Baky bagtyýarlygyň mekany

    Ählihalk ynamy esasynda Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutanlygyna saýlanylanyna 13 ýyla golaý wagt boldy. Şondan bäri geçen bary-ýogy bir müçeden gowrak döwür, taryh üçin uly pursat bolmasa-da, köp zady dünýä äşgär etdi. Halkymyz «Aý dogsa, Älem görer» diýip hak aýdýar. Jeýhun bilen Bahry-Hazaryň arasyndaky ymgyr sährany tutup duran türkmeniň bu gadym ýurdy dünýäde ykrar edilen milli Lideriniň beýik tutumlary netijesinde, halkara bileleşikde deňli-derejeli, arzylanýan, sözi diňlenilýän döwlete öwrüldi. Dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ilkinji gezek ykrar edilen hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Baştutanynyň parahatçylygy döretmek sungaty dünýä ýaň saldy. Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamy, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri — bular hormatly Prezidentimiziň adyl döwlet dolandyryşynyň biri-biri bilen sepleşýän döwürleri.
    Bir pikire turuwbaşdan aýratyn ähmiýet bermekçi bolýarys. Taryhyň emri bilen, öz halkyna Baştutan bolmak ýazgydy berlen milli Liderlere öz halkyny öňe alyp gitmek üçin has uzaklary nazarlaýan strategik maksatnamalary işläp düzmek adaty kada. Ine, şol maksatnamalary amala aşyrmak üçin amal edilmeli ýyllyk, aýlyk, gündelik işleriň hem meýilnamasy bolmaly. Syýasy dilde aýtmaly bolsa, Lider öz strategiýasyny amala aşyrmak üçin zerur bolan taktikany saýlap alýar. Hormatly Prezidentimiz özüniň uly, düýpli strategik maksatnamalaryny durmuşa geçirmek üçin döwrümiziň öňe çykaran has möhüm meselelerine aýratyn üns bermek maksady bilen, her bir ýyla aýratyn at bermek tejribesini durmuşa ornaşdyrdy. 
    2015-nji ýyl — «Bitaraplyk we parahatçylyk» ýyly;
    2016-njy ýyl — «Mirasa sarpa goýmak we Watany özgertmek» ýyly;
    2017-nji ýyl — «Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly»;
    2018-nji ýyl — «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýyly;
    2019-njy ýyl — «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly.
    Bularyň ählisi biri-biri bilen sepleşip, hormatly Prezidentimiziň uly tutumlarynyň bir zynjyra düzülen ajaýyp halkalarydyr. Olaryň ählisi halkymyzy öz Lideriniň töwereginde mäkäm jebisleşdirdi, belent maksatlara aýdyň düşünen jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň arasynda ählihalk ruhy galkynmany döretdi, ahyrky netijede, ilimize agzybirlik, raýatlarymyza rysgal-döwlet, döwletimize şöhrat-şan getirdi.
    Garşylananyna sähelçe wagt geçen, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýip atlandyrylan 2020-nji ýyl öz adyna muwapyk ýagdaýda başlandy. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 14-nji ýanwarda «Oguzkent» myhmanhanasynda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan tutumly işlere badalga berdi. Hawa, 2020-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany kabul edenine 25 ýyl dolýar. Bu abraýly halkara gurama tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň, tutuş halkymyzyň beýik gymmatlygydyr. Parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy we ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr. Agzalan maslahatda eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz ýene-de bir gezek türkmen Bitaraplygynyň taryhy köklerine, bu taglymatyň çärýek asyrlyk tejribesine, ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri hökmünde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde onuň mümkinçiliklerine baha berdi. Halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda guralan bu möhüm çäre şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly ýokary derejeli halkara maslahata taýýarlyk görmegiň badalga alyş nokady, ugur görkeziji çelgisi boldy.
    2020-nji ýyl Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şan-şöhratynyň gaýtadan dünýä doljak, ýurdumyzyň halkara abraýynyň mundan beýläk-de berkejek ýyly bolar. Hormatly Prezidentimiziň daşary syýasatynyň düýp özeninde, binýadynda türkmen bitaraplygy dur. Taryhda dünýäniň dürli künjüne göç edip, ol ýerlerde döwlet guran ata-babalarymyza hem mahsus bu ýörelgäni häzirki günde Türkmenistan dünýä nusgalyk taglymat derejesine ýetirdi. Milli Liderimiziň sözleri bilen aýtsak, Bitaraplyk — bu biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary bagtyýarlyga çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. 
    Bitaraplygyny gazanmak bilen, Türkmenistan halkara gatnaşyklarda, dünýä bileleşiginde öz mynasyp ornuny tapdy. Bitaraplyk derejesi daşary syýasy tarapdan döwletiň parahatçylyk dörediji, halkara söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň işjeň merkezine öwrülmegine ygtybarly esas bolup durýar. Bu hukuk derejesiniň ykdysady ölçegleri dünýä söwda-ykdysady ulgamyna ynamly goşulyşmaga ýardam edýär. Sebäbi «Söwda kerweniniň jaňjagazlarynyň sesi gylyçlaryň sesinden çasly çykýar we duşmançylygyň hem-de urşuň öňüni alýar» diýlip, Gündogarda ýöne ýere aýdylmaýar. Biz türkmen bitaraplygynyň miwelerini her bir ädimde görýäris. Tejen — Sarahs — Maşat demir ýoly, Eýrana geçirilen gaz geçirijiniň iki ugry, Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisi, «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesiniň möhüm şahasy bolan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly — bularyň ählisi bitaraplygyň türkmen nusgasynyň datly miweleri. Türkmeniň öz bagtyýarlygyndan, rowaçlygyndan bir parçany, ýürek mährini özgeler bilen hoşniýetli paýlaşýandygynyň subutnamalary.
    2020-nji ýyl milli Liderimiziň ýurdumyzyň, sebitimiziň we bütin dünýäniň halklarynyň abadançylygyna gönükdirilen halkara derejedäki teklipleriniň we oňyn başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldaw tapýan hem-de ykrar edilýän ýyly bolar. 
    2020-nji ýyl halkara hukuk derejämiziň ýurdumyzyň, sebitimiziň we bütin dünýäniň halklarynyň abadançylygyna gönükdirilen halkara derejedäki teklipleriniň we konstruktiw başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldaw tapýan hem-de ykrar edilýän ýyly bolar. 
    2020-nji ýyl halkara hukuk derejämiziň ýurdumyzy dünýä syýasatyndan asla üzňeleşdirmeýändigini, gaýtam, üçünji müňýyllygyň ählumumy meselelerini çözmäge Türkmenistanyň öz sesini, goşandyny örän işjeň goşýandygyny subut edýän ýyl bolar. 
    2020-nji ýyl hormatly Prezidentimiziň «Ösüş arkaly parahatçylyk» şygary astynda halkara gatnaşyklaryň tejribesine Türkmenistanyň nobatdaky täze tekliplerini, kesgitli taslamalaryny, anyk işlerini goşjak ýyly bolar. 
    2020-nji ýyl Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça energetika, ulag, suw, ekologiýa, sport, medeni diplomatiýasynyň dabaralanjak ýyly bolar. 
    Bitaraplyk biziň her birimiziň gündelik durmuşymyza ornan bagtyýarlygy üpjün edýän hakykatdyr. Ol biziň ýüzümiziň tuwagy saýylýan döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň ähli agza döwletleri tarapyndan iki gezek biragyzdan ykrar edilen halkara hukuk ýagdaýydyr. Bu her döwlete ýetdirýän bagt däl. Şonuň üçin hukuk derejesiniň gadyryny bilmek, ony gözümiziň göreji deýin goramak, döwletimiziň abraý-mertebesine öz goşandymyzy goşmak, milli Liderimiziň töweregine has-da jebisleşmek her birimiziň raýatlyk borjumyzdyr.