«Daşoguzda» dynç almagyň höziri

    Şu günler ýurdumyzyň oba hojalykçylaryna we beýleki raýatlaryna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýeňillikli şertlerde dynç almaga mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň edara-kärhanalarydyr jemgyýetçilik guramalarynyň ýörite ýollanmalary bilen Awazada dynç alýan ildeşlerimiz göreldeli zähmetiniň hözirini görýärler. 
    Dowam edýän gyş paslynyň sapaly hem şypaly günlerini Hazaryň kenarynda geçirmegiň aýratyn lezzeti bar. Şu günler bu ýerde — gözel Awazada dynç alýanlaryň sanynyň barha artýandygy hem muny tassyklaýar. Hazar merjeniniň iň bir gelim-gidimli, köp adamly ýerleriniň biri hem «Daşoguz» sagaldyş we dynç alyş merkezidir. Bu merkeze gelip, ýurdumyzda myhmanhana işewürligi, syýahatçylara we dynç alýanlara hyzmat etmegiň medeniýeti boýunça hünärmenleriň uly tejribe toplandygyna göz ýetirýärsiň. Elbetde, bu ugurdaky üstünligiň syry hem şeýle mähir-mylakatly, üns-aladaly hem-de ýokary derejeli hyzmatyň hilinde. «Daşoguzda» sizi öz işine ussat hünärmenler güler ýüz bilen garşy alarlar. Olar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň müşderileriniň gije-gündiz hyzmatynda.
    Merkeziň bezeginde, onuň otaglarynyň gurluşynda, gözelliginde gözüň eglenýär. Güller, baglar, deňziň sapaly howasy, tolkunlaryň owazy hemişe özüne çekýär. Şonuň üçin hem dynç alýanlaryň aglabasy öňem bu ýerde bolup, hyzmatlaryň ýokary hilinden göwni hoş bolan adamlardyr. 
    Bu merkez ulular üçin iki ýüz orunlyk, çagalar üçin ýüz orunlyk, iki binadan ybarat. Olarda diňe bir dynç almak däl, eýsem, saglygyňy berkitmäge-de ähli mümkinçilikler döredilen. Munuň üçin ýörite sagaldyş-berkidiş bölümi bar. Fitnes zaly, hammam, suw howzy merkeze gelýänleriň hyzmatynda. Bulardan başgada, saglygy berkitmek üçin owkalama hyzmatyna uly ähmiýet berilýär. Onuň ýakymly ysly owkalama, umumy owkalama, ýörite daşly owkalama ýaly birnäçe görnüşleri bar. 
    Müşderiler wannanyň hem ähli görnüşlerine uly isleg bildirýärler. Ýodbromly, derman ösümlikleri garylan, suw-massaž, duz gerdejikli wannalar adam saglygy üçin diýseň peýdalydyr. Palçyk bilen em etmegiň hem aýak palçygy, bil palçygy, boýun ýapgysy, Mollagaranyň palçygy ýaly görnüşleri bar. Olar müň bir derdiň dermany. Jakuzi, türk, rus, fin hammamlary-da müşderileriň hyzmatynda. 
    Merkezde dynç alýanlara üç wagtyna nahar berilýär. Olar hem sagdyn iýmitlenmegiň ýörelgelerine laýyklykda taýýarlanylyp, beýleki melhemleriň üstüni ýetirýär. Bu ýerde ýeňil hem tiz özleşýän, ýokumly tagamlar bişirilýär. Tagamlaryň deňziň howasy, alynýan emler bilen utgaşmagy göz öňünde tutulýar. Aýratyn-da, çagalar iýmiti gündelik üns merkezinde durýar. Bu ýerde, esasan, Daşoguz welaýatyndan gelýän çagalar dynç alyş möwsümlerinde saglygyny berkidýärler. 1-nji oktýabrdan başlap, tomus möwsümine çenli merkezde bolmagyň nyrhy 20 göterim aşakladylýar. Bu bolsa gyş paslynda-da müşderileriň ýetik bolmagyna mümkinçilik berýär. 
    «Daşoguz» sagaldyş we dynç alyş merkezine dynç alşa ugradylan göreldeli oba hojalykçylardan, Gubadag etrabyndan Bazar Sarytaýew, Köneürgenç şäherinden Rahmanberdi Taganbaýew, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndan Myrat Tuwakmädow dagy bilen söhbetdeş bolanymyzda, olar bu ýere yzygiderli gelýändiklerini, her gezek hyzmatlaryň hiliniň öňküden-de has gowulanýandygyny gürrüň berdiler. Olaryň aýtmagyna görä, müşderileriň dynç alyş meýilnamasyna dürli gyzykly çäreler, dabaralar hem goşulýar. 
    — Bu ýerde degna ulgamyň has-da rahatlanýar. Lukmanlar muny deňiz howasynda we suwunda adama zerur mikroelemetleriň köplügi, Awazanyň galkan görnüşli mäziň saglygy üçin zerur bolan ýoda baýlygy, onuň bolsa ähli beden agzalarynyň işleýşine, merkezi nerw ulgamynyň ýagdaýyna uly täsir edýändigi bilen düşündirýärler. Kiçi ýaşly çagalara günde 90 mikrogram ýod gerek bolsa, uly adamlar üçin onuň zerurlygy 150 — 200 mikrograma ýetýär. Hazaryň türkmen kenary ähli dertleriň dermany — diýip, sagaldyş we dynç alyş merkeziniň hünärmeni Läle Garajaýewa gürrüň berýär.
    Bagtyýar çagalaryň gülküsi Awazanyň gyş gözelligine bezeg berýär. Ýakynda Daşoguz welaýatyndan gelen mekdep okuwçylary hem bu ýerde gyşky dynç alşyny şatlyk-şowhunly geçirdiler. Çagalar üçin niýetlenen binada olaryň wagtlaryny gyzykly hem-de netijeli geçirmekleri üçin ähli amatlyklar bar. Olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmaklary üçin oýun meýdançalary, sport enjamlary, dürli güýmenjeler, okalga zaly göz öňünde tutulypdyr. Merkeziň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Ogulşirin Muhadowa ýörite awtobuslar bilen çagalar üçin Awazanyň beýleki gözel ýerlerine, oýun meýdançalaryna, seýilgählerine hem gezelençleriň guralýandygyny gürrüň berýär. Diňe çagalar däl, «Gyzylsuw» adasyna, beýleki täsin künjeklere gitjekler üçin hem awtobus hyzmatlary ýola goýlupdyr. 
    Bu merkeziň bagy-bossanlygynyň içi bilen seýil edip, gerek ýeriňe basym baryp bolýar. Gyş paslynda has-da möwçli görünýän deňiz kenary, akwapark, syýahat we sport klublary, restoranlar, dürli görnüşli attraksionlar we söwda merkezi hem onuň golaýynda ýerleşýär.
    «Işleseň, il tanar» diýlişi ýaly, bu gün işgärleriň tagallasy bilen merkeziň ady ildeşlerimize-de, daşary ýurtlardan gelýänlere-de belli. Sebäbi ol ýurdumyzda geçirilýän halkara forumlara-da işjeň gatnaşyp, öz «ýüzüni» görkezmegi başarýar. Ýeri gelende bellesek, 2019-njy ýylyň 9-10-njy oktýabrynda geçirilen «Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara syýahatçylyk serginiň we maslahatyň çäginde guralan bäsleşikde «Daşoguz» sagaldyş we dynç alyş merkezi 1-nji orna mynasyp boldy hem-de ýörite Diplom bilen sylaglandy. Bu bäsleşikde işiň umumy guralyşyndan başlap, gazanylan ähli netijeler, müşderilere berilýän naharlara çenli dürli görkezijiler göz öňünde tutulýar. 
    — Awaza depginli ösýän syýahatçylyk, sagaldyş merkezine öwrüldi. Biz onuň keşbinde ýurdumyzda adam hakda aladanyň näderejede uludygyny görýäris. Syýahatçylyk bazarynda bize öz ornumyzy tapmaga, ildeşlerimize we daşary ýurtly myhmanlara ýokary derejede hyzmat etmäge ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň parahatçylygyň, ynsanperwerligiň, dost-doganlygyň ýurdy bolan eziz Diýarymyz üçin has-da rowaç ýyllaryň biri bolmagyny arzuw edýäris — diýip, Daşoguz welaýat häkimligine degişli bolan «Daşoguz» sagaldyş we dynç alyş merkeziniň ýolbaşçysy Pälwan Ataýew ýürek buýsanjyny paýlaşdy. Biz hem merkeziň işinde ýeneki üstünlikleri, gyzgalaňly dowam edýän gyşky dynç alyş möwsümini hem guwandyryjy netijeler bilen jemlemeklerini arzuw edýäris.