjylaryň ünsüni özüne çekip, seni alabaý itleri hakyndaky täsirli pikirleriň yzyna düşürýär.
    Bu kitap dünýäde iň gadymy tohumlaryň biri bolan meşhur alabaý tohumynyň gelip çykyşy we ösüşi barada gürrüň bermek bilen çäklenmän, eýsem, alabaýyň medeni gymmatlygyny we özboluşlylygyny açyp görkezýär. Neşiriň sahypalaryndan okyjy alabaýyň milletiň ykbalynda, onuň halk döredijiliginde, edebiýatda, çeper döredijilikde hem-de türkmen filosofiýasynda eýeleýän orny barada gyzykly maglumatlary alyp bilýär.
    Alabaý itleri daşyndan haýbatly bolup görünse-de, itleriň şu tohumy bilen ýakyndan tanyş bolan her bir adam olaryň daşky keşbiniň aňyrsynda özüne mähirli garaýşa sarpa goýmagy başarýan mährem ýüregiň gizlenip ýatandygyna oňat düşünýär. Alabaý çagalara mähremdir, olara özi bilen oýnamaga mümkinçilik berýär we şoňa görä-de, maşgalanyň hakyky agzasyna öwrülýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sakçy it hökmünde deňi-taýy bolmadyk alabaý özüniň eýesini we ony gurşap alýan zatlaryň ählisini: öýüni, dogan-garyndaşlaryny, esasan-da çagalary eserdeň goraýar.
    Kitabyň «Wepalylygyň hem-de batyrlygyň keşbi» atly bölüminde türkmen alabaýynyň serhet goragynda tutýan orny ajaýyp suratlar bilen açylyp, onuň wepadarlygy, edermenligi, gaýduwsyzlygy görkezilýär. Bu bölümde serhetçileriň serhet tabşyrygyny alabaýlar bilen sazlaşykly alyp barmagy, olaryň ýurt goragynda eserdeňligi, hüşgärligi, saklygy elden bermezlik ýaly häsiýetleri açylyp, her bir okyjyny özüne bendi edýär. 
    Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň geçen ýylyň 16-njy maýynda serhetçiler bilen duşuşmagy we olara alabaý güjüjekleriniň ýedisini sowgat bermegi mukaddes serhedimiziň goragçylary hakyndaky aladanyň nobatdaky subutnamasy bolup, döwrüň belent ädimlerinde mynasyp orun aldy. Çäksiz edermenligi, batyrlygy, wepalylygy özünde jemlän türkmen alabaýynyň şekiliniň ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň nyşanlarynda ýerleşdirilmegi bolsa aýratyn mana eýedir. Gaýduwsyz alabaý türkmen esgerlerine Watany gözüň göreji deýin goramakda üstünlikleri getirer.
    Hormatly Belent Serkerdebaşymyz «Türkmen alabaýy» atly täze kitabynda: «Alabaý iti halkymyzyň ata-baba belet jandary. Ýurdumyzyň harby hem-de hukuk goraýjy edaralarynda, serhetlerimizi goramakda alabaýlaryň ýakyn kömekçiler bolup biljekdigi baradaky pikire uly ähmiýet berenimizde hem, biz köp babatda, alabaýlaryň häsiýetiniň durnuklylygyna bil baglaýarys» diýip belleýär.
    Dogrudan-da, türkmen alabaýy özüniň batyrlygy, edermenligi, gaýduwsyzlygy, durnuklylygy, gerek ýerinde arslan deý gaýratlylygy bilen taryhyň gatlaryna girdi. Hormatly Prezidentimiz: «Geçirilen ylmy seljermeler äpet türkmen alabaýynyň tutuş Aziýa sebitinde — Hytaýyň serhetlerinden Müsüre çenli aralykda ýaýran itleriň nesilbaşysydygyny, miladydan öňki taryhy döwürlerde-de Gündogarda arzylanyp-sarpalanyp saklanandygyny tassyklaýar. Ýewropalylar alabaýy uly söýgi bilen garşy alýarlar. Olar öýleri, sürüleri gorapdyrlar. Ýyrtyjy haýwanlara garşy goýberilip, tomaşalar guralypdyr. Alabaýyň Ýewropa eltilen tohumyndan prineý owçarkalary, mastifler, senbernarlar, doglar, boksýorlar, buldoglar, hawawartlar, rotweýlerler, leonbergler ýaly görnüşleri gelip çykandyr diýen çaklamalar hem bar. Döwür we yzygiderli seçgi işleri olary gadymy alabaýyň keşbinden daşlaşdyrandyr» diýip, türkmen alabaýlarynyň örän gadymy tohumdygyny aýdyňlaşdyrýar. 
    Arassa tohum it hasaplanýan türkmen alabaýlary hakyndaky bu kitap ähli itler bilen iş salyşýanlar üçin, aýratyn-da, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň gulluk itleri bilen iş salyşýan harby gullukçylary üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly gollanma boldy. 
    Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň şeýle ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp, döwet galamynyň ýiti bolmagyny, milli medeni we maddy gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakdaky işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç bolsun!