«Ýylyň gelşi äheňinden maglumdyr»

    Türkmençilikde bir gowy ýörelge — däp bar: ata-ene öz perzendine eý görýän adyny dakanda, onuň şol ada mynasyp bolmagyny-da isleýär. Soňky bäş ýylyň dowamynda döwlet durmuşynda hem bir gowy däp döredi: her gelen täze ýyla at dakylyp, ýylyň bütin dowamynda amala aşyrylýan işler şol şygaryň mazmuny bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Milli Liderimiziň aýdyň we oýlanyşykly ýörelgesine esaslanylyp geçen, 2019-njy ýyl «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygar bilen atlandyryldy. Ýylyň dowamynda türkmenistanlylaryň we tutuş dünýä bileleşiginiň gözüniň alnynda ägirt uly meýilnamalar durmuşa geçirildi. Olar anyk netijelere, batyrgaý çözgütlere eýe boldy. Biz 2020-nji — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän ýylymyzda hem şol işleriň üstünlikli dowam etdirilmegine garaşýarys. Bu barada düýn — 2-nji ýanwarda paýtagtymyzdaky Erkin döredijilik mekanynda ýurdumyzyň medeniýet toplumynyň guramagynda geçirilen «Dünýä dolýar parahatlyk mukamy, «Türkmenistan — Bitaraplyk mekany» atly dabaraly maslahatyň dowamynda hem giňişleýin gürrüň edildi, geçen ýylda gazanylan üstünlikler seljerilip, üstümizdäki ýylda amala aşyryljak meýilnamalar barada pikir alşyldy. 
    Mundan bäş ýyl ozal — 2015-nji ýylda Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň toýuny giňden belledi. Şol ýyla bolsa «Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly» diýlip at berlipdi. Ýylyň şeýle atlandyrylmagy dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak, durnukly ösüşi gazanmak, «Açyk gapylar» syýasatymyzy giňden dabaralandyrmak bilen bagly wezipelerden ybarat boldy. Bu babatda Türkmenistan ençeme möhüm başlangyçlar bilen çykyş etdi. Netijede, milli Liderimiziň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de durnukly ulag boýunça teklipleri, şeýle hem beýleki ugurlar boýunça wajyp başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler tarapyndan goldanyldy hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen berkidildi. Mysal üçin, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylda geçirilen 71-nji mejlisinde 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi baradaky, 2018-nji ýylda geçen 72-nji sessiýasynda 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi hakyndaky, 2019-njy ýylda bolup geçen 73-nji sessiýasynda bolsa 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky Kararnamalaryny ýatlamak bolar. Umuman, milli Liderimiziň teklipleri esasynda halkara ähmiýetli meseleler boýunça Baş Assambleýa tarapyndan 13 Rezolýusiýa kabul edildi. 
    Ýurdumyzy ösdürmek bilen bagly beýik maksatlardan ugur alnyp, 2016-njy ýyl «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýip atlandyrylmagy halkymyzyň örän baý medeni mirasyny köptaraplaýyn öwrenmäge badalga berdi. Hut şol ýylyň dowamynda hormatly Prezidentimiz medeni mirasyň ähmiýetini ylmy-filosofiki nukdaýnazardan açyp görkezýän «Çaý — melhem hem ylham», «Gadamy batly bedew», «Arşyň nepisligi», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly ajaýyp eserleri halkymyza peşgeş berdi. Şeýle-de şol ýyl hormatly Prezidentimiziň aýratyn tagallasy bilen «Paýhas çeşmesi» ady bilen halk paýhasynyň dürdäneleriniň jemlenen kitaby okyjylara gowuşdy.
    2017-nji ýylyň «Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly» diýlip atlandyrylmagy ýaş neslimizi sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän, sportuň ähli ugurlarynda üstünlikleri gazanmaga ukyply adamlar edip ýetişdirmäge hem-de ýurdumyzy ösen sport döwletine öwürmäge gönükdirilen çäreler bilen bagly boldy. Şol ýylyň 17 — 27-nji sentýabry aralygynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary soňky döwürde biziň türgenlerimiziň sportuň köp ugrunda ýeten derejelerini dünýä buşlap, ýygyndy toparymyza uly üstünlikler getirdi. Iri halkara derejeli ýaryşlary geçirmekde tejribe bolan Aşgabat Aziadasyndan soňky döwürde ýurdumyzda geçirilen «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty sport senenamamyzyň möhüm wakalary hökmünde hasaba alyndy. Aýdylyşy ýaly, sport parahatçylygy gazanmagyň esasy ýollarynyň biri hasaplanýar. Bu barada «Galkynyş» gazetiniň baş redaktory M.Gazakbaýew maslahatda eden çykyşynda belledi. Onuň nygtamagyna görä, Türkmenistan sporty we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmekde we goldamakda nusgalyk işleri amala aşyrýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň bitaraplyk syýasaty bilen baglydyr. Her bir iri sport ýaryşy halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen birlikde, ýurdumyzyň parahatçylyk dörediji döwletdigi hakyndaky hakykaty dünýä ýaýýar. Täze, 2020-nji ýylda geçiriljek iri sport çäreleri hem munuň nobatdaky subutnamalaryna öwrüler. Hormatly Prezidentimiziň Täze ýyl Gutlagynda belleýşi ýaly, üstümizdäki ýylda ýurdumyzda Futzal boýunça Aziýa çempionaty, Tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryş we Sambo boýunça dünýä çempionaty geçiriler. 
    2018-nji ýylyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýyly» diýlip atlandyrylmagy halkymyzyň taryhy gymmatlyklaryny öwrenmek we olary häzirki döwrümize nusga edip almak bilen bagly boldy. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaplary aýratyn ähmiýete eýe boldy. Bu eserlerde adamzadyň taryhynda möhüm orun alan Beýik Ýüpek ýoly we bu ýoluň kadaly hereket etmeginde türkmen halkynyň bitiren beýik işleri ylmy maglumatlar esasynda beýan edilýär. Ine, şonuň üçin biziň döwletimiz bu gadymy ýoluň ugrunda halkymyzyň bitiren beýik işlerini öwrenmäge we şol döwrüň durmuş tejribesini ele almaga örän uly ähmiýet berýär. Sebäbi ol tejribe halkyň gurujylyk we döredijilik ukybyny artdyrýar, belent işlere ugrukdyrýar. Oňa biz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynyň dowamynda edilen işleriň mysalynda aýdyň göz ýetirip bilýäris. Bu işleriň ýurdumyzyň işjeň senagatlaşýan, ykdysady taýdan yzygiderli kuwwatlanýan häzirki döwri üçin ähmiýetlidigini açyp görkezmek maksady bilen, olaryň käbirine ünsi çekeliň: 2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda we Owganystanyň Hyrat şäherinde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyrynyň, ýagny onuň owgan böleginiň gurluşygyna girişildi. Şol gün bu ýerde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň düýbüni tutmak hem-de Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) demir ýoluny işe girizmek bilen bagly dabaralar boldy. 2018-nji ýylyň 2-nji maýynda milli ykdysadyýetimiz we tutuş sebit üçin uly ähmiýete eýe bolan Türkmenbaşy Halkara deňiz porty, 8-nji sentýabrynda Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde utgaşykly dolandyryş esasynda işleýän ilkinji bug-gaz turbinaly elektrik stansiýasy, 17-nji sentýabrda Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde ammiak we karbamid öndürýän «Garabogazkarbamid» hem-de 17-nji oktýabrda Gyýanlynyň polietilen we polipropilen zawodlary işe girizildi.
    Şol ýylyň dowamynda sebitde we dünýäde ulag-üstaşyr geçelgeler ulgamyny döretmek barada örän ähmiýetli pikir alyşmalaryň bolandygyna hem ünsi çekmeli. Şolaryň hatarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 2018-nji ýylyň 2-nji maýynda «Beýik Ýüpek ýoly — täze belentliklere tarap» we şol ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýa Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga («Lapis Lazuli» ugry boýunça ylalaşyk) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahatlary geçirildi. Bu forumlarda gadymy ýoluň ähmiýeti we ony dikeltmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 
    «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygar astynda geçýän täze ýyla bagyşlanan maslahatyň barşynda edilen çykyşlarda tamamlanan, 2019-njy — «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylan üstünlikler dogrusynda hem durlup geçildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hünärmeni Akmyrat Rejebow ýylyň dowamynda onuň öz şygaryna mahsus rowaçlyklaryň, ýeňişleriň gazanylandygyny nygtady. Ol öz çykyşynda milli Liderimiziň Ministrler Kabinetiniň 2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda geçirilen giňişleýin mejlisinde üstümizdäki, 2020-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň baýramy mynasybetli halkara maslahatyny, dabaralary we çäreleri geçirmek hakyndaky gol çeken Kararyna laýyklykda, ministrlik tarapyndan şu şanly senä bagyşlanyp geçiriljek medeni-köpçülikleýin çäreler barada belläp geçdi. 
    Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Täzegül Nurmämmedowanyň öz çykyşynda belleýşi ýaly, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň üstünlikli tamamlanmagy, birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegi, ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berilmegi, Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň düýbüniň tutulmagy, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitindäki «Akýaýla» suw howdanynyň töwereginde durmuş-önümçilik toplumynyň gurluşygyna girişilmegi, Ahal welaýatynda tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän dünýäde ýeke-täk zawodyň işe girizilmegi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy wekilçilikli edarasynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly wezipeleriň kesgitlenmegi, merdana daýhanlarymyz bereketli türkmen topragyndan Watan harmanyna 1 million 650 müň tonnadan gowrak bugdaý, 
    1 million 60 müň tonnadan hem köp «ak altyn» tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri, türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen birlikde, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyran «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleriniň» XI jildi, «Türkmen alabaýy» ýaly kitaplarynyň çapdan çykmagy bilen hem taryh sahypasynda, hem her ynsanyň kalbynda öz mynasyp ornuny tapdy. 
    Şahyrda şeýle setirler bar: «Günüň gelşi säherinden maglumdyr, Ýylyň gelşi äheňinden maglumdyr». Hawa, şahyr mamla. Ýyllaryň sepgidinde bolup geçýän käbir wakalar täze ýylyň nähili ruhda geçjekdigini, neneňsi üstünlikleriň gazanyljakdygyny habar berýär. Mundan birnäçe gün ozal, 29-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp, ol ýerde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşyp, olaryň türgenleşik işleri bilen tanyşdy. Tanyşlygynyň barşynda bolsa, Gahryman Arkadagymyz Ak ýol atly ak behişdi bedewine atlanyp, bagtyýar halkymyza Täze ýylda ak ýollara rowanalygy arzuw etdi. Şol buýsançly pursat bolsa bir oraşan hakykaty aňdyrdy: «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesi giň jahanda ýene bir ýola ykrar tapar. Bagtyýar halkymyz ak ýollarda ak bagtyna gowşup, eziz Arkadagymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, toý-baýramlarymyzy uly ruhubelentlikde garşylar.
    Ynsan arzuw bilen ýaşaýar. Şonuň üçin-de, iň bir elýetmez ýaly görünýän arzuwlaryňam hasyl bolýanlygyny biz kän-kän ýyllaryň, ylaýta-da, geçen 2019-njy ýylyň mysalynda gördük. Indi 2020-nji ýyldanam şoňa garaşýarys. Gahryman Arkadagymyzyň bu ýyly «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýip atlandyrmagy, biziň şol süýji arzuwlarymyzyň wysalyna bolan ynamymyzy has-da artdyrýar, şeýle-de ýurdumyzyň ösüşleriniň dünýä dolmagy, milli Liderimiziň beýik işleriniň ak ýollarda rowaç bolmagy baradaky dilegleri zybanymyza getirýär. «Köpüň dilegi bolsa köl bolar», enşalla!