Täze ýylyň gözelligine görk goşup

    Täze ýylyň golaýlamagy bilen paýtagtymyzyň şaýollarynyň, köçeleriniň ugrunda, edara-binalaryň, okuw jaýlarynyň öňünde peýda bolan, al-ýaşyl yşyklar, dürli oýnawaçlardyr jäjekler bilen bezelen Täze ýyl arçalary, baýramçylyk öwüşginli seýilgähler, baýramçylyk meýdançalary kalbyňda ýakymly duýgulary döredýär. Şu ýyl baş şäherimiziň Täze ýyl bezeginiň adaty ýyllardakydan has üýtgeşik hem owadan bolandygyny bellemeli. Çünki bu ýyl hormatly Prezidentimiziň Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli paýtagtymyzy, onuň ýollaryny, meýdançalaryny, seýilgählerini we beýleki köpçülikleýin ýerlerini, binalary degişli derejede bezemek barada beren tabşyrygyna laýyklykda, Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan türkmen telekeçileriniň arasynda ýurdumyzyň baş şäherini ýokary derejede bezemek boýunça bäsleşik yglan edildi.
    «Täze ýyl baýramy äheňinde bezelen iň gowy seýilgäh we baýramçylyk meýdançasy» atly bäsleşige Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň onlarçasy gatnaşyp, olaryň arasyndan iň ökdeleri öňe saýlandy. Bu bäsleşikde bezeg işlerine milli äheň bermek bilen ýokary derejede amal eden «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 1-nji orny, «Serpaý ussat hyzmatdaş» hususy kärhanasy 2-nji orny, «Owadan ülke» hojalyk jemgyýeti hem 3-nji orny eýeläp, hormatly Prezidentimiziň gymmat bahaly sowgatlaryna mynasyp boldy. Düýn baýraklaryň gowşurylyş dabarasynda ýeňijiler bilen gürrüňdeş bolanymyzda, olar öz ýürek buýsançlaryny şeýle beýan etdiler:

    Halapberdi ANNAÝEW,  «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy:
    — «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň ýatdan çykmajak taryhy waka — hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, halkara derejedäki iri gurluşygyň, ýagny Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna ak pata berilmegi bilen başlanyp, Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli baş şäherimizi bezemek boýunça türkmen telekeçileriniň arasynda yglan edilen bäsleşikde 1-nji orny eýelemegimiz bilen tamamlanmagy, biziň üçin diýseň buýsançly boldy.
    Bu bäsleşikde biz paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň hem-de onuň myhmanlarynyň iň bir gelim-gidimli ýeri bolan «Ylham» seýilgähidir Garajaoglan seýilgähini bezedik. Şöhratly geçmişimize, taryhy şahsyýetlerimize çuňňur hormat-sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen açylan «Ylham» seýilgähi öňem gözel görki, ýylyň ähli paslynda gök öwüsýän baglary, bark urýan al-elwan gülleri bilen göreni haýran edýär. Bu gözelliklere Täze ýyl öwüşgininiň çaýylmagy seýilgähiň görküni has-da artdyryp, ajaýyp ertekiler dünýäsine öwürdi. Onuň üçin ululy-kiçili Täze ýyl arçalarynyň ak hem ýaşyl reňklileri, yşyklandyryjy enjamlaryň dürli görnüşleri, oýnawaçlardyr jäjekler saýlanyp alyndy. Aýazbabadyr Garpamygyň, türkmen halk ertekilerinden gahrymanlaryň dürli haýwanjyklaryň şekilleri oturdyldy. Ýodalara ýörite bassyrmalar çekilip, Täze ýyl bezegleri we dürli yşyklar bilen bezeldi.
    Çyralarynyň älemgoşar öwüşgini bilen bu seýilgähler gijelerine has-da owadan görnüşe girýär. Şonuň üçin Täze ýyly garşy alýan günlerimizde «Ylham» we Garajaoglan seýilgähleriniň ir ertirden gijagşama çenli mähellesi egsilmeýär. Ildeşlerimiziň Täze ýyl şatlygyna şatlyk goşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.

    ;Berdimyrat NAGMATOW, «Serpaý ussat hyzmatdaş» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy:
    — Bäsleşik yglan edilende, bizem başarnygymyzy synap görmegi makul bildik hem-de onda ýeňiji bolmagy öz öňümizde maksat edindik. «Yhlas etseň, ýetilmejek sepgit ýok» diýleni. Biziňem yhlasymyz ýerine düşdi. Baş şäherimizi Täze ýyl baýramy äheňinde bezemekde türkmen telekeçileriniň arasynda yglan edilen bäsleşikde paýtagtymyzyň Magtymguly ýadygärliginiň ýerleşen meýdançasyny bezäp, 2-nji orny eýeledik hem-de hormatly Prezidentimiziň gymmat bahaly sowgadyna mynasyp bolduk.
    Göräýmäge, bezeg işleri aňsat ýalydyr welin, ýöne her bir zady öz ornunda goýup, sazlaşdyryp we gelşirip bezemek üçin ussatlyk hem başarnyk gerek. Bu işde biziň hünärmenlerimiz ýokary ussatlyk görkezdiler. Täze ýyl arçalarynyň, olaryň bezegleriniň, dürli reňkli yşyklaryň sazlaşygy bilen Magtymguly ýadygärliginiň ýerleşýän meýdançasy ajaýyp görnüşe girdi. Bu gözelligi döretmäge, dürli hyzmatlarda öz yhlas-başarnygymyzy açyp görkezmäge döredilýän giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz bimöçberdir.

    Röwşen BEKMÄMMEDOW, «Owadan ülke» hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy:
    — Ata Watanyňa, mähriban halkyňa hyzmat etmekden, olaryň şatlygyny paýlaşmakdan uly bagt ýokdur. Ýurdumyzyň hususy pudagynda «Nur» haryt nyşanly maýonez önümlerini öndürmek bilen halkymyzyň arasynda giňden tanalýan hojalyk jemgyýetimiz bu gün diňe bir Täze ýyl saçaklarynyň bezegini artdyrman, eýsem, paýtagt şäherimiziň baýramçylyk bezeginde-de öňe saýlanmagy başardy. Biz türkmen telekeçileriniň arasynda yglan edilen «Täze ýyl baýramy äheňinde bezelen iň gowy seýilgäh we baýramçylyk meýdançasy» atly bäsleşige gatnaşyp, paýtagtymyzyň iň owadan we köp adamly ýerleri bolan «Aşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähini «Ak şäherim Aşgabat» monumenti bilen birlikde ýokary derejede bezedik we üçünji, baýrakly orna mynasyp bolduk. Bu şatlykly waka biziň baýramçylyk ruhubelentligimizi has-da artdyrdy.
    Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrülen mermer paýtagtymyzyň Täze ýylyň öň ýanyndaky gözel keşbini görmäge göz gerek. Ol gözellikler bagtyýar halkymyzda ata Watanymyza, hormatly Prezidentimize bolan çäksiz buýsanjy oýarýar. Halkymyza şeýle owadan durmuşy, şatlyk-buýsanjy bagyş edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!