GÖK TOLKUNLARYŇ GÜLGÜNE REŇKI

    BEÝLE TÄSINLIGI HAZAR DEŇZINDE SYNLAP BOLÝAR
    Biz deňziň içine ir säher bilen şaýlandyk. Gün zireleri Uly Balkanyň gerşinden jyklanda, biz eýýäm Türkmenbaşy şäherindäki Ruhyýet köşgüniň gapdaljygyndaky daşlaç ýalpaklykdan «Ýamaka» diýlip atlandyrylýan ýeňil ýapon gaýygyna münüpdik. Deňiz parahatdy. Çal tolkunlar bir-biri bilen oýun edişse-de, möwjejek bolup duranokdy. Ilki barmaly ýerimiz emeli adady. Gyşyň örküji bolsa-da, biziň bagtymyza howa ýumşaksydy, içiňden geçip barýan ýel ýokdy. Men aňyrsy gözýetim bilen gujaklaşýan gök tolkunlary synlap barşyma kärdeşim, «Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory Kakamyrat Rejebowa ýüzlendim: 
    ― Gujagyna düşeňde goja Hazar özi hakda bilýän zatlaryňy gaýtalap soraýjaga meňzeýär gerek göwnüňe? 
    Şahyr ýürek ýigit kalbyndakyny şagladyp goýberdi: 
    ― Deňiz «gözüňiz düşýän gözelligim hakda täze goşgymy ýa hekaýa ýazyň!» diýýämi diýsene! 
    Düňderilen gazana çalym edýän gök asman bilen gujaklaşýana meňzeş gök deňiz hakdaky pikirler bolsa eýýäm kellede köwsarlaýardy. 
    Goja Hazar! Aziýa bilen Ýewropany birleşdirip duran äpet suw giňişligi. 
    Hazar deňziniň häzirki tutýan meýdany 372 müň inedördül kilometrdir. Demirgazykdan günorta uzynlygy 1300 kilometre deň bolup, ininiň iň gysga ýeri 200 kilometr, iň giň ýeri bolsa 800 kilometrdir. 
    Dünýä ummany bilen birleşmeýän Hazar deňzine 130 derýa öz suwuny guýýar. Dünýäniň iň uly, iň uzyn derýalarynyň biri bolan Wolga, şeýle hem Ural, Sulak, Samur, Kura, Terek, Emba, Etrek derýalary gelip Hazara akýar. 
    Hazaryň suwy duzly bolup, Wolganyň guýýan ýerinde litrinde 0,05 %-e, günorta-gündogar kenarynda 11-13%-e ýetýär. 
    Deňziň suwunyň derejesi üýtgäp durýar, häzirki maglumata görä, deňiz derejesinden 27,16 metr aşakdadyr. 
    Hazar deňziniň iň çuň ýeri 1025 metrdir. 
    Bu deňiz dürli döwürlerde, dürli taryhy eýýamlarda, dürli halklar tarapyndan Girkan, Hawalin, Jürjan, Abeskun, Hazar, Sihaý, Kaspi diýlip atlandyrylypdyr. 
    Türkmen halkynyň goja Hazara tagzymy bolsa juda aňyrdan hem diýseň mukaddesdir. Hazar kenarynda dörän gazallary, küştdepdileri, hüwdüdir läleleri diňleseň, dürli eýýamlarda dörän urp-adatlary, edim-gylymlary synlasaň, gulak goýsaň, çarlak guşuň owazy bilen çal tolkunlaryň sazlaşygy mukam bolup kalba ornar baryberer... 
    «Ýamaka» ezberlik bilen erk edip barýan uzynakdan hortap, diýseň üşükli hem ünsli gämiçi yza çalaja gaňryldy. Biz eýýäm tanşyp ýetişipdik. Ol Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň gorag bölüminiň ýolbaşçysy Ýakup Aşyrowdy. Diýseň çulum hereketli, soragyňy änik-şänik edip berýän bu hünärmeniň Türkmen oba hojalyk institutyny çärýek asyrdan ozalrak tamamlap, şondan bärem öz aýdyşy ýaly, «deňiz suwuny owurtlap» ýöreninem bilip ýetişipdik. 
    ― Bilýänsiňiz-le, Hazar fiziki-geografik taýdan 3 bölege ― Demirgazyk Hazar, Orta Hazar we Günorta Hazara bölünýär. Bu deňziň kenarlary umumylykda alanyňda 6500-6700 kilometre, içindäki adalary bilen bilelikde bolsa 7000 kilometre uzalyp gidýär... 
    Badyny azajyk peselden gaýygyň sesinden Ýakubyň sesi çasly çykdy: 
    ― Siz wagt tapyp, aprel aýynyň ahyrlarynda bir gelseňiz, Ogurjala äkiderdik. Adada keýikleriň köpelýän wagty şol döwür. Görseňiz, walla, kitap bolmasa-da, bir poema-ha ýazardyňyz... 
    Söhbediň dowamy emeli ada aýak basanymyzda hem dowam etdi: 
    ― Hazar deňziniň çäginde umumy meýdany 350 inedördül kilometri tutýan 50-ä golaý uly-kiçi adalar bar. Olaryň has ululary Aşyrada, Garasuw, Gum, Daş, Zýanbil, Sengi-Mugan, Ogurjaly, Gygyl adalarydyr. 
    Hazar deňzinde Agrahan aýlagy, Gyzylýar aýlagy, Kaýdak aýlagy, Gazak aýlagy, Türkmenbaşy, ýagny öňki Krasnowodsk aýlagy, Türkmen aýlagy, Esenguly, Enzeli, Girkan, Garabogaz aýlaglary has ulularydyr. 
    Hazar deňziniň suwlary Türkmenistanyň çäginde 600 kilometre uzalyp, kenarýakasynyň uzynlygy bolsa 1200 kilometrdir... 
    Biz bolsa Hazarda sanly wagt mundan ozal dörän ýene bir täsinligiň depesine ― emeli ada dyrmaşyp barýardyk. 
    Beýleki gaýykda eýýäm bu ýere gelen ylmy işgärler toprakdyr ösümlikleriň gyşky aýratynlyklaryny bilmäge howlugýardylar. Şolaryň biri S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetini geçen ýyl tamamlan Mähri Garryýewanyň eýýäm anyklyk hem ýetiklik bilen berýän gürrüňleri gulaga degenden özüne dartyp barýardy: 
    ― Hazaryň suwunda hem-de kenarynda millionlarça ýyllaryň dowamynda dörän täsinlikdir gözellikler, aýdylyşy ýaly, söze sygmaýan derejededir. Bu deňziň faunasy we florasy, şeýle-de tebigy taýdan täsin beýleki özboluşlyklary haýran galdyryjydyr. 
    Ylmy maglumatlara görä, Hazaryň haýwanat dünýäsi 1809 görnüşli bolup, şolaryň 415 sanysy oňurgaly jandarlardyr. Deňziň suwunda balyklaryň jemi 101 görnüşi hasaba alnan. Has takygy, onuň 10 kilogram suwuna 1 kilogram balyk düşýär. Ylaýta-da, çapak, takgaz, kepir, töp, çontaly, oňa ylmy dilde kefal hem diýilýär, şeýle-de çüýbalyk, garabalyk, okun, zagara balyk, kilke, ýagny külke balyklar has köpdür. Iň esasam, «gyzyl balyk» adyny alan bekräniň dünýä gorunyň 20 göterimi Hazaryň suwunda ýüzüp ýör. Iň bir gymmatly balyk hasaplanýan doky balygy hem Hazar deňzinde duşýar... 
    Mähri deňiz giňişligini birsellem synlap, söhbedini ýene-de dowam edýär: 
    ― Hazaryň türkmen kenary haýran galdyryjy köpdürlüdir. Dürli ösümlikleriň 528-den gowragy bolup, olaryň esasy bölegi Esenguly töwereklerindedir. Şol ösümlikleriň 9-sy endemik bolup, Türkmenistanyň başga ýerlerinde seýrek duş gelýär. 
    Dürli guşlaryň millionlarçasy bahar hem güýz paslynda deňziň üstünden ýa-da onuň ýakasyndan uçup geçýärler. Dürli guşlaryň millionlarçasy bolsa gyşlamak üçin türkmen kenaryny saýlap alýarlar. Şonda goralýan deňiz aýlagynyň giň akwatoriýasynda hakyky «guş bazary» emele gelýär. Balkan aýlagyndaky Ufra ýarym adasynyň gaýalarynda ýa-da Dagada adasynda akguýruk hem-de uzynguýruk bürgütleri arkaýyn synlap bolýar. 
    Hazar deňzine dürli guşlaryň üýşmeginiň deňziň gidrohimik hem-de gidrologik deňagramlylygyny kemala getirmekde uly ähmiýeti bardyr. Şonuň üçin hem deňziň Türkmenbaşy, Demirgazyk Hazar, Balkan we Mihaýlowsk aýlaglar ulgamy halkara ähmiýetli Ramsar Konwensiýasynyň aýratyn sanawyna girizildi. 
    Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň haýwanat dünýäsiniň biologik dürlüliginiň 10 göterimden gowragy, ýagny 45 görnüşli seýrek duş gelýänlere we ýitip-ýogalmak howpy abanýanlara degişli bolany üçin, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi... 
    Gaýra tarapdan gaýdyp, emeli ada gonjagyny barha aşaklaýanyndan aňdyrýan guş sürüsine gözi düşen Mähri gürrüňini tamamlamaga howlukdy. 
    Täze gurlan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň taslamasy «Ýaşyl port» (Green port) halkara ölçegleri esasyndadyr. Bu Hazar deňziniň ekoulgamyny düýp durkunda saklamak diýmekdir. Şonuň üçinem portdaky terminallaryň uçdantutma ählisinde bioarassalaýyş enjamlary oturdyldy. Ýene bir aýratynlyk bolsa, täze portda nebit terminalynyň ýoklugydyr. Ol edil öňküsi ýaly bu ýerden ep-esli uzaklykda ― Kenar şäherçesinde galdyryldy. Şeýlelikde, Hazaryň türkmen kenarynda gurlan täze deňiz porty tehnologik kämilligi taýdan Ýer ýüzünde iň naýbaşylaryň biridir. 
    Portdan 5 kilometr çemesi daşlykdaky emeli ada hakda söhbet bolsa, aýdylyşy ýaly, aýratyn «dessandyr». 
    Geografik taýdan gadymy Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistan häzir bu ýoly täze döwrüň ykdysady ýoluna öwürýär. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bu sözümize anyk güwälikdir. Şähere giräýen ýeriňde döwrüň bady, zamananyň gudraty bilen dörän ajaýyplyk edil erteki ýaly bolup gözüňi egleýär. Ine, ençeme kilometre ýaýylyp ýatan deňiz portunyň gabat garşysynda ― Hazar deňziniň gök tolkunlarynyň arasynda melemtil öwşün atyp görünýän emeli ada weli hakyt ynsan paýhasy, adam eli bilen döredilen gudrat bolup haýrana goýýar. Synlap durşuňa içiňden: «Ine, Hazaryň ýene bir gözelligi» diýeniňi duýman galýaň. Deňiz aýlagynda 170 gektara ýaýylyp gidýän emeli ada port döredilýän wagty gazylyp çykarylan toprak-çäge uzynlygy 5 kilometr çemesi turbalar arkaly akdyrylyp-guýlup döredildi. 
    Bir aýratynlygy aýtmaly. Getirilen ada ýasalan gum ýat, ýagny başga ýerden getirilen toprak däl, deňziň öz çägesi, gumy. Sebäbi guşlar juda ys algyç we tangyrdyr. Ylaýta-da, suw-batgalykdaky guşlar deňze muwapyk, aýdylyşy ýaly, balygyň ysy gelip duran, aýak basan ýerinde balykgulak görnüp duran ýeri halagyç bolýar. 
    ― Emeli ada bahar-ýaz möwsüminde gelseňiz, hakyky guş bazaryny görersiňiz ― diýip, bize ýolbeletlik edýän adam eýýäm gaba bolup başlan ýylgynlaryň henizem gökje görünýän pürlerini elläp, guranam bolsa bile ýetibereni bildirýän ýandakdyr ýere ýazylyp ýatan syrkynlary, garaz, golaý-goltumyndaky dürli ösümlikleri ýekänme-ýekän elleşdirip görýär. Ol Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine degişli Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň direktory Toýmämmet Sarjaýew. 
    ― Hazaryň türkmen ýalpaklygynyň çäkleri hemem deňziň Gündogar kenary tebigat taýdan juda özboluşly. 1932-nji ýylda döredilen Hazar döwlet tebigy goraghanasy bu täsin gözelligi goramak, ylmy-tejribe işlerini geçirmek, Gyzyl kitaba giren jandarlary köpeltmek bilen meşgullanýar. Hazar döwlet tebigy goraghanasy üç bölümden — Esenguly, Ogurjaly we Hazar çäkli goraghanasyndan ybarat bolup, deňiz suwy bilen alanyňda 262 müň gektar giňişlige uzap gidýär. 
    Bu ýerde dagara, gyzylinjik, çülük, durna, baýguş, toklutaý ýaly guşlar köp. Gyş aýlarynda bolsa bu ýere suw guşlarynyň sanap bolmaýan toplumy jemlenýär. Olaryň içinden aýratyn ünsüňi çekýänleri bolsa sakarbalak ýa-da ýerli halkyň atlandyryşy ýaly, kaçkaldak, ördek, gülgüne reňkli gyzylinjik, dürli görnüşli guwlardyr. Ylaýta-da, suwuň ýüzünde ýüzlerçe metre uzalyp gidýän gülgüne «adany» emele getirýän gyzylinjikleriň sürüsini synlamak aýratyn ýatda galyjydyr. 
    Haýwanat dünýäsiniň ýene-de bir täsin jandary Hazar düwlenleri. 
    Diňe süýrenijileriň görnüşiniň sany 29-a ýetýär. Ýöne Hazar guşlar mekany bolup, deňiz suwunda, kenarynda olaryň 293 görnüşine duşmak bolýar... 
    Ine, bir bölek buluda meňzäp gelýän garagazlar pessaýlaý-pessaýlaý emeli ada güsürdäp gondy. Bu görnüşiň owadandygyny! 
    Şol guşlar göýäki hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdan jümlelerini ganatlarynda göterip gelen ýaly bolup, ajaýyp duýgulary döredýär. 
    «Häzirki wagtda sebitleýin gatnaşyklaryň netijeli nusgasy Hazar deňzinde ekologiýa we tehnogen howpsuzlygyny üpjün etmek üçin zerur bolup durýar. Bu deňziň täsin biologiki toplumy, sözüň doly manysynda, bütin adamzadyň gymmatlygy bolup durýar». 
    Gök tolkunlaryň ýüzünden zyrmyldap barýan «Ýamaka» deňiz giňişliginiň içi bilen ýüzüni günorta-gündogarlygyna tutdy. Gaýra gapdalda Garadag geriş-geriş, diş-diş görnüşi bilen saçyny daraklap oturan äpet pälwany ýadyňa salýar. 
    Hazaryň gujagynda barýarkaň, ýene-de bu sahawatly, gözel, täsin deňiz bilen baglanyşykly, sözüň doly manysynda aýdanda, deňiz gujagyndaky baýlyklar — bereket ýada düşüp gidýär. 
    Hazar deňziniň haýwanatdyr ösümlik dünýäsi gaýtalanmajak köpdürlüligi bilen haýran galdyrýar. Dagy nä, çal tolkunlaryň gujagynda hem-de kenarýakalarynda dürli ösümlikleriň 728 görnüşi duşýar. «Deňiz suwotulary» diýilýänler bolsa saglyk üçin, şeýle-de kosmetika senagatynda örän gymmatlydyr. 
    Öňem ýatlaýşymyz ýaly, Ogurjaly adasy tebigatyň iň eýjejik jandary bolan keýikleriň hakyky mesgenidir. Olar çala şorumtyk deňiz suwuny içip, ulalmaga, köpelmäge ukyplydygy taýdan täsindir. Deňziň jana diýseň ýaramly howasy, ýetik ot-suw gory, howp-hatarsyz gezibilmek şertinde bu näzikden sarç janawarlar şeýle bir çalt köpelýärler weli, indi belli wagtlarda olaryň belli bir bölegini getirip, Sünt-Hasardag hem-de Köpetdag döwlet tebigy goraghanalarynyň çägine goýberýärler. Ýogsam-da, Ogurjaly adasy diýlende, hökman bu ýeriniň hakyky «hojaýynlary» hasaplanýan hem-de hakyky gelşigi bolan kiçijikden eýjejik suwýylanlary agzamaly. Olar adam üçin düýpden howpsuz, gaýtam, ol çalt öwrenişýär, oýunbazlygy bilen özboluşly lezzet berýär. 
    ...Gör-ä, Garadagyň etegindäki suwuň ýüzi gülgüne öwsüp dur-la! Ýakup ezberlik bilen erk edip barýan gaýygynyň badyny gowşadýar: 
    ― Ine, synlaň, bular gyzylgazlardyr. Suwuň ýüzüne gonanda älemgoşar ýere gaçdymyka diýdiräýýär. Hazaryň esasy görki hem hak eýesi şeýle guşlardyr. 
    Gaýyk golaý barandan gök tolkunlaryň ýüzündäki gülgüne reňk şaglap ses edişine asman sary göterildi. Indi «älemgoşar» suwuň depesinde ganat kakýardy. Bir seretsem, Kakamyrat aldygyna jübi telefony bilen surat alýar. 
    ― Beýle gözelligi gazet-žurnallaryň okyjylaram synlasalar, Hazara gaýybana syýahat edene dönerler. Ýöne diýýän-ä, beýle täsin pursatlaryň täsirini, owadanlygyny nädip söze salyp bolarka? 
    Kärdeşimiň bu sowalyna jogap tapmadym. Diňe asman gümmezinden aşaklap, Ufra eteklerine gonmagy peýläp barýan «älemgoşardan» gözümi aýryp bilmän durşuma, «gelip görseň nä söz!» diýip, içimi gepletdim. Nazarym bolsa söze sygmajak şol täsin «suratda» galypdy.
                                                    "Diýar" žurnaly