Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

    T.A.ATAÝEW hakynda
    Toýly Amanmuhammedowiç Ataýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Berlin şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Polşa Respublikasyndaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi we Türkmenistanyň Daniýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatmaly. 
    T.A.ATAÝEW hakynda
    Toýly Amanmuhammedowiç Ataýewi Türkmenistanyň Ukrainadaky (Kiýew şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli. 
    B.REJEPOW hakynda
    Berdimurat Rejepowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky (Rim şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Ysraýyl Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Ispaniýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Gresiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi we Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň ýanynda Türkmenistanyň Hemişelik wekili wezipelerinden boşatmaly. 
    B.REJEPOW hakynda
    Berdimurat Rejepowy Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Berlin şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli. 
    T.B.KÖMEKOW hakynda
    Toýly Babaýewiç Kömekowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky (Nur-Sultan şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesinden boşatmaly. 
    T.B.KÖMEKOW hakynda
    Toýly Babaýewiç Kömekowy Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky (Rim şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli. 
                                                Türkmenistanyň Prezidenti 
                                                Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. 

                                        Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 20-nji ýanwary.