Daýahatyn dikeldilýär

    Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli mirasymyza aýratyn sarpa goýlup, taryhy-arheologiýa ýadygärliklerimizi dikeltmäge uly üns berilýär. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň çäginde ýerleşýän Daýahatyn kerwensaraýyny dikeltmek işleri «Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilçisiniň medeni mirasy gorap saklamak boýunça gaznasy» atly ýörite maksatnama esasynda alnyp barylýar.
    Maksatnama laýyklykda, Daýahatyn kerwensaraýyny dikeltmek we rejelemek işlerini üç tapgyrda geçirmek meýilleşdirildi. Onuň birinji tapgyry tamamlanyp, ikinji tapgyryna badalga berildi. Bu tapgyrda kerwensaraýda bitirilen işler has-da uly boldy. Dürli ölçegdäki kerpiçleriň 20 müňden gowragy örüldi. Galyňlygy 6 santimetr bolup, ini-boýy 28 santimetr bolan kerpiçler kerwensaraýyň esasy diwarlaryna goýuldy. Onuň nagyşly, haşamlanyp bejerilen ýerlerine bolsa 12x28 we 18x28 santimetr ölçegdäki kerpiçler ulanyldy. Şol kerpiçleriň ýüzünde «guşdyrnak», «kömelek» nagyşlary ýörite oýulyp, çapylyp ýasalmak bilen, olar öz degişli ýerlerine ýerleşdirildi. Romb görnüşli nagyşlar hem daşlardan kesilip taýýarlanyldy. Netijede, XI — XII asyrlaryň arhitektura ýadygärliklerini bezän nagyşlar bu kerwensaraýyň diwarlaryna hem ýaraşyk berdi.
    Öz döwründe Merwde bişirilen inedördül kerpiçlerden gurlan bu kerwensaraýyň dikeldiş we rejeleýiş işleri geçirilende, köplenç, ýene-de öz kerpiçleri ulanylypdyr. Bu ýerde işlän ussa Rahmanguly Ýazhanowyň aýtmagyna görä, ol kerpiçleriň berkligi sähelçe-de peselmändir. Gaýtam, asyrlaryň synagyndan geçip, taplanyp berkäpdir. Göräýmäge, onçakly uly bolmasa-da, bu kerwensaraýda uzak ýoldan gelýän kerwen üçin zerur bolan ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Onuň dört tarapy-da deň ölçegli, ýagny 53x53 inedördül metr ölçegde gurlup, içinde ululy-kiçili jaýlaryň 23-si täjirleriň ygtyýaryna berlipdir. Bu kerwensaraýdan 50 metr uzaklykda onuň daş-töwereginden belent haýatyň aýlanmagy kerwensaraýyň berk goralandygyny görkezýär. Sebäbi täjirler howluda düýeleriň ýüküni ýazdyryp, dem-dynç almaklary üçin düýeleri bu kerwensaraýyň daşyndan aýlanan belent diwaryň düýbündäki gazyklara baglapdyrlar. Hyzmatkärler bolsa olaryň otuna, suwuna seredipdirler. 
    Daýahatyn kerwensaraýyna meňzeş taryhy ýadygärlikleriň ýene-de ikisi saklanyp galypdyr. Olaryň biri Özbegistanda, beýlekisi bolsa Eýranda ýerleşýär. Biziň ýurdumyzda bu gadymy taryhy desganyň ýykylan ýerlerini dikeltmek bilen ony başky durkuna getirmek barada edilýän aladalar guwandyryjydyr. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky milli müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan «ABŞ-nyň ilçisiniň medeni mirasy gorap saklamak boýunça gaznasy» atly maksatnama esasynda bu gadymy desgada rejeleýiş we dikeldiş işleriniň ikinji tapgyry-da üstünlikli geçirildi. Indi bolsa onuň tamamlaýjy üçünji tapgyryna taýýarlyk görülýär.
    — Bu ýadygärlikde geçiren işlerimizi, ören kerpiçlerimizi, dikelden ýerlerimizi ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen bile gelen wekiller, arhitektorlar, taryhçylar hemmetaraplaýyn öwrendiler. Olar biziň ussalarymyzyň kerwensaraýyň üstüne ýygnanýan ýagyş we gar suwlarynyň akmagy üçin 30x30 santimetr inedördül kerpiçleri ulanmak bilen ýasan suw akabamyza ýokary baha berdiler. Kerwensaraýyň üstüne çykylýan aýlawly basgançagy biz öz hünärmenlerimiziň teklibi boýunça dikeltdik — diýip, Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky milli müdirligiň hünärmeni Gadam Hudaýberdiýew aýdýar.
    Daýahatyn kerwensaraýynda şu ýyl dikeldiş we rejeleýiş işleriniň iň soňky üçünji tapgyryna başlamak meýilleşdirilýär. Bu tapgyrda ýerine ýetirilmeli işleriň eýýäm ýörite meýilnamasy taýýarlanyldy. Daýahatyn barada il içinde saklanyp galan rowaýatlaryň ählisinde hem türkmen zenanlaryna mahsus wepadarlyk, sabyrlylyk bar. Kyn günde hem ejizlemän, baş alyp çykyp, öz mertebesini gorap bilýän, iline-ýurduna wepaly zenanlaryň hormaty hemişe belent tutulypdyr. Hut şonuň üçin-de, Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň zehinli režissýory Perhat Hudaýberenowyň sahnalaşdyran «Daýahatyn» spektakly tomaşaçylaryň iň söýgüli sahna eserine öwrüldi. Ýeri gelende aýtsak, 2018-nji ýylyň tomsunda paýtagtymyzda geçirilen «Ýüpek ýoly — ýürek ýoly» atly teatr festiwalynda bu spektakl «Iň gowy režissura işi» diýen ýörite baýraga hem mynasyp boldy. Bu spektakla Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günlerinde täjik tomaşaçylary-da ýokary baha berdiler. Lebaply nakgaşlar Aýnabat Nökerowa, Hemra Allaşükürow, Dinara Ramazanowa dagy bolsa Daýahatyn kerwensaraýyna bagyşlap nakgaşlyk we gobelen eserlerini döretdiler. Mahlasy, bir söz bilen aýdanymyzda, Daýahatyn zenan wepadarlygynyň hakyky nusgasyna öwrüldi.
    Geçen asyryň ortalaryna bu ýadygärlikde gözleg, ylmy-barlag işlerini geçiren alym zenanlar Anna Pributkowanyň, Galina Pugaçenkowanyň ylmy seljermelerinde hem Daýahatyn barada birnäçe maglumatlar berlipdir. Geljekde bu ýadygärlik bilen baglanyşykly ähli maglumatlary umumylaşdyryp, ony dikeltmek we rejelemek işleriniň üçünji tapgyry tamamlanandan soňra, Daýahatyn kerwensaraýyny 
    ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna hödürlemek göz öňünde tutulýar.