Parahatçylygyň ak ýoly

    Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýip yglan edilen Bitaraplyk syýasaty bu günki günde uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistan oňyn bitaraplygyň esasy ýörelgelerinden ugur alyp, sebitiň we dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirilen işjeň daşary syýasaty amala aşyrýar. Halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýermek bilen, halkara giňişlikde mynasyp orun eýeleýär.
    Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda agza döwletleriň 185-siniň makullamagynda «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» hakynda Rezolýusiýa kabul edildi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Baş Assambleýanyň 69-njy mejlisinde 193 döwlet tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» Rezolýusiýasynyň ikinji gezek kabul edilmegi, dünýä döwletleriniň 47-siniň bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etmegi, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ýöredýän oňyn bitaraplyk syýasatynyň Birleşen Milletler Guramasynda doly goldaw tapandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
    Wagtyň görkezişi ýaly, bitaraplyk derejesini kabul etmek babatda Türkmenistanyň başlangyjy Milletler Bileleşiginiň doly goldawyna eýe bolup, geljege gönükdirilen dogry we öňdengörüjilikli çözgüt boldy. Geçen ýyllaryň içinde eziz Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugry diňe milli bähbitlere däl-de, eýsem, dünýä bileleşiginiň uzak möhletleýin maksatlaryna, ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge netijeli, sazlaşykly çemeleşmäniň ölçeglerine, döwletara gatnaşyklaryň binýatlyk esasy hökmünde BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine kybap gelýändigini görkezdi.
    Döwletimiz BMG-niň jogapkär, uzakmöhletli hyzmatdaşy bolup durýandygyny, öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirmäge ygrarlydygyny görkezip, Merkezi Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalaryna işjeň gatnaşýar. Şu babatda Bitarap Türkmenistan tarapyndan parahatçylyk döredijilikli uly tejribe toplanyldy. Munuň şeýledigine, hususan-da, Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň ortalarynda Täjigistanyň we Owganystanyň içerki dawalaryny syýasy taýdan çözmek boýunça gepleşikleriň geçirilmegi şaýatlyk edýär. Häzir hem bu tejribe Owganystandaky ýagdaýlary parahatçylykly çözmek, ýaragsyzlanmagyň sebitdäki işlerine ýardam bermek, suw-energetika meseleleriniň sazlaşykly çözülmegi, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, döwrüň howply wehimlerine garşy hereket etmek ýaly wajyp meselelerde örän zerurdyr.
    Mälim bolşy ýaly, 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni dünýäniň ähli ýurtlary tarapyndan bellenilýär. Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarydygyny, ynsanperwerlik syýasatynyň dünýä derejesinde ykrar edilendigini aýdyň görkezýän taryhy senedir. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda Türkmenistanyň teklibi bilen 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek barada Rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi.
    Biziň Esasy Kanunymyz bolan Konstitusiýanyň 9-njy maddasynda: «Türkmenistan dünýä bileleşiginiň doly hukukly subýekti bolup, daşary syýasatda hemişelik bitaraplyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmakdan we harby bileleşiklere hem birleşmelere gatnaşmakdan ýüz döndermek, sebitiň ýurtlary we dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etmek ýörelgelerine eýerýär.
    Türkmenistan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagyny ykrar edýär» diýip bellenilýär.
    Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar hem-de dünýäniň köp ýurtlary bilen ýola goýlan syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga we çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär.
    Geçen ýyllaryň içinde döwletiň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugry diňe milli bähbitlere däl-de, eýsem, dünýä bileleşiginiň uzak möhletleýin maksatlaryna, ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge netijeli, sazlaşykly çemeleşmäniň ölçeglerine, döwletara gatnaşyklaryň binýatlyk esasy hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň ýörelgelerine kybap gelýändigini görkezdi.
    Döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň jogapkär, uzakmöhletli hyzmatdaşy bolup durýandygyny, öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirmäge ygrarlydygyny görkezip, Merkezi Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki halkara tagallalara işjeň gatnaşýar. Türkmenistan özüniň halkara hukuk derejesine üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny iş ýüzünde durmuşa geçirýär. Bu dereje ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasyny düzýär.
    Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň uzak geljegi nazarlaýan oňyn bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar.
    Türkmeniň taryhy ýörelgelerine we milli däp-dessurlaryna gabat gelýän ýol bolan bitaraplyk derejesiniň kabul edilmegi, bir tarapdan, daşarky howplardan gorap saklasa, ikinji bir tarapdan, deňhukukly özara hormat goýujylykly, beýleki döwletleriň içerki syýasatyna gatyşmazlyk bolup durýar. Hemişelik bitaraplyk türkmeniň taryhyna müdimilik altyn harplar bilen ýazyldy hem-de halkymyzyň aýratyn bir buýsanjynyň çeşmesine öwrüldi. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda şanly derejäniň 25 ýyllyk ýubileý toýy toýlanar. Bu baýramçylyga häzirden uly taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
    Ýurdumyz goňşy döwletler hem-de dünýädäki ähli ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary saklaýar. Türkmenistanyň sebitde ýüze çykýan dawalaryň öňüni almakda we çözmekde Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde işleşmek tejribesi bar. Türkmenistan bütin dünýäde we sebit möçberinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde daşary ýurt maýasyny, tehnologiýasyny, tejribesini ýurduň ykdysadyýetine giňden çekmek arkaly beýleki ýurtlar bilen hoşniýetli, dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýýar.
    Ýaňy-ýakynda paýtagtymyzyň «Oguzkent» myhmanhanasynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda hemişelik bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli, «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatyň geçirilmegi dünýäniň syýasy giňişliginde ýurdumyzyň at-abraýynyň barha belende galýandygyny ýene bir ýola açyk-aýdyň görkezdi. Maslahatda edilen çykyşlarda türkmen bitaraplygynyň sebit howpsuzlygynyň möhüm şerti bolup durýandygy, dünýä ýurtlarynyň arasyndaky parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde wajyp orun eýeleýändigi aýratyn bellenip geçildi.
    2020-nji ýylyň şygary milli Liderimiz tarapyndan öňe sürülýän ählumumy başlangyçlar bilen utgaşmak bilen, halkyň hoşmeýilli garaýyşlaryndan, ynsanperwerlikli ruhy ýol-ýörelgelerinden gönezlik alýar.
    Birleşen Milletler Guramasynyň uzak geljege gönügen maksatlaryna, dünýä döwletleriniň we halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän türkmen bitaraplygynyň ähmiýetiniň barha ýokarlanmagy, ýurduň at-abraýynyň günsaýyn artmagy, Türkmenistanyň ýöredýän hoşniýetli daşary syýasatynyň aýdyň netijesidir.