HAKYDA HEM HYÝAL

    Ötüp barýan ýyldyr ýetip gelýän ýyl hakda pikir derýasyny boýlap oturşyma, eslije wagt geçen bolarly, asyl käsämdäki çaýym gyrpaklaýan eken. Dünýä inen günüňden tä soňky deme çenli «Ömür» diýlip atlandyrylan wagta garaýyş, oňa düşüniliş, dahyllylyk, adam oglunyň häsiýetleriniň dürli-dürli bolşy ýaly, iňňän dürli-dürlüdir. Öňümdäki ak kagyzyň ýüzüne «Hakyda hem Hyýal» diýip ýazypdyryn. Ýeri, ýazsaň ýazypsyň-da. Bu hakda saňa çenli kän-kän ýazyldy, sen şolardan üýtgeşik nämejik aýdyp-diýip bilerkäň?! Anha, olar häliden bäri ümmüldeşip, seniň özleri hakda entek ýeke söz ýazyp bilmän oturanyňdan habary bara meňzänoklar. Olar ümmüldeşip, dünýäni unudaýan ýalymy?! Diňşeýän. Baý-bo-uw, olar dünýäni unutsa, biri Hakyda, beýlekisi Hyýal boljakmy diýsene! Onsoň, Hakyda maňlaý diräp, Hyýalyň yzyna düşýän. Onuň gadymyýetiň, geçmişiň alyslyklaryna, geljegiň gözýetimlerine äkidip bilýänligi bir gowy. Gulagyma pyşyrdy eşidildi. 
    — Esenguly...
    Hakyda eken... Hyýal oňa düş-düş bolarly, göz açyp-ýumasy salymda Esenguludan çykardy. Indi maňa-da ähli zat eliň aýasynda ýalydy. 
    Bir döwürler ýurduň bütinleý diýen ýaly unudylan bu gyrak-çetki künjegini indi görmäge göz gerek. Döwlet Baştutanymyzyň bu ýere 13 ýyla golaý mundan öňki iş sapary Esengulyny ezeneginden çekilen ýaly etdi. Hormatly Prezidentimiziň 2007-nji ýylyň 2-nji martynda gol çeken «Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň ilatynyň medeni-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak hakyndaky» Karary häzirki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne tarap alnan köpugurly ugrukmalaryň biri boldy. 
    Ýene Hakydanyň pyşyrdysy eşidildi.
    — Awaza...
    Düşündim. Hyýalyň yzyna düşüberdim. Ol meni goja Hazaryň gündogar kenaryndan çykardy. Döwlet Baştutanymyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy hakyndaky» 2007-nji ýylda çykaran Kararyndan bäri geçen wagt kän däl, bitirilen iş weli, ummasyz köp. Haňlap ýatan çola kenary barsaň gaýdasyň gelmeýän, diňe ýurduň, sebitiň däl, tutuş dünýäniň jenneti künjegine öwräýmek dilde aňsat. Telpegiňi oklasaň çöp ilişmejek ýalazy kenarda «Ertekiden çykdymyka?» diýdirýän, göreni aňkardýan ajaýyplygy döretmek üçin ykdysady gurp hökmandyr, ýöne ýurduň her daban topragyna çuňňur söýgüdir gurmak islegi-de şonçarak gerekdir. Şeýle söýgini perzendiň ene-ata söýgüsi bilen deňäsiň gelýär. Çünki, ata-babalar ýöne ýere ata Watan, ene toprak diýen däldirler. 
    — Bereket, 2007, 1-nji dekabr...
    Hakydanyň üzlem-saplamrak pyşyrdysy iňňän düşnükli. «Demirgazyk — Günorta» transmilli demir ýolunyň ilkinji relsleriniň goýluş dabarasyny ýatladýar. Hyýal Bereketden Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuna äkidýär. 
    Hakyda ýene pyşyrdaýar.
    — 2009-njy ýyl, 15-nji iýul...
    — Milli Liderimiziň gatnaşmagynda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň 1-nji nobatdakysynyň tamamlanmak dabarasy teşne Sähragözeliň lebine nem bermek, şeýdibem, ony has gözelleşdirmegiň dabarasy boldy.
    Hakyda — adam oglunyň ýaraşygy. Ynha, ol maňa Daşoguz welaýatynyň täze gurlan Ruhubelent, Lebap welaýatynyň Döwletli, Mary welaýatynyň Altyn asyr etraplaryny ýatladýar. Öň ençeme gezek bolan-da bolsaň, Hyýal seni ýene şol ýerlere aýlaýar. Eýsem näme? «Ýagşyny görmek jennet» diýen pähimem bar ahyry!
    Ýurt babatda, ösüşler hakda aýdylanda, ýylsaýyn däl-de, «Günsaýyn ösýär» diýilse, hakykatyň has hatyralandygy bolar. Ýurduň ýüzi, keşbi onuň ykdysady kuwwaty bilen birlikde, her bir türkmeniň oňa ogullyk söýgüsini berşini, Watanyň öňünde perzentlik borjuna amal edişini-de alamatlandyrýar.
    — Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi.
    Hakyda ýene-de ýatladýar. Diňe ol däl, gurluşygyna 2011-nji ýylyň 11-nji dekabrynda badalga berlen TOPH gaz geçirijisi hakda diňe dahylly ýurtlar däl, dünýäniň men-men diýen ýurtlary gyzyklanýar.
    Hyýal «Gündogar — Günbatar» gaz geçirijisiniň ugruna äkidýär. Onuň ugrunda — Owadandepede gurlan, gazdan ECO-93 benzinini öndürýän dünýäde ýeke-täk zawod diňe bizde bar. Zawoddan sesýetim ýeňseden başlanýan ýokary tizlikli ýol, Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezi, Lebap welaýatynda birbada dört şäherçäniň gurluşygy, ummasyz uly hem kän işleriň käbiri bolup, ol hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen durmuş ugurly syýasatynyň tassyklanmasydyr. 
                                        * * *
    Ýene Hyýalyň yzyna düşüp barýan. Bu gezek niräkä? Janymy barlaýan.
    — Ugur nirädir-ä, nirä barýas-a?!
    Onuň jogaby edil şeýle sowala garaşýanyňky ýaly, nagt hem anyk boldy.
    — Ýurduň geljegine.
    Hyýal bilen hemralykda ertekiler dünýäsine düşen ýaly bolduk. Aýlandyk, gördük, guwandyk. Hyýal pyşyrdady:
    — Nähili eken?!
    — Gül!
    Hawa, gül Diýaryň geljegi-de gül!