Ak bedewde ak ýollara rowanalyk

    Ýadymyzda bolsa, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde täze doglan taýçanaga hormatly Prezidentimiz Rowaç diýip at goýupdy. Bu at halkymyzyň, Watanymyzyň rowaçlygyň ýoly bilen öňe gitmegi baradaky ýagşy arzuwlaryň ýüze çykmasy boldy. Hormatly Prezidentimiziň ýylyň ahyrky günleriniň birinde, ýagny 29-njy dekabrda ajaýyp künjekde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bolup, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşmagy-da çuň many-mazmuna eýe boldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň behişdi bedewlerimize bolan belent hormatynyň ýene-de bir aýdyň mysaly boldy.
    Tamamlanyp barýan «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda döwlet Baştutanymyzyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşmagy atşynaslar üçin ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Şeýle şatlykly waka mynasybetli, düýn «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň edara binasynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa döwlet birleşiginiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň hünärmenleri we hususy atşynaslar gatnaşdylar.
    Maslahatda çykyş edenler milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen atçylyk pudagynda ýetilen belent sepgitler, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan üstünlikleri hakda uly guwanç bilen bellediler.
    Atçylyk sungatynda atşynaslara görelde bolýan hormatly Prezidentimiziň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bolmagy, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň alyp barýan işleri bilen gyzyklanmagy, olara degerli maslahatlaryny bermegi atşynaslar üçin belent mertebedir. Halkymyzyň buýsanjy bolan bedewlerimize uly sarpa goýýan döwlet Baştutanymyzyň bedewlere bagyşlap ýazan kitaplary hem atçylyk ulgamynyň hünärmenleri üçin ýol-ýörelge bolup durýar. Ynha, şu ýyl «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly ajaýyp eseri halkymyza peşgeş bermegi milli Liderimiziň behişdi bedewlere näderejede sarpalydygyny äşgär edýän hakykatdyr. Bu babatda dabaranyň dowamynda çykyş edenler nygtadylar. Maslahatda hususy atşynas B.Şadurdyýewiň, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň tohum atlary hasaba alyş we ylmy seleksiýa bölüminiň müdiriniň orunbasary K.Bäşimowyň, bu birleşigiň atçylyk pudagyna sanly ulgamy ornaşdyrmak we daşary aragatnaşyklar bölüminiň müdiri B.Berdimyradowyň, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň seýisleri D.Saparowyň, S.Kuljanowyň çykyşlary has-da täsirli boldy.
    Maslahata gatnaşanlar halkymyzyň milli buýsanjyny belende göterýän, milli atçylyk sungatynda uly mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
    — 29-njy dekabrda hormatly Prezidentimiziň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň türgenleşik geçip duran wagtynda toparyň agzalary bilen hal-ahwal soraşmagy bizi iňňän buýsandyrdy. Gahryman Arkadagymyz «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparymyza gazanan uly üstünliklerimiz üçin ABŞ-nyň 50 müň dollary möçberindäki pul baýragyny gowşurdy. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly biziň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparymyz üçin-de rowaçlyklaryň ýyly boldy. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda-da oýunlar toparymyza ak ýol arzuw etdi. Iki ýylyň sepgidinde bolup geçen bu taryhy waka — Ak ýol atly ak behişdi bedewine atlanan Gahryman Arkadagymyzyň mähriban halkymyza Täze ýylda ak ýollara rowanalygy arzuw etmegi, biziň şatlyk-buýsanjymyzy has-da artdyrdy. Nesip bolsa, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ak bedewde ak ýollara edilen arzuwlar Täze ýylda wysal tapyp, ýollarymyz ýagty, geljegimiz nurana bolar. Täze ýylda-da Watanymyzyň şöhratyna şöhrat goşmak üçin yhlasymyzy gaýgyrmarys. Gahryman Arkadagymyza köp-köp sag bolsun aýdýarys. Goý, mähriban Prezidentimiziň jany sag, dünýä nusgalyk işleri hemişe rowaç bolsun! «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly hem halkymyza, Watanymyza şowlulyk getirsin! — diýip, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, Türkmenistanyň at gazan atşynasy, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çeper ýolbaşçysy Pygy Baýramdurdyýew buýsanjyny paýlaşdy.