Merdanalyk mekdebi

    Hormatly Belent Serkerdebaşymyz «Watan goragy mukaddesdir» atly ajaýyp kitabynda «Dünýäde iň ygtybarly we zerur baýlyk parahatçylyk bolup durýar» diýip belleýär. Şonuň üçin hem biziň ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň asudalygy, bagtyýar geljegi esasy orunda durýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly senesini şöhratlandyrmak, ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, 2020-nji ýyl «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly diýlip yglan edildi. Şeýle şygar bilen başlan ýylymyzyň ilkinji aýynda Watan goragçylarynyň güni ýokary derejede baýram edilýär. 
    Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda parahatçylygy baýdak edinip, dostana goňşuçylyk we hoşniýetli hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýar. Şeýle hem özbaşdak döwlet hökmünde öz Ýaragly Güýçleriniň ýokary goranyş kuwwatyny saklamaga, onuň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmaga, ýokary hünärli harby hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirýär. Milli goşunymyz parahatçylygyň, howpsuzlygyň bähbidine, halkyň abadan durmuşyny, erkin döredijilikli zähmetini goramaga hyzmat edýär. Bu ýörelgeler oňyn Bitaraplyk derejesine esaslanýan hem-de diňe goranmak häsiýetine eýe bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasynda öz beýanyny tapýar. 
    Diýarymyzyň ähli ýokary okuw mekdepleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň serkerde-mugallymlary hem hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan, şahsy göreldesinden ugur alyp, bilim özgertmelerine, harby gullukçylaryň harby-watançylyk ruhunda terbiýelenmegine mynasyp goşant goşýarlar. Harby institutda ýokary derejeli harby hünärmenleri ýetişdirmek, serkerdeleriň hünärlerini ýokarlandyryş okuwlaryny guramak we geçirmek, bilim ulgamy üçin okuw maksatnamalaryny, kitaplaryny, okuw-usuly gollanmalary taýýarlamak ýaly birnäçe giň gerimli okuw-terbiýeçilik, ylmy-usuly, guramaçylyk-pedagogik, şeýle-de dürli mazmundaky terbiýeçilik ähmiýetli işler alnyp barylýar.
    Dürli ugurlardan ýokary bilimli harby hünärmenleri taýýarlaýan ýokary harby okuw mekdebiniň iň esasy iş meýilnamalarynyň biri hünärler boýunça düzülen okuw we terbiýeçilik işleriniň meýilnamasydyr. Harby institutda okuw we terbiýeçilik işleriniň meýilnamalary hem-de okuw maksatnamalary her ýylda döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär.
    Harby talyplara berilýän bilimiň we edep-terbiýäniň mazmunyny, gurluşyny, hilini we netijeliligini döwrüň öňde goýan talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, institutda professor-mugallymlaryň, serkerdeleriň arasynda dürli bäsleşikler, ylmy-amaly maslahatlar, halypalar bilen duşuşyklar, «açyk sapaklar», görkezme okuw sapaklary, usulyýet sapaklary we medeni-köpçülikleýin, terbiýeçilik çäreleri yzygiderli guralýar. Muňa mysal edip «Ýylyň mugallymy», «Iň göreldeli kafedra», «Iň göreldeli fakultet» we «Merdanalygyň nusgasy siz, zenanlar!», «Ýylyň terbiýeçi serkerdesi», «Ýylyň harby psihology» ýaly bäsleşikleri görkezmek bolar. Bäsleşiklerde kapitan Döwran Abdyrasulowyň, kapitan Tawus Tagandurdyýewanyň aýratyn tapawutlanmaklary, gazanylan netijeler harby bilim ojagynyň bu ugurdaky mynasyp üstünlikleridir. 
    Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzdaky ähli ýokary harby okuw mekdeplerinde sanly bilim ulgamy giňden ornaşdyrylýar. Harby talyplaryň biliminiň hilini ýokarlandyrmaga uly üns berilýär. Olaryň häzirki zaman ylmynyň we täze tehnologiýalaryň gazananlaryny özleşdirip bilmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagy harby talyplaryň okuw-türgenleşik enjamlarynda geçýän okuw gönükmelerini takyk we dogry ýerine ýetirmegine oňyn täsir edýär. Bu bolsa meýdan okuwlarynda ýokary netijeleri gazanmaga ýardam berýär. 
    Institutda tälim alýan talyplar diňe bir harby işi düýpli öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem, kompýuter tehnologiýasyny, gumanitar ylymlary hem özleşdirýärler. Okuw döwründe takyk ylymlaryň, daşary ýurt dilleriniň sanly esasda öwredilmegi aýratyn bellärliklidir. Şeýle hem talyplar diňe bir ýokary harby bilimlere eýe bolmak bilen çäklenmän, sportuň dürli görnüşleri, çeper höwesjeňlik, döredijilik bilen yzygiderli meşgullanýarlar. «Ýylyň talyby», «Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri» atly bäsleşiklerde, şeýle-de sportuň dürli görnüşleri boýunça döwlet we halkara derejelerde geçirilýän ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Harby institutyň gullukçysy, uly leýtenant Rüstem Penjiýewdir harby talyplar Güýç Gökowyň we Kerim Hojakowyň görkezen ussatlyklary diňe bir harby bilim ojagynyň däl, eýsem, ata Watanymyzyň sport abraýyny belende göterýär. 
    Geljekki serkerdeler bolan harby talyplar döwlet derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerinde hem ýokary netijeleri gazanýarlar. Bulardan başga-da, talyplaryň arasynda Harby institutyň terbiýeçilik işleri boýunça bölümi tarapyndan terbiýeçilik ähmiýetli birnäçe bäsleşikler geçirilip, baýrakly orunlara mynasyp bolan talyplar we olaryň serkerdeleri yzygiderli sylaglanýar.
    Ylym-bilim özgertmeleri alymlaryň, usulyýetçileriň, bilim ulgamynyň işgärleriniň we bilimi dolandyryş edaralarynyň öňünde gaýragoýulmasyz wajyp wezipeleri goýýar. Dünýä ylmynda we bilim ulgamynda gazanylan üstünliklere esaslanyp, möhüm wezipeleri çözmekde, Watanymyzyň goranyş kuwwatyny has-da pugtalandyrmakda, geljekki serkerdelere kämil harby bilim we harby-watançylyk terbiýesini bermekde, taryhda öçmejek yz galdyran şahsyýetlerimiziň merdi-merdanalygyny wagyz etmekde Harby institutyň serkerde-mugallymlary hem yhlasly zähmet çekýärler. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň berkararlygyny, döwrümiziň bagtyýarlygyny, durmuşymyzyň asudalygyny kepillendirýän Watan goragçylary Garaşsyz Watanymyzyň mukaddes goragyna hemişe taýýardyrlar.
    27-nji ýanwar — Watan goragçylarynyň güni. Biz hem bu dabaraly gün bilen hormatly Belent Serkerdebaşymyzy, ata Watanymyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli işgärlerini, edermen ýurt goragçylaryny, şeýle hem bagtyýar ildeşlerimizi mähirli gutlaýarys. Goý, hemişe asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde ata Watanymyzyň asudalygynyň, abadançylygynyň we parahatçylygynyň nyşany bolup ak kepderiler erkana ganat ýaýsyn!