Milli ykdysadyýet: dördünji senagat rewolýusiýasy 

    Ýurdumyzyň ykdysadyýeti innowasion ösüş ýolunda ynamly öňe barýar. Milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygy yzygiderli ýokarlanyp, ýurdumyzyň mynasyp hyzmatdaş hökmündäki halkara abraýy barha pugtalanýar. 
    Ýakynda Daniýanyň belli «Haldor Topsoe» kompaniýasynyň wekilleri tarapyndan Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodda önümçiligiň innowasion häsiýetini tassyklaýan halkara güwänamalaryň gowşurylmagy muny doly aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Bu zawod öz ölçegleri boýunça ýeke-täk bolup, ol ýerde tebigy gaz senagat möçberinde suwuk ýangyja öwrülýär. Bu ägirt uly taslama senagat derejesinde dünýäde ilkinji gezek Türkmenistanda amala aşyrylyp, onda ornaşdyrylan sanly çözgütler dördünji senagat rewolýusiýasynyň talaplaryna esaslanýan innowasion häsiýetliligi bilen tapawutlanýar. 
    Dünýä ykdysady ösüşiniň aýrylmaz şerti bolan dördünji senagat rewolýusiýasynyň esasy bölegi sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi bilen baglydyr. Ýurdumyzda sanly tehnologiýalaryň milli ykdysadyýete ornaşdyrylmagy «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda amala aşyrylýar. 
    Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, dünýä ýüzünde fiziki, sanly we biologik häsiýetli tehnologiýalaryň utgaşdyrylmagyny alamatlandyrýan dördünji senagat rewolýusiýasy eýýäm syýasy, ykdysady hem-de durmuş ulgamlaryna öz täsirini ýetirýär. Tehnologiýalaryň goşulyşmagy hem-de fiziki, sanly we biologik ulgamlaryň arasynda tapawutlaryň ýitip gitmegi senagat rewolýusiýasynyň häsiýetli aýratynlygydyr.
    Dünýä tejribesinde «Senagat-4.0» diýlip atlandyrylýan dördünji senagat rewolýusiýasy daşky gurşaw bilen yzygiderli özara hereketde hakyky wagt düzgüninde intellektual ulgamlar arkaly dolandyrylýan sanly önümçilige doly geçmekligi göz öňünde tutýar. 
    «Senagat-4.0» konsepsiýasyny bolsa, esasan, dört sany ýörelge emele getirýär. Olaryň birinjisi — adamlaryň we maşynlaryň funksional häsiýetden özara utgaşykly işlemegi (Internet ulgamynyň üstünden göni gatnaşyk etmek mümkinçiliginiň döremegi), ikinjisi — maglumatlaryň aýdyňlygy we ulgamlaryň fiziki dünýäniň wirtual nusgasyny döretmek başarnygy, üçünjisi — maglumatlaryň uly möçberini birleşdirmekde we adam üçin howply bolmadyk beýleki wezipeleri ýerine ýetirmekde maşynlaryň adamlara tehniki kömegi üpjün etmegi, dördünjisi — ulgamlaryň çözgüdi aýratynlykda we özbaşdak kabul etmek başarnygynyň bolmagydyr. 
    «Senagat-4.0» ähli fiziki aktiwleriň utgaşykly sanlaşdyrylmagyny we gymmaty emele getirmegiň zynjyryna gatnaşýan hyzmatdaşlar bilen bilelikde, olaryň sanly ekoulgama goşulyşmagyny üpjün edýär.
    Internet zatlar we senagat Internet zatlar sanly ykdysadyýete geçilende, onuň işjeň ösdürilýän bölegi bolmak bilen, menzilara gözegçiligi üpjün etmekde we hakyky wagt düzgüninde prosesleri awtomatik usulda dolandyrmaga giň mümkinçilikleri açýar. Bu konsepsiýalar ähli zatlaryň datçikler bilen enjamlaşdyrylyp, olaryň Internet ulgamyna bagly bolmagyny göz öňünde tutýan birnäçe tehnologiýalary özünde jemleýär. Internet zatlar we senagat Internet zatlar gural hökmünde örän meňzeş tehnologiýalar bolmagyna garamazdan, olar niýetlenişi bilen tapawutlanýarlar. Eger Internet zatlaryň esasy wezipesi çaklamalary we modelleri işläp düzmekde ulanmak üçin ähli mümkin bolan maglumatlary ýygnamak bilen bagly bolsa, senagat Internet zatlaryň esasy wezipesi önümçiligiň awtomatlaşdyrylmagyny (datçikleriň görkezijileri esasynda serişdeleri we kuwwatlyklary menzilara dolandyrmak) gazanmakdan ybaratdyr.
    Internet zatlar niýetlenilişine baglylykda, birnäçe wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam berýär. Eger ulanyjylar raýatlar bolanda, Internet zatlar saglyk nukdaýnazaryndan, bedeniň saglyk ýagdaýyna gözegçilik etmäge, daşky gurşaw bilen sazlaşykly hereket etmäge, ulag, bilim we beýleki hyzmatlar babatda amatlyklardan peýdalanmaga we dynç alşyň hilini ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Işewürlik gurşawynda Internet zatlar sarp edijileriň isleginiň ýokary derejede kanagatlandyrylmagyna, harajatlaryň we wagtyň tygşytlanmagyna, önümleriň we hyzmatlaryň hiliniň hem-de zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyna, töwekgelçilikleriň netijeli dolandyrylmagyna, müşderileriň sanynyň artdyrylmagyna hem-de ylmy-barlag we tejribe-synag işleriniň netijeli ornaşdyrylmagyna şert döredýär. Eger döwlet nukdaýnazaryndan seredilende, Internet zatlar jemgyýetçilik howpsuzlygyny, jemagat we beýleki döwlet hyzmatlarynyň netijeliligini we hilini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
    Önüm öndürmek üçin kiberfiziki ulgamlary ösdürmek we peýdalanmak maksatly işlerde önümçiligiň fiziki bölekleriniň (elementleriniň) we maglumat tehnologiýalar ulgamynyň goşulyşmagy «Senagat-4.0» konsepsiýasynyň esasy talaplarynyň biridir. Şeýlelikde, senagatyň düýpli öwrülişigi kiberfiziki önümçilik ulgamlaryna esaslanyp, olaryň üsti bilen fiziki we wirtual dünýäleriň birleşmegi bolup geçýär.
    Halkara tejribede, senagat babatynda «kiberfiziki önümçilik ulgamlary» diýen adalga peýdalanylýar. Kiberfiziki ulgamlar gözegçilik edilýän gurşawa doly göz ýetirmek hem-de has takyk çözgütleri kabul etmek üçin fiziki gurşawda ornaşdyrylan intellektual datçiklerden gelýän maglumatlary ulgamlaýyn birleşdirýär. Ýerine ýetiriji elementler, fiziki manysynda alynýan maglumatlaryň esasynda peýdalanyjylaryň ýerleşýän gurşawyna üýtgetmeleri girizmäge mümkinçilik berýär. Wirtual manysynda şeýle ulgamlar peýdalanyjylaryň, enjamlaryň we maşynlaryň wirtual hereketleri baradaky maglumatlary ýygnamak üçin ulanylýar. 
    «Senagat-4.0» konsepsiýasyny adaty oturdylan ulgamlardan kiberfiziki ulgamlara geçilmegini göz öňünde tutýan tehnologik öwrülişik, hakyky we wirtual dünýäleriň özara utgaşykly hereketi, şeýle hem önümçiligiň adaty oturdylan ulgamlary bilen «akylly» önümçilik prosesleriniň birleşmegi diýip hem düşünip bolar. 
    «Senagat-4.0» «Akylly zawodlar» infrastrukturasyny ýaýratmak bilen, önümçiligiň wirtual we fiziki ulgamlaryň global derejede özara çeýe hereket edýän dünýäsini döredýär. Bu bolsa önümleriň doly uýgunlaşmagyny we täze amal nusgalarynyň döredilmegini üpjün edýär. Iň esasy zat hem — bu rewolýusiýanyň barşynda iň täze tehnologiýalar we uniwersal innowasiýalar çalt hem örän giň gerimde ýaýraýar. Şeýle işleri ýokary hünär derejeli hünärmenleriň bolmagy sanly özgermelere ýeňil uýgunlaşmaga oňyn täsir edýär.  
    Milli Liderimiz geçen ýylyň oktýabr aýynda Ýaponiýa iş saparynyň dowamynda şol ýurtda bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşykda sanly ykdysadyýete geçilende, öňde durýan wezipeleri çözmek üçin programma düzüjiler, inženerler, tehnologlar ýaly hünärmenleriň zerurlygynyň göz öňünde tutulandygy, diňe bilimlere we innowasiýalara eýe bolmak bilen, bäsdeşlige ukyplylygy hem-de ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini gazanyp boljakdygyny aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, öňdebaryjy halkara tejribäniň öwrenilmegi wajyp wezipeleriň hatarynda görkezildi. 
    Şeýlelikde, innowasiýa häsiýetli sanly tehnologiýalar ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygynyň we zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyny, täze hünär ugurly iş orunlarynyň döremegini, ykdysady ösüşiň höweslendirilmegini, harajatlaryň peselmegini, maglumatlaryň elýeterliliginiň we täze bazarlara çykmak mümkinçilikleriniň artmagyny üpjün edýär. Munuň özi netijede tutuş ykdysadyýetiň ösmegine multiplikatiw (artdyryjy) täsirini ýetirýär. 
    Ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryna ýokary tehnologik sanly ulgamlary ornaşdyrmagyň we netijeli peýdalanmagyň hasabyna durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ykdysady nusga milli ykdysadyýetiň we jemgyýetçilik ulgamynyň hereket edişiniň netijeliliginiň ýokarlanmagyna hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagyna ýardam berip, uzak geljekde hem ýurdumyzyň gülläp ösmegi üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Türkmenistanda dördünji senagat rewolýusiýasynyň talaplaryna laýyklykda sanly ulgamlaryň işjeň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň döwrebaplaşdyrylmagyny hem-de täze pudaklaryň döredilmegini şertlendirer. Milli ykdysadyýetiň has-da ösmegini, ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň düzüminde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň paýynyň has-da artmagyny üpjün eder.