Ak öýleriň bezegi

    «Edenine el ýetmez, dokanyndan suw ötmez» diýdiren türkmen maşgalasy işikden gözenege çenli türkmen ak öýüniň içini öz el hünäri bilen bezäpdir. Ak öýüň içi türkmen gelin-gyzlarynyň senetçilikden sungat derejesine ýetiren haly we haly önümlerinden düzülen bir gözellik giňişligidir. Şol giňişligi düzýän halylar we haly önümleri müňýyllyklaryň dowamynda özüni nepis sungat, gaýtalanmaz gözellik hökmünde ykrar etdirip, halkyň ruhy dünýäsinde, gündelik durmuşynda uly orun eýeläp gelýär. Ak öýler: 
    — Türkmenleriň ak üzükli şäheri, 
    Ýada salar elwan gülli bahary — 
    diýip, mysaly ak şähere hem-de bahar paslyna meňzedilipdir. Çuwal, horjun, torba, gurama sallançakdyr ikselik, ümürdumandyr öý ýüpleri türkmen öýüni gözellik öwüşginine besleýär. Halkymyzda şeýle bir söz bar: «Akmak boýuny bezär, akylly öýüni» Bu bir ýöne aýdylan söz bolman, eýsem, türkmen halkynyň öz öýüne goýan belent sarpasyny aňladyp, terbiýeçilik taýdan uly ähmiýete eýedir.
    Haly önümleri dokalyş hem-de nagyş aýratynlyklaryna eýedir. Gadymy türkmen öýüniň gapysynyň haly tutusyny — eňsini muňa mysal görkezmek bolar. Eňsiler seleňläp oturan türkmen ak öýüniň gelşigi bolup, aňyrdan geleniňde, hakykatdan-da, çäksiz söýgi, mähir bilen garşy alýar. Onuň düşeginde gyzyl reňk agdyklyk edýär. Ol mylaýymlygyň, mähirliligiň nyşanydyr. Eňsi öýüň gapysyna daş ýüzünden tutulýan dürli nagyşlar salnyp, çitimli dokalýan haly önümidir. Ol ojakbaşy ululygynda dokalyp, aşak tarapy seçeklenýär. Ýüzüne salynýan nagyş düşek halylaryňkydan tapawutlanýar. Gölüň ortasyna «guşly göl», arasyna we gyrasyna «böwrek», «güjük yzy», «ak suw», «ýaşyl suw» ýaly nagyşlar salynýar. Gyranagşyna «byçgy», «saýnak», älemine «gürgül» diýen nagyşlar salynýar. Ol ýokarky we aşaky bölekleriniň aýdyň kompozisiýa (taslama) gurluşy bolan kiçeňräk gönüburçly halydyr. Onuň aşaky nagyşly zolagy, adatça, ýokarkydan inlidir. Pendi eňsileri, aýratyn-da, dürli-dürlüdir. Eňsi hemişe merkezleşdirilen taslama boýunça dokalýar. Eňsi haly önüminde nagyşlaryň taslamasy onuň merkezine bagly bolýar. Onda hiç haçan göl nagyşlaryna duşmarsyň. Olar duşaýanda-da, ýönekeýleşdirilen (stilleşdirilen) görnüşde bolýar. Merkezleşdirilen taslama boýunça dokalýan eňsiler tekelerde, ýomutlarda, saryklarda, çowdurlarda hem-de ärsarylarda duş gelýär. Ýöne ärsarylaryň «edresi» nagyşly eňsilerinde nagyşlaryň taslamasy halynyň merkezindäki nagyşlara keseleýin ýerleşýär. Beýleki eňsilerde haly önüminiň nagyşlary gönüburç taslama esaslanýar. Ärsarylaryň «pir pudak» nagyşly eňsisinde gönüburç taslama düzülýär. Teke eňsileriniň ählisinde halynyň diňe ýokarky böleginde türkmen öýüni ýa-da kejebäni aňladýan nagyş ýa-da nyşan bardyr. Şol nyşanyň aşagynda hökman «ж» görnüşli nagyşlaryň taslamasy bardyr. Edil şonuň ýaly nagyş ärsarylaryň ýere düşelýän halylarynyň göllerinde gabat gelýär. Eňsiniň merkezindäki gönüburç taslamasy dürli nagyşlardan düzülýär. Nagyşlar öz zolagy boýunça kese we dik görnüşdedir. Türkmen eňsilerinde, köplenç, goçak nagyşlar salynýar. Bir eňsiniň nagşynyň içinde birnäçe görnüşli goçaklar ýerleşýär. «Sekiz goçak» nagyşly eňside ak goçaklar eňsiniň çarçuwasy hökmünde ulanylýar. Gara we goňur goçaklar halynyň merkezinde uly we kiçi görnüşde görkezilýär. Merkezde ýerleşýän goçak nagyşlarynyň setirlerini «egremçe» nagşy gurşaýar. Bu nagyş eňside iki görnüşde dokalypdyr. Uly «egremçe» köplenç, gara we goňur reňklerde, kiçi görnüşli «egremçe» ak we gyzyl reňklerde dokalypdyr. «Egremçe» nagşynyň arasynda hökman merkezi nagyş gaýtalanyp, «h» harpyna meňzeş nyşanlar goýulýar. Eňsiniň aşaky böleginde üç setirden ybarat nagyşlar dokalypdyr. Birinji setirde gara, mele we ak reňkli nagyşlar, ikinji setirde alty sany açylyp duran güle meňzeş geometrik şekilli nagyş ýerleşýär. Bu nagyşlaryň Oguz hanyň alty oglunyň nyşanlary hökmünde ulanylan bolmagy hem mümkin. Olar alty sany şahaly agajyň keşbini-de ýada salýar. Sebäbi türkmenleriň gadymy dini ynanjyna görä, esasan hem, dagdan agajy ynsan ömrüne deňelipdir. Onuň sebäbi dagdanyň berkligi bilen baglanyşyklydyr. 
    Ussat zenanlarymyz haly sungatynda öz ýaşan tebigatyny ezberlik bilen janlandyrypdyr. Hut şu ýagdaý hem türkmen halysynyň özge bir halkyňka meňzemeýän, mizemez syrly sungat eseridigini ýene bir ýola äşgär edýär. Bu hakda hormatly Prezidentimiziň «Arşyň nepisligi» atly kitabynda: «Türkmen zenany öz ýaşaýan tebigatyny köňül dünýäsine öwrüp, hala çitýär» diýip aýdanlary hem haly sungatynda tebigat bilen ynsanyň arasyndaky beýik birligi alamatlandyrýar. Halylar we haly önümlerimiz toý-baýramlarda guralýan ak öýleriň bezegi bolup durýar. Bu bolsa milli mirasymyzyň nesilden-nesle geçýän öçmez-ýitmez sungat eseridiginiň aýdyň subutnamasydyr.