AHAL WELAÝATYNDAKY ÖZGERTMELER 

    ol ýerde işleriň depginli ösdürilýändigini subut edýär
    Ynsana güýç-kuwwat, ruhy lezzet berip, täze döredijilikli zähmet üstünliklerine atarýan zatlaryň biri-de ýetilen belent sepgitlerdir, gazanylan üstünliklerdir. Hut şonuň üçin-de 2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda gazanylan üstünlikler dogrusyndaky gyzykly we buýsandyryjy gürrüňlere täze garşylanan 2020-nji «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň ilkinji günlerinde ýygy-ýygydan ýüzlenýäris we täze ýeňişlere ruhlanýarys. 
    Elbetde, «Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýlip aýdylyşy ýaly, halkymyzyň buýsançly sözlerini eşidip, giň gerimli işleriň binýat bolan ýerine baryp görmek bagtynyň miýesser edendigi üçin hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys. Hawa, bagtyň gujagynda ýaşaýan, zähmet üstünliklerini gazanýan, tutumly işleriň başyny başlan ildeşlerimiziň hormatly Prezidentimize hoşallyklarynyň çägi ýok. Biz muňa Ahal welaýatyna bolan dört günlük iş saparymyzyň dowamynda has aýdyň göz ýetirdik.

    OJAK ABAT — ÝURT ABAT 
    Türkmen halky öý-ojagyny mukaddes saýýar. Şonuň üçin ata-babalarymyz ilki öý-ojak tutunyp, bu mukaddes ýerde agzybirligiň, abadanlygyň, rysgal-döwletiň bolmagyna aýratyn ähmiýet beripdirler. Pederlerimizden gelýän şeýle ýörelgä hormatly Prezidentimiz turuwbaşdan täze röwüşde dowamat berdi, ýurdumyzda maşgala ojaklarynyň abadan hem abat bolmagy hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwürdi. 
    Elbetde, pederlerimiziň nygtaýşy ýaly, ojak abat bolsa, ýurt abat bolar. Biziň hem iş saparymyzyň başy Ahal welaýatynda gurlup ulanmaga berlen ýaşaýyş jaýlaryndan başlanmagy kalbymyza özboluşly joşgun berdi. Haçan-da ynsanlaryň ýürek buýsanjyny, onda-da ýaşaýan döwrüne, şeýle döwletli-döwrany bagyş eden Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny eşideniňde, işiňe has-da höwesli ýapyşýarsyň. Şu ýerde ilki bilen bellemeli zatlaryň biri Ahal welaýatynda geçen ýylda desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň binalaryň ençemesiniň gurlup, ulanylmaga berilmegidir. Bu bolsa Ahal welaýatynyň ýurdumyzyň sebitleriniň arasynda has uly özgertmeleri we ösüşleri gazanýandygynyň subutnamasydyr. Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça amala aşyrylýan maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Ahal welaýaty bu babatda ýurdumyzda öňdeligi eýeleýär. 
    Biz welaýatyň Änew şäherinde gurlup, ýakynda, has dogrusy hemişelik Bitaraplygymyzyň 24 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde açylyp ulanylmaga berlen 4 gatly 40 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýyndan öý alyp, oňa göçüp baran Guwanç Sadykowlaryň maşgalasynda myhmançylykda bolduk. Ähli amatlyklary bolan bu ýaşaýyş jaýyndan öý almak bagty nesip eden bagtyýar maşgalanyň kalby hormatly Prezidentimize alkyşlardan, eşretli zamanamyza buýsançdan doly. Şonda Täze ýyly täze jaýda garşylan Guwanjyň ejesi Annajeren Sadykowa: 
    — Sag bolsun, “halkym” diýip urýan mährem ýürekli Gahryman Arkadagymyz! Biz özümizi juda bagtly saýýarys, ajap eýýamda, bolelin durmuşda ýaşaýarys. Ynha, uly oglum Guwanja ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýyndan öý berildi. Hemmämiz her gün şu ýere üýşüp, agzybirlik bilen hormatly Prezidentimize alkyş baryny aýdýarys. Dogrusy, oglumyň öýünde her gün jaý toýy toýlanýan ýaly. Bizi bu bagtyýar günler has-da jebisleşdirdi, ýaşaýşa, döwrümize bolan höwesimizi artdyrdy. Begenjimiziň çägi ýok. Men çörek bişiriji hökmünde il-günüň sagbolsunyny alýaryn, hormatly Prezidentimiziň hem Şa serpaýlaryna mynasyp boldum. Gahryman Arkadagymyz öz eli bilen maňa ilkinjileriň hatarynda Türkmenistanyň “Zenan kalby” ordenini gowşurdy. Baýramçylyklarda bişirýän çöreklerimiziň duzuny dadyp, hormatly Prezidentimiziň egnimize Şa serpaýyny ýapyp gitmegi biziň ene ýüregimizi şeýle bir joşdurýar welin, söz bilen beýan edip bilmeýärin. Goý, bizi bagtly günlerde ýaşadyp, çekýän zähmetimize çäksiz sarpa goýýan, ýaşymyza ýaş goşýan mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan beýik işleri dowamat-dowam bolsun! — diýip ene ýüreginden çykýan alkyşly sözlerini beýan etdi.

    IŞIŇ ILERI, «RYSGAL OJAGY!» 
    Gözüň bilen görmegiň, lezzeti bir başga diýleni. Oňyn özgertmeler bilen belent sepgitleri nazarlaýan Ahal welaýatynda hem gurlup, ulanylmaga berilýän desgalarda alnyp barylýan işleriň hut halkymyzyň bagtyýar geljegine gönükdirilendigine göz ýetirmek kyn däl. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Üzümçilik» daýhan birleşiginiň çäginde gurlup, ýakynda açylyş dabarasy bolan “Rysgal ojagy” hojalyk jemgyýetiniň ýyladyşhanasyny hem görmäge göz gerek. Biz bu ýere baranymyzda, on gektar ýerde ýetişen pomidor hasylyny görüp, göwnümiz göterildi. Şol pursatda zehinli şahyrymyz Kerim Gurbannepesowyň: 
        Zähmetkeş topragym, eziz topragym, 
        Waspyňy az edýäs heniz topragym, 
        Biziň ýaly ýedi sagat işlemän, 
        Gije-gündiz zähmet çekýäň topragym. 
        Öz teninden eşret ýasaýan topragym, 
        Seniň arkaň gije-gündiz derläp dur — 

    diýen setirleri ýadyma düşdi. 
    Bu ýerde ösdürilip ýetişdirilýän pomidorlary diňe bir öz içki bazarlarymyza däl, eýsem daşary döwletlere hem ugradylýar eken. Ilki bilen bellemeli zatlaryň biri-de, bu ýyladyşhananyň ýokary hilli gurulmagydyr, dünýäniň ösen ýurtlarynyň ülňülerine gabat gelmegidir, ähli işleriň kompýuterleşdirilmegidir. Şeýle-de pomidorlara berilýän suwuň arassalanan, ýokary hilli bolmagy, döküniň kada laýyklykda yzygiderli berlip durulmagy hasylyň hilini has-da ýokarlandyrýar. Bu ýerde ýetişdirilen pomidorlary sowadyja salmazdan hem on-on bäş gün saklap bolýar. 
    Guwandyryjy ýagdaýlaryň ýene biri, biz bu ýerde hormatly Prezidentimiziň ýaşlary iş orunlary bilen üpjün etmek barada öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilýändiginiň gözli şaýady bolduk. Açylanyna köp wagt bolmasa-da, bu ýerde eýýäm ýaşlaryň ýüzden gowragy işe kabul edilipdir. Biz ol ýerde ýaşlaryň birnäçesi bilen söhbetdeş bolduk. Şonda ýaş hünärmen Güljan Jumaýewa bize şeýle gürrüň berdi: 
    — Biz ýaşlaryň hormatly Prezidentimize bolan alkyşlarymyzyň çägi ýok. “Rysgal ojagy” hojalyk jemgyýetiniň ýyladyşhanasynda işe başlamagymyz bizde zähmete, eziz Watanymyza, hormatly Arkadagymyza bolan söýgümizi has-da artdyrdy. Yhlasly zähmet çekmäge höwes döretdi. Bu ýerde işlemek üçin ähli mümkinçilikleriň, ýokary şertiň bolmagy bizi has-da guwandyrýar. Bize iki wagtyna ýokary hilli gyzgyn nahar berilýär, ýörite awtobus ulagynda gatnaýarys, uzak ýerden işlemäge gelenler üçin bolsa, ýatak jaý hem bar. Onsoň diňe yhlas edip işläýmek galýar. Şonuň üçin biz her iş günümizi zähmet üstünliklerine beslemäge çalyşýarys, geljekde hem bu ýyladyşhanamyzda zähmet üstünlikleriniň gazanylmagyna goşandymyzy goşarys. 
    Bereketli topragymyzdan önýän, ýurdumyzyň bazarlaryny dolduryp, saçaklarymyzy bezeýän gök önümleriň bol ýetişdirilmegi eziz Diýarymyzyň kuwwatlanýandygynyň, hormatly Prezidentimiziň sargyt edişi ýaly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýetişdirmek, daşary ýurtlara öz önümlerimizi eksport etmek baradaky wezipeleriň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. 
    Bize “Rysgal ojagy” hojalyk jemgyýetiniň işgärlerine işiňiz ileri, ýyladyşhanaňyz hem adyna laýyk rysgal ojagyna öwrülsin diýäýmek galýar.

    BÄBEJIKLER «JÄK-DE-JÄK»... 
    Mähriban Watanymyzda, hormatly Prezidentimiziň Atalyk aladasy bilen ösüp ulalýan çagalar sözüň doly manysynda BAGTYÝARLYK DÖWRÜNIŇ BAGTLY ÇAGALARYDYR. Geljegimiz bolan çagalar hakyndaky alada olar dünýä inmezinden ozal başlanýar diýsek, hakykatdan daş düşmeris. Ýurdumyzyň ähli künjeginde enäniň we çaganyň saglygyny goraýan merkezler, saglyk öýleri bar. Ýene-de olaryň gurulmagy dowam edýär. Biz döredijilik saparymyzyň çäginde Ahal welaýatynyň Kaka etrap hassahanasynyň Duşak şäherçesinde ýakynda gurlup, ulanylmaga berlen dogrum bölüminde hem bolduk. Ol ýere gadamymyz düşenden, jägildäp dünýä inen bäbekleriň jägildi sesiniň eşidilmegi göwnümizi göterdi, nesil dowamatymyzyň sagdyn dünýä inmegi barada edilýän aladalaryň näderejede ýokarydygyna göz ýetirmäge ýene-de bir gezek esas boldy. 
    Çaga ynsanyň guwanjy, geljegi, umyt-arzuwlary. Ine, bu ýerde hem dünýä ülňülerine laýyk gurlan, ähli zerur şertler döredilen, bäbekhanada eneleriň çagalaryny sagdynja eline almagy üçin tagalla baryny edýän ýeňil elli lukmanlaryň zähmet çekmegi ýurdumyzda bagtly enelik we çagalyk hakyndaky aladalaryň ýerine düşýändiginiň aýdyň beýanydyr. 
    Bu ýerde biz dogrum bölüminiň müdiri Güljahan Sapardurdyýewa bilen hem söhbetdeş bolduk. Şonda ol: 
    — Biziň Duşak şäherçämizde şular ýaly çaga dogrulýan öýüň açylmagy halkymyzy şeýle bir begendirdi welin, hiç aýdyp gutarar ýaly däl. Obadaşlarymyz bu ýerdäki mümkinçilikleri görüp, sagdynja dünýä inýän bäbekleri ellerine alyp, şeýle dogrum öýüni gurduryp berendigi üçin hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdyp, hoşal bolup gidýärler weli, biziň hem begenjimiziň çägi bolmaýar. Tüweleme, açylanyna köp wagt bolmasa-da, bu ýerde onlarça bäbejikler dünýä indi. Şonuň bilen birlikde ýüzlerçe, müňlerçe alkyşly sözler hem hut şu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň adyna aýdyldy. 
    Biz, lukmanlar üçin bu bäbekhana bölüminde işlemäge ähli şertler bar. Bize diňe bäbejigi dünýä indermäge gelýän gelinleriň sag-aman bäbeklerini ellerine bermek üçin tagalla edäýmek galýar. Obamyzyň bäbege garaşýan gelinleriniň uzak ýere gitmezden, Duşak şäherçämiziň çäginde şeýle dogrum öýüniň gurlandygy we «Tiz kömek» awtoulagyň berlendigi üçin biz lukmanlar hem Gahryman Arkadagymyza tükeniksiz alkyş aýdýarys. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun! — diýip alkyşly sözlerini beýan etdi. Biz hem ýagşy dilegleriň hasyl bolýan ýerinde sagdynja bäbekleriň dünýä inmegini arzuw etdik.

    BABADAÝHANLY DAÝHAN 
    Mähriban Watanymyzyň oba hojalyk pudagynyň uly ösüşleri gazanmagynda Ahal welaýatynyň zähmetsöýer daýhanlarynyň-da uly goşandy bar. Ahal welaýatyna iş saparymyzyň çäginde bize babadaýhanly daýhan bilen duşuşmak, onuň ekin meýdanyna baryp, söhbetdeş bolmak bagty miýesser etdi. Hawa, ak bugdaýyň mekany hasaplanýan welaýatyň ak ekin ussatlarynyň hem zähmet göreldesi öwgä mynasyp. Biz Babadaýhan etrabynyň Ýusup Gurban adyndaky daýhan birleşiginde ýaşaýan, 10 gektar ýerinden ýylyň ýylyna bol hasyl alýan Gurbandurdy Nurberdiýew bilen söhbetdeşlikde muňa has aýdyň göz ýetirdik. Ömrüni, ykbalyny topraga baglap, ondan bagt tapan Gurbandurdy aganyň hakyky zähmet ussadydygyny ony göreniňden hem duýmak bolýar. Biz onuň bilen ekin meýdanyna baranymyzda, ol daýhan ellerini töwerege uzadyp: 
    — Ine, meniň 10 gektar ýerim, her günde çagajyklarym bilen gelip maňlaýymy diräp, topragyny ýüzüme sürtüp, bagt tapan ýerim. Ir ertirden giç agşama çenli ekin meýdanymyň içinde bolup, halys bagrym badaşan ýaly. Asyl bu ekin meýdanyma gelmedik günüm ugrum bolmaýar. Bu ýerden geçen ýyl 48 sentner bugdaý hasylyny aldym, üstümizdäki ýylda nesip bolsa, ony 50 sentnere ýetirmegi maksat edinýärin. Munuň üçin mümkinçiliklerimiziň bardygyny hem nygtamalydyrys. Daýhanyň iş ýerinde işi daýhançylyk bolsa, öýde hem onuň ynsana berýän lezzeti, yhlas etseň eçilýän rehneti dogrusynda her gün döwletli saçagymyzyň başynda gyzykly söhbetler, çagalara öwüt-ündewler edýäris. Biziň şeýle buýsançy gürrüňleri etmegimizde meniň çeken zähmetime berlen Şa serpaýynyň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny hakykatyň hatyrasyna nygtamak isleýärin. 2019-njy ýylda maňa Türkmenistanyň “Gaýrat” medaly berildi. Ondan öň hem Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medalyna mynasyp boldum. Elbetde, bu sylaglar maňa hem maşgalamyza has-da yhlasly işlemäge, daýhançylyga bolan söýgimize söýgi goşmaga ruhlandyrýar. Iki oglum daýhançylygyň inçe syrlaryny ele aldylar diýsem ýalňyşmazmykam diýýärin. Men toprakdan bagt tapan daýhan hökmünde, şeýle-de biz daýhanlara ýakyndan ýardam edýän, pagtanyň, bugdaýyň satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyryp, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýan hormatly Prezidenti mi ze gije-gündiz alkyş aýdýar ys — diýip, bereketli pellerde ýagşy dilegleri gaýta-gaýta diline getirdi. 
    Durmuş joşgun berende, zähmet üstünliklerine ýetirende, gözüňi dokundyrýan ymaratlar peýda bolanda olar dogrusyndaky gürrüňler söze sygmajak eken. Biz Ahal welaýatynyň ýeten sepgitleri barada gürrüň etmekçi bolanymyzda hem muňa anyk göz ýetirdik. Olar hakynda bir makalanyň çäginde gürrüň etmek asla mümkin hem däl. Olaryň her biri aýratyn dessana mynasyp.
                                                                "Mugallymlar gazeti" gazeti