Aşgabadyň güneş nurly jemaly

    Mähriban hem gözel Aşgabat. Hawa, ajap eýýamda — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň at gazanan arhitektory hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň egsilmez yhlasy, dana öňdengörüjiligi hem-de paýhasy bilen, ak şäherimiz Aşgabadyň ösüşlerini, täsin görküni görmäge göz gerek. Nurana zamanada mährem mekanyň — ata Watanymyzyň ýüreginiň barha giňelýän ähli künjekleri, aýratyn-da, ajaýyp seýilgählerdir ak mermere beslenen belent binalaryň, suw çüwdürimleriniň, medeni-durmuş, edaradyr senagat desgalarynyň töweregi täze ýylyň — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň öwüşgini bilen şugla saçýar. Eziz Arkadagymyzyň ýürek mähri siňen Çandybil, Arçabil, Köpetdag, A.Nyýazow, Bitarap Türkmenistan, Garaşsyzlyk, Magtymguly kimin dünýä derejeli şaýollardan, Andalyp, Hoja Ahmet Ýasawy, «10 ýyl Abadançylyk» kimin bagta sary uzaýan köçelerden menzil aşanyňda, özüňi, göýä, jennet mekanynda ganat ýaýyp ýören ynsan saýýarsyň. Biziň aýdyň geljegi nazarlaýan päk arzuwlarymyza ylham berýän «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň täsin öwüşginli arçalarynyň müňlerçesi özleriniň ýaşyl durky, älemgoşar ýalkymy bilen bagtyýarlygymyzyň, agzybirligimiziň, jebisligimiziň, ýurdumyzyň dünýä dolan mertebesiniň nyşany bolup, eziz Arkadagymyzyň beýik işlerine buýsanjymyzy goşalandyrýar. 
    Dogrusy, bu gün bagt şäherine, ýüregimiziň örküne, her bir türkmeniň guwanjyna, parahatçylyk, dost-doganlyk, galyberse-de, syýahatçylyk merkezine öwrülen ak şäherimiz Aşgabadyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýeten belent derejeleri, deňsiz-taýsyz özgerişleri, Gün şuglaly gözelligi barada oýlananyňda, şeýle beýik işleriň gözbaşynda duran, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň düýpgöter gowulanmagy, ata Watanymyzyň pajarlap ösmegi barada taýsyz tagallalaryny gaýgyrmaýan hormatly Prezidentimiziň uçursyz aladalarynyň, gije-gündiz çekýän zähmetiniň ýatandygyna birkemsiz göz ýetirýärsiň. 
    Gahryman Prezidentimiziň geçen şanly «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň 2-nji iýulynda gojaman Köpetdagyň dag görnüşi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýän binalaryň, ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolan «Buig Batiman Internassional» fransuz kompaniýasy tarapyndan ak şäherimiziň günortasynda gurulýan Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň we «Arkadag» kaşaň myhmanhanasynyň, «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik hem-de «Senagat» paýdarlar-täjirçilik banklarynyň gurluşygynda işleriň gidişi bilen tanyşmagy guwandyryjy waka boldy. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň 2-nji oktýabrynda-da paýtagtymyz boýunça amala aşyran iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň gurulýan ýerine gelip, potratça ýokary gurluşyk ülňülerini üpjün etmek, täze gurluşyklarda ulanylýan reňkleriň sazlaşygyny gazanmak barada maslahat berdi. Guwanç bilen bellemeli zat, nurana şäherimiziň bu künjegi hakyky gurluşyk meýdançasyna öwrülip, barha gözel görnüşe eýe bolýar. Çandybil hem-de Arçabil şaýollarynyň aralygynda gurulýan aýlaw görnüşli «Arkadag» kaşaň myhmanhanasy belent görki bilen haýrana goýýar. Bu sebitde Hökümet münberiniň, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de Welosiped binasynyň gurluşyklary depginli dowam edýär. 
    Türkmenistanyň at gazanan arhitektory hormatly Prezidentimiz Gurbanguly B e r d i m u h a m e d o w y ň h a l k y m y z y ň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyny ruhubelentlikde garşylan günleriniň öňüsyrasynda ak şäherimiziň taryhy merkezine, paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň desgalarynyň, Ýanyk şikeslerini bejeriş halkara merkeziň, Aşgabadyň demirgazygynda gurulýan «Garagum» myhmanhanasynyň gurluşyklarynyň alnyp barylýan ýerlerine iş saparlary hem tolgundyryjy pursatlara beslendi. Ak şäherimizi ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurulýan durmuş maksatly desgalaryň birnäçesiniň belent binalary uzaklardan howalanyp görünýär. Gurluşygyň baş meýilnamasyna laýyklykda, şäheriň Tähran we Köşi köçeleriniň aralygynda 12 gatly, 72 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 10-sy, 12 gatly, 48 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň bolsa altysy gurulýar. Şäheriň bu künjeginde bina edilýän desgalaryň gurluşygy, hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanyldy. Munuň özi türkmen telekeçileriniň häzirki zaman gurluşyklaryna işjeň gatnaşýandyklarynyň, has batyrgaý taslamalary ýerine ýetirmäge ukyplydyklarynyň aýdyň subutnamasydyr. 
    Bekrewe köçesiniň ugrunda, indi ençeme ýyl bäri halkymyza ýokary hilli saglyk hyzmatlary bilen adygan «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkeziniň golaýynda gurulýan täze, 130 orunlyk bäş gatly Ýanyk şikeslerini bejeriş halkara merkezinde näsaglar üçin oňaýly hem-de döwrebap enjamlaşdyrylan iki orunlyk otaglar, degişli bölümler, şol sanda reanimasiýa we tiz kömek bölümleri, saglyk öýi, barlaghana, edara binasy, maslahatlar zaly, degişli tehniki otaglar ýerleşer. Bu ýerde bolanynda mähriban ýurt Baştutanymyzyň garamagyna Halkara estetiki bejeriş merkeziniň taslama çyzgylary, 240 orunlyk köp gatly awtoduralganyň, 700 orunlyk lukmançylyk kollejiniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Okuw-kliniki merkeziniň, Fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziň taslamalary hödürlenildi. Saglyk ulgamynda amala aşyrylýan şeýle beýik tutumlar mähriban Diýarymyzyň hakyky sagdynlygyň Watanyna öwrülendigini Ýer ýüzüne aýan eden waka boldy. 
    Şol gün, ýagny 10-njy dekabrda mähriban ýurt Baştutanymyz paýtagtymyzyň demirgazygynyň günbatar böleginde — A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň çatrygynyň golaýynda ýerleşýän, «Rönesans Holding» türk kompaniýasynyň gurýan «Garagum» myhmanhanasynda işleriň ýagdaýy bilen hem tanyşdy. Bu ýerde myhmanlara kaşaň otaglaryň 87-si niýetlenendir. Mundan başga-da, taslamada dynç almak, sport bilen meşgullanmak üçin degişli düzümler göz öňünde tutulypdyr. «Ol özüniň «Garagum» diýen adyny beýan etmelidir hem-de binagärlik ulgamynda öňdebaryjy ýörelgeleri we binagärligiň iň gowy däplerini özünde jemlemelidir» diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. 
    Nesip bolsa, «Nusaý» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň golaýynda gurulmagy meýilleşdirilýän myhmanhana hem ýakyn ýyllarda paýtagtymyz Aşgabadyň täsin binagärlik keşbiniň üstüni ýetirer. Mähriban ýurt Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, munuň özi meşhur taryhy ýadygärligiň nusgasy boýunça täze Nusaýyň döredilmegini alamatlandyrar. 
    Gahryman Prezidentimiziň geçen ýylyň 17-nji dekabrynda, Aşgabady ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde, paýtagtymyzyň Tähran köçesiniň ugrunda «Beýik-bina» hususy kärhanasy tarapyndan gurulýan söwda we dynç alyş merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşmagy hem ata Watanymyzyň baş şäherinde ýaşaýjylar we myhmanlarymyz üçin iň bir oňaýly şertleriň döredilmegi üçin taýsyz tagallalaryň edilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat boýunça iş saparyny ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurluşygynda hem dowam etdi. Uzynlygy 600 kilometre golaý bolan bu uly ýol Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, galyberse-de, ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmaga ep-esli mümkinçilik berer. 
    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzyň ak mermerli paýtagty sebitiň we dünýäniň iň owadan hem-de ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň biri hökmündäki derejesini barha pugtalandyrýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap alan giň gerimli özgertmeleriň öňbaşçysy bolmak bilen, Aşgabat milli Liderimiziň başlangyjy boýunça we baştutanlygynda Türkmenistanyň yzygiderli durmuşa geçirýän oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň aýdyň nyşany bolup durýar. Bu gün mähriban paýtagtymyz eziz Arkadagymyzyň paýhasy bilen deňi-taýy bolmadyk taslamalaryň, ägirt gurluşyklaryň badalga alýan mekanyna öwrüldi. 
    Şu pursatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň 20-nji iýunynda Aşgabat şäher häkimligine baryp, ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň, hususan-da, paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde täze iri möçberli toplumyň gurluşygynyň taslamalary bilen tanşan pursatlaryny ýatlamak diýseň ýakymlydyr. Guwanç bilen bellemeli zat, ak şäherimiz Aşgabadyň köp desgalary halkara derejeli binagärlik bäsleşikleriniň baýraklaryna mynasyp boldy, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi jahanyň owadan paýtagtlarynyň hatarynda mynasyp orny eýelän ak şäherimiziň ösdürilmeginde ägirt uly üstünlikleriň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmeginiň aýdyň güwänamasydyr. Gurluşyk tehnologiýalarynda dünýäde döreýän ähli täzelikler öz çäklerini barha giňeldýän paýtagtymyzda ulanylýar. Ine-de, örän uly taslamany — «şäher içinde şäher» ýörelgesi boýunça taslanylan täze ýaşaýyş toplumynyň — «Aşgabat–siti» adyna eýe bolan şäheriň gurluşygyny durmuşa geçirmegiň wagty geldi. Bu baradaky döwletli başlangyç hormatly Prezidentimize degişlidir. 200 binadan gowrak bolan ägirt uly toplumy gurmaga bölünip berlen umumy meýdan 744 gektara barabar bolup, 12 gatdan 35 gata çenli dürli belentlikdäki ýaşaýyş jaýlarynyň diňe özi 180 sany bolar. Şolardaky öýleriň sany 17 müň 836 bolup, tutuş şäher 107 müňden gowrak ilata niýetlenendir. Ýakyn ýyllarda paýtagtymyzyň demirgazygynda dolandyryş binalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, hyzmat ulgamynyň, saglygy goraýyş edaralarynyň, medeniýet merkezleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de durmuş maksatly desgalaryň toplumyny özünde jemleýän uly şäher peýda bolar. Şäheriň taslamasynda etrap häkimliginiň beýleki döwlet edaralarynyň binalarynyň, 3 müň orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleriň 4-siniň, körpeleriň 1200-sini kabul etmäge niýetlenen çagalar baglarynyň 4-siniň, şeýle-de Türkmen milli konserwatoriýasynyň we Daňatar Öwezow adyndaky ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdebiniň binalarynyň gurulmagy göz öňünde tutulýar. Şeýle hem, bu ýerde «Türkmenbaşy» we «Halkbank» döwlet täjirçilik banklarynyň şahamçalary halka hyzmat eder. 
    Ýeri gelende, ähli binalaryň we desgalaryň binagärlik taslamalarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Aşgabat şäher häkimligi, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň hem-de Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarydyr talyplary tarapyndan taýýarlanandygyny bellemek buýsançlydyr. Bir söz bilen aýdylanda, täze ýaşaýyş toplumynyň taslamasy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak üçin mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilendir. Ol «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda başy başlanan ägirt uly gurluşyklaryň birine öwrüler. 
    Bu gün zähmetsöýer halkymyz uly joşgun, bedew bady bilen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyna gadam goýdy. Şöhraty dünýä dolan ata Watanymyza bu şanly ýylda-da şöhratly wakalar, uly toý-baýramlar garaşýar. Eziz Arkadagymyz: «Nesip bolsa, biz şu ýyl garaşsyz taryhymyzda örän möhüm senäni — ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň şanly 25 ýyllyk baýramyny giňden belläp geçeris. Elbetde, ilkinji nobatda, bu biziň öz baýramymyz, türkmen halkynyň we döwletiniň beýik üstünligidir» diýip guwanç bilen aýdýar. Şu ajaýyp ýyl eziz Diýarymyzyň sport äleminde hem ýakymly pursatlara baý ýyllaryň biri bolar. Ýagny, ajaýyp Olimpiýa şäherçesinde Futzal boýunça Aziýa çempionaty, Sambo boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Dünýä derejesindäki Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara tennis ýaryşynyň Aşgabat tapgyrynda üstünlikli çykyş edenler bolsa saýlama bäsleşigiň 2021-nji ýylda boljak 3-nji toparyna gatnaşmaga hukuk gazanarlar. Gahryman Prezidentimiz ýakynda Olimpiýa şäherçesinde bolup, bu ýerde sport dünýäsinde geçiriljek halkara wakalaryň üçüsinde — Futzal boýunça Aziýa çempionatynda, Sambo boýunça dünýä çempionatynda hem-de Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara tennis ýaryşynyň tapgyrynda (Aziýa zolagy — Okeaniýa, IV topar), onsoňam, Tokioda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynda türkmen türgenleriniň has-da ýokary netije gazanjakdyklaryna ynam bildirdi. 
    Hawa, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň ilkinji günleri hem ata Watanymyzy joşgunly pursatlara, ajaýyp taryhy wakalara besläp, ak şäherimiz Aşgabada rowaçlyk şuglasyny, ulus-ilimize, sähra-ýaýlalarymyza bagt nuruny çaýýar. 
    Goý, halkymyza şeýle eşretli ýaşaýyş-durmuşy bagyş eden, ak şäherimiz Aşgabady dünýä nusgalyk paýtagta öwren Gahryman Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, beýik işleri rowaç bolsun! 
                                                        «Aşgabat» gazeti