Ýaz ekişine taýýarlyk görülýär

    Geçen güýzde 300 müň tonna çemesi «ak altyn» eçilen Lebabyň mes topraklary gyşyň häzirki günlerinde täze möwsüme — ýaz ekişine taýýarlanylýar. Ýuwuş suwundan şory saplanan toprak sürlüp, ekişiň bosagasyndaky işler talabalaýyk alnyp barylýar.
    Gyşyň eýýäm ikinji aýy ahyrlap barýar. Öňde diňe bir gyşyň-a däl, tutuş ýylyň hem iň gysga aýy — fewral. Diýmek, daýhanlar özüni hem, ene ýeri hem täze ýylyň hasyly üçin tijäbermeli. Türkmen daýhanlary hut şeýle hem edýärler.
    Sürüm işleriniň barşy baradaky maglumatlardan öňinçä geçen ýylyň ahyrynda welaýata oba hojalyk gurallarynyň ýene-de uly toplumynyň gelip gowşandygyny ýatlatmak isleýäris. Häzirki işler şol gurallar bilen alnyp barylýar. «Täze küýzäniň suwy sowuk». Dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalarynda öndürilen oba hojalyk gurallary, meşhur matalda hem aýdylyşy ýaly, hakyt, «ýeri çepbe çöwrüp barýar». Ýagyrnysy şemallan boz toprak hem ekiş möwsümine sabyrsyzlyk bilen garaşyp, ýazylyp, ýaýnaberýär.
    Geçen ýyl welaýatda 130 müň gektar çemesi ýerde gowaça ekildi. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hem «ak altyn» üçin şonçarak ýer göz öňünde tutulýar. Häzirki wagta çenli bu ýerleriň 100 müň gektarynda şüdügär sürümi doly tamamlandy. Welaýat boýunça kuwwatly tehnikalaryň 130-a golaýy her gün 1420 gektardan gowrak meýdanda sürüm geçirýär.
    Sürüm bilen bir hatarda, ýeri tekizlemek işleri hem güýçli depginde alnyp barylýar. Çünki bereketli hasylda ýeriň eliň aýasy ýaly, tekiz bolmagynyň ähmiýeti uludyr. Welaýatda şu güne çenli 20 müň gektardan gowrak ýer tekizlenip, täze ýylyň has bereketli bolmagynyň binýady goýuldy. Ýeri gelende aýtsak, Jeýhun ýakasynda her gün 650 gektar çemesi ýerde tekizleýiş işleri geçirilýär, bu işe 60-dan gowrak tehnika gatnaşdyrylýar.
    Suwaryş akabalaryny arassalamak boýunça hem işler talabalaýyk alnyp baryldy. Ýakynda ekin meýdanlaryna barýan akabalara Amyderýanyň mele suwy goýberildi. Arassalanan we giňeldilen akabalardan ekin meýdanlaryna sary ýola düşen mele suw bereketli hasyla goşant goşýanyna begenýän ýaly, joşguny içine sygman akýar.
    Baharyň ilkinji günlerinde ýurdumyzyň beýleki sebitleri bilen bir hatarda, Lebap welaýatynda hem gowaça ekişine girişiler. Şu ýyl welaýatda ýene-de 300 müň tonna çemesi «ak altyn» ýygnamak meýilleşdirilýär.