Täze tehnikalar gelip gowuşdy

    Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligine «KAMAZ» kysymly awtoulaglaryň nobatdaky tapgyry gelip gowuşdy. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 21-nji iýunynda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, beýleki edara-kärhanalara «KAMAZ» kysymly awtoulaglaryň, ýörite tehnikalaryň uly toplumyny we ätiýaçlyk şaýlaryny tapgyrlaýyn satyn almak barada «KAMAZ FTC CORP.LLP» kompaniýasy (Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygy) bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Bu resminama laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de olaryň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, şeýle hem önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, şeýle ulaglaryň 2000-e golaýyny satyn almak meýilleşdirildi. Bu tehnikalaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 162,7 million dollaryndan gowrakdyr.
    Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 23-nji iýunynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde «KAMAZ» kysymly awtoulag tehnikalaryny getirmek we olara geljekde hyzmat etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi bilen «Kamaz» jemagat paýdarlar jemgyýetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.
    Milli Liderimiz ýurdumyzda soňky ýyllarda uly işleriň geçirilendigini hem-de «KAMAZ» awtoulaglarynyň netijeli işledilendigini belleýär. Russiýanyň bu esasy kompaniýasy dünýäde ýük awtoulaglaryny öndürijileriň arasynda mynasyp orny eýeleýär.
    Mälim bolşy ýaly, 2006-njy ýyldan 2018-nji ýyla çenli Türkmenistan tarapyndan «KAMAZ» kysymly awtoulaglaryň we ýörite tehnikalaryň 7,5 müňe golaýy satyn alyndy. 2008-nji ýyldan bäri Aşgabatda «KAMAZ» okuw-hyzmat merkezi üstünlikli işleýär. Şeýle merkezler Mary we Balkan welaýatlarynda hem döredildi.
    Bu tapgyrda täze awtomobilleriň 100-den gowragy bolup, olaryň hatarynda köp ýük göterýän, ýüküni özi düşürýän awtomobiller, wahta awtomobilleri, ýangyç guýujy, mikser-awtomobiller we beýleki görnüşler bar. Olar milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynda ulanylar. Gelip gowuşýan tehnikalara ýokary hilli tehniki hyzmat edilýär we olary netijeli ulanmak boýunça sazlaşykly işler alnyp barylýar.