Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy

    29-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün säher bilen Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşyp, olaryň türgenleşik işleri bilen tanyşdy.
    Ýapyk manežiň girelgesiniň öňünde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary garşyladylar.
    Halkymyzyň bedewlere bolan söýgüsini tutuş kalby bilen kabul edýän milli Liderimiz ahalteke atlarynyň şöhratyny belende galdyrmak, pederlerimiziň asylly atşynaslyk däplerini ösdürmek hem-de dünýäde wagyz etmek ýörelgelerini döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwürdi.
    Mälim bolşy ýaly, ajaýyp künjekde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda atçylyk sportunyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak, halkara derejedäki ýaryşlary geçirmek, bedewlere döwrüň ösen talaplaryna laýyk idegi üpjün etmek üçin ähli zerur şertler döredildi.
    Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça bu ýerde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň türgenleşikleri geçirmegi üçin ähli mümkinçilikler we döwrebap manež bar.
    Mundan başga-da, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Kärizek» geňeşliginde atşynaslar, seýisler we degişli hünärmenler üçin döwrebap Aba Annaýew obasy guruldy. Şu obada döwlet Baştutanymyzyň döreden mümkinçiliklerine hoşallyklarynyň çägi bolmadyk bagtyýar atşynaslar maşgalalary ýaşaýar.
    Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen şeýle hem atçylyk ulgamyna degişli täze ýokary okuw mekdebini açmak baradaky çözgüt kabul edildi.
    ...Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň çäklerinden alyslarda hem giňden tanalýan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň türgenleşik geçýän ýerine — ýapyk maneže geldi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2007-nji ýylda döredilen bu topar iri halkara bäsleşikleriň we sirk sungatynyň festiwallarynyň abraýly baýraklaryna ençeme gezek mynasyp boldy.
    Ahalteke bedewleri we onuň gadymy şöhratynyň hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ösdürilýändigi barada aýdanyňda, milli buýsanjymyzyň özboluşlylygy hem-de olaryň aýratynlyklary barada hem bellemeli. Çünki dünýäde iň gadymy tohumdaky atlaryň biri hasaplanylýan ahalteke bedewlerinde özüne mahsus aýratynlyklar jemlenendir. Munuň özi milli atşynaslyk ýörelgeleriniň we türkmen seýisleriniň yhlasynyň kämil derejä ýetirilendiginiň aýdyň subutnamasydyr.
    Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda gysga döwrüň içinde ýurdumyzda atçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady düýpli döwrebaplaşdyryldy, ykbalyny şu ugra bagyşlan hünärmenleriň iş we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak üçin ägirt uly işler amala aşyryldy.
    Munuň özi behişdi bedewlere we türkmen atşynaslaryna goýulýan hormaty alamatlandyrýar. Ahalteke bedewleriniň taryhy mekany bolan türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen bu atlar dünýä atşynaslygyny baýlaşdyrmak bilen bir hatarda, arassa ganly bedewleriň baş sanyny saklamak ugrundaky zerur işlere hem esas döredýär.
    Türkmen ilinde ahalteke bedewleri, edil gadymy döwürlerde bolşy ýaly, häzirki zamanyň toý-baýramlarynyň baş bezegine öwrüldi. Bedewlere aýratyn gadyr goýýan we türkmen atlarynyň şöhratynyň has-da beýgelmegi ugrunda yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanynyň artdyrylmagyny, atçylyk sportunyň ösdürilmegini bu pudagyň öňündäki baş wezipe hökmünde kesgitledi.
    Mahlasy, ahalteke bedewlerini seýislemek we ösdürip ýetişdirmek hem-de atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini işjeňleşdirmek meseleleri bu gün kämil ýagdaýda ösdürilýär. Bu bolsa ahalteke bedewleriniň gaýtalanmajak gözelliginiň berkarar bolmagy bilen bir hatarda, milli atçylyk sportunyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Bu işde hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde türkmen bedewleriniň dünýä ýüzündäki şöhraty belende galýar.
    Şunuň bilen baglylykda, behişdi bedewleriň şöhratyny artdyrmaga türkmen atçylarynyň halkara ýaryşlardaky üstünlikli çykyşlarynyň hem ýardam edýändigini bellemeli.
    Hormatly Prezidentimiz behişdi bedewleriň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende galmagynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryna möhüm ornuň degişlidigini belledi.
    Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow toparyň agzalary bilen duşuşmak, alyp barýan işleri bilen tanyşmak üçin ýörite gelendigini aýdyp, olary ýetip gelen Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz toparyň agzalarynyň türkmen atşynaslyk sungatyny ösdürmek ugrunda uly işleri alyp barýandygyny, ajaýyp ahalteke bedewlerinde çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýändiklerini kanagatlanma bilen belledi.
    Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, türkmen jigitleriniň at üstünde täsin oýunlary görkezýändiklerini, olaryň oýunlarynyň dünýä halklaryny haýrana goýýandygyny we ençeme halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, baş baýraklara mynasyp bolýandyklaryny nygtady. Şeýlelikde, dünýäniň çar künjünde Watanymyzyň ýaşyl Baýdagy belende galýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
    Döredilen gününden bäri geçen döwürde topar has-da kämilleşdi, onuň maddy-üpjünçilik binýady berkidildi. Halkara bäsleşikleriň ýeňijisi diýen belent ady göterýän bu toparyň gazanan üstünliklerini belläp, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow toparyň agzalarynyň ussatlygy, olaryň uly üstünlikleri berkarar döwletimizde atçylyk pudagynyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolup, ýaşlarda sporta, bedewlere söýgi döretmek bilen, halkymyzyň atçylyk ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilmegine ýardam edýändigini nygtady.
    Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmäge döwlet tarapyndan uly üns berilýär. Bu ulgamda behişdi bedewleriň dünýädäki şan-şöhratyny belende götermek, baş sanyny artdyrmak, milli atçylyk sportuny wagyz etmek boýunça giň gerimli işler geçirilýär.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gözelligi, owadanlygy, ýyndamlygy bilen dünýäni haýrana goýýan türkmen bedewleriniň şanyna toý-dabaralaryň uludan tutulýandygyny aýdyp, atçylyk sungatyny ösdürmek ugrunda mundan beýläk-de uly işler durmuşa geçiriler diýip belledi.
    Soňky ýyllarda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary uly üstünlikleri gazandy. Ol 2019-njy ýylda Bahreýnde we Hytaý Halk Respublikasynda çykyş etmäge çagyryldy. Munuň özi bütin dünýäde türkmen bedewlerine hem-de at çapmagyň milli mekdebine ägirt uly gyzyklanmanyň aýdyň subutnamasydyr. At üstündäki milli oýunlar mekdebi döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň ösdürilmegine hemişe goldaw bermegi netijesinde täze ösüşe eýe boldy.
    Toparyň agzalary hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdylar, ýaşajyk çapyksuwarlar bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän goşgulary okadylar.
    Döwlet Baştutanymyz ahalteke bedewlerimizi, türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan milli at üstündäki oýunlary dünýä ýaýmaga goşýan goşandyny bellemek bilen, “Galkynyş” toparynyň çapyksuwarlaryna öz ussatlygyny kämilleşdirmekde täze üstünlikleri arzuw etdi hem-de toparyň agzalaryny ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlap, olara baýramçylyk sowgatlaryny gowşurdy.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem «Galkynyş» toparynda dörän ýaş maşgalanyň durmuşy bilen gyzyklandy, olaryň tutan toýy toparyň durmuşynda ýatdan çykmajak waka boldy. Bu maşgalanyň iki perzendiniň dünýä inendigi habar berildi. Milli Liderimiz olaryň her biriniň adyny tutup, Täze ýyl sowgatlaryny gowşurdy.
    Soňra hormatly Prezidentimiz «Galkynyş» toparyna gazanan uly üstünlikleri üçin ABŞ-nyň 50 müň dollary möçberindäki pul baýragyny gowşurdy.
    Milli Liderimiziň «Rowaç» atly aýdymly diskini sowgat gowşurmagy çapyksuwarlar üçin ajaýyp sowgat boldy. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň Rowaç diýip atlandyran bedewi 2019-njy ýylyň başynda doguldy. Hormatly Prezidentimiz bu bedewi «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sowgat beripdi we ajaýyp bedewiň taýçanak wagty oňa nurana aýdym bagyşlapdy.
    «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysy P.Baýramdurdyýew bedewleriň sanyny köpeltmek, bu ýerde degişli seýisçilik we ideg işlerini ýokary derejede alyp barmak ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa toparyň agzalarynyň adyndan hoşallyk bildirdi.
    Soňra toparyň ýolbaşçysy bedewleriň arasyna täze goşulan Ak ýol atly bedewi hormatly Prezidentimize görkezdi we bu bedewi manežde çapyp görmegi haýyş etdi.
    Hormatly Prezidentimiz nurana bedewiň jylawyndan tutup, onuň bilen birsellem gezim etdi. Şu pursatda Ak ýol atly ak behişdi bedewine atlanan Gahryman Arkadagymyz mähriban halkymyza Täze ýylda ak ýollara rowanalygy arzuw etdi.
    Döwlet Baştutanymyz manež boýunça bedewde birnäçe aýlaw edenden soň öz çapyksuwarynyň erk etmegi bilen, bedew birnäçe hereketleri ýerine ýetirip, artistlik başarnyklaryny görkezdi. Şol pursatda sazyň ýaňlanmagy bilen bedew aýak urşuny sazyň depginine görä batlandyrdy, öz başarnyklaryny, tebigy gözelligini hem-de çapyksuwar bilen ýakyndan özara düşünişmegiň nusgasyny görkezdi.
    Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toparyň agzalaryna mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.