Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

    Täze ýyl baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda
    Ýurdumyzyň ilatynyň Täze ýyl baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 3-nji bölegine laýyklykda, karar edýärin:
    1. 2019-njy ýylyň 29-njy dekabryndaky dynç gününi 31-nji dekabra — sişenbe gününe geçirmeli.
    2. 2019-njy ýylyň 29-njy dekabrynyň iş tertibini hepdäniň sişenbe gününiň iş tertibine laýyklykda bellemeli.
    3. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.
                                                    Türkmenistanyň Prezidenti 
                                                    Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

                                Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 27-nji dekabry.