Melhem suwly gaýnarbaba

    Ata-babalarymyz dag çeşmesiniň we onuň jana ýakymly howasynyň ynsan saglygyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýedigini örän irki döwürlerde bilipdirler. Şonuň üçin-de daglaryň şypaly, melhem suwly çeşmelerinden peýdalanyp, mydama tebigat bilen ysnyşykly gatnaşykda ýaşapdyrlar. Nusgawy edebiýatymyzyň wekilleriniň goşgularynda hem bu barada aýdylýar. Mollanepes «Daglar» diýen goşgusynda: 
    Daglar mürewwet känidir,
    Erenleriň mekanydyr — 
    diýip ýazsa, Misgingylyç özüniň «Bu daglar» diýen goşgusynda:
    Sowuk suwy hassalaryň dermany,
    Derde şypa bolar, sagaldar jany — diýip, dag çeşmesiniň suwunyň melhemlik häsiýetiniň waspyny ýetirýär. Hakykatdan-da, daglaryň göwsünden gaýnap çykýan çeşmeleriň suwy birnäçe minerallary özünde jemlemek bilen, melhemlik häsiýete eýedir. Arçman, Köwata, Ýylysuw, Berzeňňi ýaly dag çeşmeleriniň suwundan halkymyz indi birnäçe ýyllaryň dowamynda peýdalanyp gelýär. Şolaryň üstüne soňky wagtda ýene-de bir çeşme goşuldy. Ol ýurdumyzyň gündogarynda, Köýtendagyň eteginde ýerleşýän Gaýnarbaba çeşmesidir. Dag göwsünden ylla gaýnan ýaly çogup çykýandygy göz öňünde tutulyp, Gaýnarbaba adyna eýe bolan bu çeşmäniň suwy öz düzüminde birnäçe peýdaly elementleri saklaýar. Olaryň arasynda kükürtli wodorodyň agdyklyk etmegi we kaliý, magniý ýaly birnäçe elementleriň özara utgaşýan düzüminiň bolmagy bu suwuň melhemlik häsiýetini has-da artdyrýar. Ol birnäçe dertlerden, aýratyn-da, deri kesellerinden ejir çekýänlere has-da peýdaly täsir edýär. Şonuň üçin ýerli ilat çeşmäniň suwundan köp ýyllaryň dowamynda peýdalanyp gelýär. Soňky    döwürde bu ýere ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelýän ildeşlerimiz Gaýnarbabanyň at-owazasyny, onuň suwunyň gudratyny köp ýerlere ýetirdiler. Şeýle bolansoň, ýylyň bütin dowamynda bu ýeriň mähellesi egsilenok. Köýtendagyň melhem daşlarynyň arasyndan çogup çykýan çeşmäniň suwunyň ýylylygy mydama bir derejede diýen ýaly saklanýar. Onuň içindäki balyklar hem suwuň düzümindäki elementler bilen uýgunlaşyp gidipdir. Ýogsam, suwuň düzüminde ýod, brom, natriý sulfaty, natriý gidrokarbonaty ýaly minerallaryň birnäçe görnüşi bar. Olar ynsan bedenindäki sökellikleri bejermekde möhüm ähmiýete eýedir. Lukman 
    Arkadagymyzyň Gaýnarbaba çeşmesiniň ýanynda ýörite şypahana gurmak barada öňe süren başlangyjy halkyň saglygy barada edilýän tagalladyr.
    «Derdini beren dermanyny-da berer» diýlişi ýaly, biziň öz derdimiziň dermanyny tebigatdan almagymyz gerek. Munuň üçin ýurdumyzda ähli şertleriň, mümkinçilikleriň döredilmegi «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäniň ýurdumyzda giňden dabaralanýandygyny görkezýär. Adam we onuň saglygy baradaky mesele mydama döwletiň üns merkezinde durýar. Sebäbi biziň ýurdumyzda adam döwletiň baş baýlygy hasaplanýar. Hut şonuň üçin-de, şypahana ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Şypaly çeşme suwlaryndan başga-da, bu ýerdäki gowaklar hem bejerijilik häsiýetine eýedir. Lukmançylyk ylmynda «speloterapiýa» diýlip atlandyrylýan gar gowaklarynyň içindäki dürli minerallar bilen baýlaşan howanyň hem dem alyş ýollary bilen ynsan bedenine aralaşmagy birnäçe dertleri dep edip bilýär. Alymlaryň çaklamalaryna görä, Köýten sebitlerinde Mendeleýewiň ýygyndysynda görkezilýän elementleriň 30-a golaýy bar. 
    Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Italiýa, Russiýa, Fransiýa, Ispaniýa ýaly öňdebaryjy ýurtlardan gelen alymlaryň bu ýerde geçiren seljermeleri gowaklaryň içindäki minerallaşan elementler barada dogry pikir ýöretmäge esas berýär. 
    — Gowaklaryň içindäki speleogeneziň we minerallaryň emele gelmeginde kükürtleşme mehanizmi hiç ýerde duş gelmeýär. Karbonatly diwarlardaky gips çäge görnüşinde dökülende, kükürtli wodorodyň ysynyň gelmegi hem şunuň bilen düşündirilýär — diýip, Russiýadan gelen alym Wladimir Maltsew öz pikirini mälim etse, Ispaniýadan gelen alym Hose Mariýa Kalafoppa: 
    — Bu ýerdäki gowaklarda speleotemleriň düzümindäki izotoplaryň üýtgeýşini ýüze çykarmak arkaly, speleogenetik mehanizme düşünmek, kristallaryň ýerleşýän ýeriniň üýtgeýjiligini beýan etmek, olary paleogurşawyň şertleri bilen baglanyşdyrmak ýaly işleri alyp bardyk — diýip gürrüň berdi.
    Bu ýerde geçirilýän ylmy tejribeler we seljerme işleri Köýtendagyň gadyr-gymmatyny has-da artdyrýar. Onuň göwsünden gaýnap çykýan Gaýnarbaba çeşmesiniň şypaly suwy häzirki wagtda hünärmenleriň, lukmanlaryň üns merkezinde. Geçirilen deslapky barlaglar we seljermeler çeşmäniň suwunda on iki sany elementiň bardygyny anyklady. Ynsan synasynda käbir dokumalaryň, elementleriň ýetmezçiligi bilen ýüze çykýan dertleri bejermekde bu çeşmäniň suwunyň uly ähmiýeti bar.