Rowaçlyk we Bitaraplyk ýoly: üstünliklerden-üstünliklere!

    Ine, 2019-njy ýylymyz — «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýip atlandyran ýylymyz tamamlanyp barýar. Ähli ýerde — her edara-guramada, her bir öý-ojakda Täze ýyly — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyny garşylamaga taýýar bolup durus. Bosagamyzdan ätlejek 2020-nji ýylyň hemmämize üstünlik hem ruhubelentlik getirjekdigine berk ynamymyz bar, şonuň üçin-de Täze ýyly şatlyk-şagalaň, gülki hem-de zähmet üstünliklerimiz bilen garşylaýarys.
u gün — 2019-njy ýylyň iň soňky güni. Adatça, bu gün geçip barýan ýyla ser salynýar, edilen işler jemlenilýär, geljege nazar aýlanylýar. Biz halk hökmünde tamamlanyp barýan ýyldan razy bolmaga, oňa kanagatlanmak bilen “Sag bol, 2019!” diýmäge doly haklydyrys. Bu ýylda hormatly Prezidentimiziň saýasynda il-ýurt ähmiýetli, döwlet bähbitli köp işler edildi. Ol işler halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak bilen bir hatarda, döwletimiziň abraýyny artdyrdy, ýurdumyzyň şan-şöhratyny arşa göterdi. Içeri hem daşary syýasatda ägirt uly işler edildi. Ol işler, misli täze dogan ýyldyz bolup, Türkmenistanyň dünýä döwletleriniň ünsüni barha köp özüne çekmegine sebäp boldy. Geliň, ilki bilen şu ýylyň dowamynda Türkmenistanyň daşary syýasatynda bolup geçen, has güberçekläp, ünsüňi özüne çekýän käbir wakalary ýatlalyň! 
    Türkmenistan we Hazar ykdysady forumy. Hazarýaka döwletleriniň bu forumyny her ýyl geçirmek başlangyjy bilen çykyş eden we onuň birinjisini özünde geçiren Türkmenistan dünýäde täze bir ykdysady sebitiň, özi-de ägirt uly syýasy-medeni, ylym-bilim, täze tehnologiýa, adam maýasy, tükeniksiz maýa goýum mümkinçilikli, diýseň uly sarp ediş bazary bolan, iň esasy-da, diňe özara däl, eýsem, dünýä döwletleriniň ählisi bilen ysnyşykly hem bähbitli hyzmatdaşlyga taýýar bolan täze sebitiň emele gelendigini dünýä buşlady. Türkmenbaşy şäherinde awgust aýynda geçirilen bu forum Hazar ýakasyndaky bäş döwletiň ähli güýç-kuwwatlyklaryny bütin adamzadyň ýagty geljegine gönükdirmäge taýýardyklaryny, halklarynyň bolsa dost-doganlyga meýillidiklerini görkezdi. 
    Türkmenistan we Goşulyşmazlyk Hereketi. Goşulyşmazlyk Hereketi dünýäde BMG-den soň ululygy hem täsiri boýunça ikinji orunda durýar. Onuň işine gatnaşmak bilen, Türkmenistan oňa has-da işjeňlik berýär. Munuň şeýledigini tamamlanyp barýan şu ýylda bu guramanyň Baku şäherinde geçirilen ХVIII sammitinde hormatly Prezidentimiziň çykyşy aňryýany bilen subut etdi. Milli Liderimiziň çykyşynda aýdan bu sözleri Goşulyşmazlyk Hereketiniň Tertipnamasyna esas bolup biler: “Biziň döwletlerimiz ösüp gelýän ýurtlaryň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramagyň tarapdarlary bolup, garaýyşlaryny özara ylalaşyp, bilelikde çykyş etmelidir”. 
    Türkmenistan we GDA. GDA-nyň giňişligindäki döwletler — biziň iň ýakyn hyzmatdaşlarymyz we öňden gelýän dostlarymyz. Türkmenistan tamamlanyp barýan şu ýylda bu halkara guramada başlyklyk etdi, özi-de biziň ýurdumyzyň GDA-da başlyklyk etmegi guramanyň işini has ösdürdi we onuň halklaryny öňküden-de jebisleşdirdi diýip, uly ynam bilen aýdyp bolar. GDA-nyň işi bilen bagly ýurdumyzda geçirilen halkara çäreler şeýle diýmäge doly esas berýär. GDA-da başlyklyk etmegiň estafeta baýdagyny biziň ýurdumyzdan alan döwletiň — Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň şu ýylyň dowamynda Arkalaşygyň guran forumlarynyň we duşuşyklarynyň derejesini ýokary göterendigini nygtady diýip, TDH agentligi öz teswirinde ýazdy. Şeýle pikir şu wakanyň yzysüre Türkmenistanyň DIM-de bolan brifingde hem aýdyldy. Diýmek, Türkmenistanyň tejribesi şu işde nusga alarlyk mekdep bolupdyr diýip, nygtap bolar. Türkmenistan GDA-nyň mümkinçilikleriniň uludygyna ynanýar hem-de ondan geljekde-de has doly peýdalanmak üçin gatnaşyklaryň täze nusgalarynyň gözlenilmelidigini hormatly Prezidentimiz bu guramanyň döwlet Baştutanlarynyň ýaňy-ýakynda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen resmi däl duşuşygynda aýtdy. 
    Türkmenistan we Merkezi Aziýa. Merkezi Aziýanyň döwletleri Türkmenistan üçin diňe ýakyn hyzmatdaşlar, dostlar däldir. Türkmenistanyň özüniň-de bu sebitiň içinde ýerleşýändigi üçin onuň sebitiň ýurtlary bilen ykdysady, syýasy, medeni gatnaşyklary has içgindir, has mähirlidir. Sebäbi sebitde ýaşaýan halklar bilen biziň halkymyz taryhy taýdan juda golaýdyr, biri-birimiziň dilimize dilmaçsyz düşünip bilmegimiz, dinimiziň birligi, däp-dessurlarymyzyň umumylygy, ählumumy gymmatlyk hökmünde şol bir zady öňe çykarmagymyz, arzuw-hyýallarymyzyň meňzeşligi we ýene-de kän-kän zatlaryň umumylygy biziň döwletlerimize hem halklarymyza agzybirlige gol ýapyp, hemişe birek-biregi hormatlap hem goldap ýaşamagyň zerurdygyny görkezýär. Häzirki döwürde Merkezi Aziýanyň döwletleri hyzmatdaşlyk etmegiň, bir sebitde dogan ýaly bolup ýaşamagyň nusgasyny görkezýärler. Merkezi Aziýa sebiti jebisligiň hem dost-doganlygyň mekany hökmünde dünýä arenasynda barha giňden tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň Merkezi Aziýa sebitiniň dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygyny 5+ görnüşinde dowam etmegi teklip etmegi geljekde biziň sebitimiziň bütin dünýäde iň bir tanalýan, hyzmatdaşlyga gaýym, dostluga-doganlyga berk hormat goýýan, halklarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesi boýunça has ýokary, ylma-bilime, sagdyn pikire gol ýapylýan, kuwwatly we jebis döwletleri bolan sebit hökmünde tanalmagynda ägirt uly ähmiýete eýedir. Ýylyň dowamynda ýurdumyzyň bu sebitdäki ýurtlar bilen dowam etdirilen mähirli gatnaşyklary şunuň hakykatdan-da şeýle boljakdygynyň güwäsidir. 
    Hawa, Türkmenistanyň daşary syýasaty ýurdumyzyň dünýäniň ähli döwletleri we sebitleri, şeýle hem halkara guramalar, şol sanda BMG ýaly iri halkara guramalary bilen ýola goýlan ýygjam aragatnaşygy döredijilikli ösdürýändigini görkezýär. 
    Prezident Maksatnamasy hereketde. Daşary syýasat, elbetde, içeri syýasat bilen berk baglanyşykly. Ýurdumyzyň içeri syýasaty bolsa juda oýlanyşykly düzülen maksatnamalar esasynda üstünlikli berjaý edilýär. Biz şunda, ilkinji nobatda, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” göz öňünde tutýarys. Bu maksatnama laýyklykda, şu ýylyň dowamynda edilen işler her bir türkmenistanlyny buýsandyrýar. Ol işler bolsa türkmeniň gurmak syýasatynyň täze derejä, täze basgançaga çykandygyny görkezýär. Mysallara ýüzleneliň! 
    Ahal welaýatynda gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap senagat toplumy her ýylda 1 milliard 785 million tonna gazy gaýtadan işlemek arkaly sintetik benzini (ýylda EKO-93 görnüşli 600 müň tonna), dizel ýangyjyny (ýylda 12 müň tonna) hem-de suwuklandyrylan gazy (ýylda 115 müň tonna) öndürmek bilen, Türkmenistanda baş ugurlaryň biri hökmünde saýlanylyp alnan ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak ýolunyň örän netijelidigini dünýä ýaýdy. Daşary ýurtlara ýük daşaýan uly awtoulaglaryň (furalaryň) sürüjileri türkmen ýangyjynyň hiliniň juda ýokarydygyny öz tejribelerinde göz ýetirendiklerini buýsanç bilen aýdýarlar. Olaryň aýdýanlarynyň dogrudygyny ýakynda bu senagat toplumynyň önümçiliginiň innowasion häsiýetini tassyklaýan güwänamalaryň hormatly Prezidentimize gowşurylmagy hem subut edýär. Milli Liderimiz häzir Türkmenistanda dünýäde fiziki, sanly we biologiki häsiýetli tehnologiýalaryň utgaşdyrylmagyny alamatlandyrýan dördünji senagat öwrülişiginiň geçirilmegi bilen baglylykda uly işleriň alnyp barylýandygyny aýdýar. Munuň özi okgunly ösüşi gazanmak üçin şertleri döretmäge, öz güýjüňi we ýurduň çig mal serişdelerini giňden peýdalanmaga ýardam edýär. 
    Türkmeniň gurmak syýasatynyň depginini ýurdumyzda alnyp barylýan beýleki gurluşyklar hem ähli aýdyňlygy bilen görkezýär. 2019-njy ýylyň 4-nji martynda hormatly Prezidentimiziň Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezini we birbada dört etrapda (Lebap welaýatynyň Çärjew, Saýat, Halaç, Kerki etraplarynda) dört şäherçäni gurmak babatda gol çeken Kararlaryny ýatlalyň! 
    “Altyn asyr” Türkmen kölüniň kenarynda işlemäge we ýaşamaga ähli amatlyklary göz öňünde tutulan önümçilik merkeziniň, welaýatlarda täze obalaryň we şäherçeleriň, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli ýoluň gurluşyklaryna başlanylmagy, şeýle-de paýtagtymyzyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda täze şäherçäni — Aşgabat sitini gurmak baradaky döwletli başlangyçlary halkymyzyň gurmak babatda uly maksatlarynyň bardygyny, olaryň-da howaýy bir zatlar däl-de, ýakyn ýyllarda amala aşjak taslamalardygyny görkezýän mysallardyr. 
    Şu ýylyň esasy aýratynlyklarynyň biri-de, ykdysadyýete sanly ulgamyň girizilip başlanmagy boldy. Sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly edaralaryň işiniň üýtgedilip guralmagy ykdysadyýetiň täze nusgasynyň döredilýändigini görkezýär, munuň özi ýurdumyzda döwleti dolandyrmak işiniň üznüksiz döwrebaplaşdyrylýandygyndan, diýmek, bu babatda-da dünýäniň öňdebaryjylaryna deňleşmek üçin çalşylýandygyndan habar berýär diýip, aýdyp bolar. 
    Hormatly Prezidentimiziň sözleri bilen aýdanymyzda, ýurduň altyn gaznasy hasaplanylýan telekeçiler hem tamamlanyp barýan ýylda ünsden düşürilmedi, gaýtam, 2019-njy ýyl döwletiň kiçi we orta telekeçiligi ösdürmeklige has duýarlykly goldaw berýändigini görkezdi. Bahasy milliardlarça manat bolan iri taslamalar türkmen telekeçilerine ynanylýar. Şu wagt gyzgalaňly dowam edýän Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli ýoluň — awtobanyň gurluşygy aýdylýanlara bir mysaldyr. Telekeçiler ähli ýerde — hyzmatda, söwdada, syýahatda, oba hojalyk önümlerini öndürmekde, gaýtadan işlemekde, maldarçylykda, gurluşykda, himiýa senagatynda, ýeňil senagatda, aň-bilimde, çaphana işlerinde, halkara ýükleri daşamakda, saglykda — jemläp aýdanyňda, adyny tutan ulgamyňda öz başarnyklaryny görkezýärler. Döwlet — hususyýetçilik gatnaşyklarynda bir ýagdaý göze ilip başlady: tamamlanyp barýan ýylda döwlet çykdajylaryny azaltmak maksady bilen, hususyýetçileriň maýasyny çekmek meýli döredi we ol barha bekeýär. 
    Täze ýylyň bosagasynda paýtagtymyz Aşgabadyň Parahat — 7/3 ýaşaýyş toplumynda ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň “Arkaç” geňeşliginiň çäginde Rowaç atly döwrebap obanyň dabaraly açylyşlary boldy.
    Halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda, mysal üçin, oba hojalygynda gazanylan üstünlikler hem buýsandyryjydyr. Şu ýyl 1 million 50 müň tonnadan gowrak “ak altynyň” ýygnalmagy, 1 million 650 müň tonnadan gowrak ak bugdaýyň Watanymyzyň uly harmanyna tabşyrylmagy, elbetde, göwünlere ganat bekledýär. 
    Şular ýaly göwün göteriji maglumatlary islendik ugurdan getirip bolar. Olaryň hemmesi birleşip, ýurdumyzda “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgäniň rowaçdygyny görkezmek bilen, onuň geljek ýyllarda-da rowaç tapjakdygyna ynam döredýär.
    Hawa, rowaçlyklara beslenen ýene bir ýylymyz tamamlanýar. Biz oňa: “Hoş gal, 2019!” diýmek bilen, täze ýylymyza salam berýäris. Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen oňa “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” diýlip, ruhubelent at dakyldy. Şeýle at bilen bosagadan ätleýän Täze ýylymyz hem, geçip barýan ýylymyz ýaly, düşümli ýyllaryň biri bolar. 
    Onuň şeýle boljakdygyny 2019-da gazanan üstünliklermiz, ýeten derejämiz görkezýär. 
    Onuň şeýle boljakdygyny hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly taglymaty görkezýär. 
    Onuň şeýle boljakdygyna mähriban halkymyz berk ynanýar.