Täze ýyla sowgat aldyňyzmy?!

    Sözbaşymyzdaky sowal, megerem, şu günlerde hemmeleriň iň köp gaýtalaýan sowallarynyň biri bolsa gerek. Ýogsa-da, Täze ýyl diýilse, ilki bilen, dürli görnüşli sowgatlar oýuňa gelýär ahyryn! Bütin ýylyň dowamynda özüni oňat alyp baryp, sapaklaryny gowy bahalar bilen okap, Täze ýylyň öňüsyrasynda Aýazbaba hat ýazyp, üýtgeşik Täze ýyl sowgadyna garaşmadygymyz, meger, örän az-azdyr aramyzda. Aýazbabanyň sowgadynyň haýsydyr bir uzak ülkelerden, polýuslardan gelmeýänine has ir akyl ýetirsek-de, Täze ýylda göwün islän sowgadyňa ýetmegiň lezzeti düýbünden başgaça bolýar-da... Soňky wagtlarda köpler tutuş maşgala üçin Täze ýylda, adatça, içi dürli-dümen süýjülikler bilen doldurylan sebedi iň oňat sowgat hasaplaýarlar. Bu, elbetde, diýseň gowy pikir! Ýöne adaty däl-de, adaty bolmadyk sowgat saýlamak isleseň, nätmeli?!
    Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda Täze ýyly uly üstünlikler, mynasyp zähmet sowgady bilen garşylamak boýunça işler gyzgalaňly dowam edýär. Bu günki gün Diýarymyzyň ähli künjeklerinde Täze ýylyň şatlyk-şowhuny, ýakymy-ýalkymy duýulýar. Bu ugurda ýurdumyzyň dokma pudagynda alnyp barylýan işler hem öz mynasyp netijelerini berýär. Paýtagtymyzdaky hem-de welaýatlarymyzdaky dokma toplumlarynda, fabriklerde Täze ýyl mynasybetli täze harytlar öndürilýär we talapkär müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmak üçin zerur işler durmuşa geçirilýär. Şeýle kärhanalaryň biri-de, özüniň ýokary hilli dokma önümleri bilen dünýä ýurtlarynda hem uly meşhurlyga eýe bolan Aşgabat dokma toplumydyr.
    Şu ýylyň oktýabrynda paýtagtymyzda guralan senagat ugurly sergide Aşgabat dokma toplumynyň hünärmenleri bilen söhbetdeş bolanymyzda, bu toplumyň Täze ýyl üçin ýörite harytlary hem taýýarlaýandygy hakynda aýdypdylar. Häzirki günlerde bolsa «ADT» haryt nyşanly sowgatlyk önümler Aşgabat dokma toplumynyň paýtagtymyzdaky söwda dükanlarynyň törüni bezeýär. Bu toplumyň Täze ýyl üçin niýetlenen sowgatlyk harytlary, esasan, «öý dokmasynyň» önümleri bolup, olaryň arasynda çagalar üçin oýnawaçlardan başlap, el çalgyçlarynyň dürli görnüşleri, ýörite gaplanan sowgatlyk önümler bar. Toplumyň Täze ýyl harytlary barada aýratyn nygtaýanymyzyň sebäbi bolsa, bu ýerde öndürilýän dokma önümleriniň eko-harytlar bolmagydyr. 100 göterim pagtadan taýýarlanan bu harytlar ekologiýa taýdan arassa, ynsan saglygyna birjik-de zyýan bermeýän dokma önümleridir.
    Bilşimiz ýaly, Gündogar müçenamasyna laýyklykda 2020-nji ýyl kümüşsöw syçanyň ýyly hasaplanylýar. Şoňa görä-de, Aşgabat dokma toplumy tarapyndan öndürilýän sowgatlyk harytlarynda Täze ýylyň esasy nyşany bilen baglanyşykly şekiller has köp ulanylýar. «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgyly, ekologiýa taýdan arassa önümler bilen bezelen sowgat satyn almak isleýän müşderiler üçin «ADT» haryt nyşanly Aşgabat dokma toplumynyň söwda nokatlarynda 100 göterim pagtadan taýýarlanan el we ýüz çalgyçlary, hammam halatlary, çaga oýnawaçlarydyr ýadygärlik sowgatlar bilen doldurylan dürli görnüşli, dürli göwrümli sebetleri görmek bolýar. Dükanlardaky satyjylar müşderiniň öz saýlan harytlary bilen doldurylan sebetleri hem taýýarlap berýärler. Bu bolsa müşderileriň islegini kanagatlandyrmaga, alyjylaryň sanyny artdyrmaga bolan iňňän oýlanyşykly çemeleşmedir.
    Aşgabat dokma toplumynda öndürilýän Täze ýyl harytlary häzirki wagtda toplumyň paýtagtymyzda ýerleşýän söwda nokatlarynda alyjylara hödürlenilýär. Welaýatlara bolsa bu önümler ýurdumyzyň hususy telekeçileri tarapyndan ýaýradylýar. Bu söwda dükanlaryna gelýän müşderileriň sanynyň köpdügi bolsa ýurdumyzyň dokma pudagynyň zähmetkeşleriniň ildeşlerimizi Täze ýyl sowgatlary bilen begendirmek üçin yhlasly zähmet çekýändiklerini alamatlandyrýar. Aşgabat dokma toplumynyň Täze ýyla niýetlenen harytlary hem hemmeleriň iň arzyly baýramçylygyna — Täze ýyla özboluşly zähmet sowgady bolmak bilen, watandaşlarymyzy baýramçylyk sowgatlary bilen begendirmek boýunça edilen işleriň aýdyň miwesidir.