Şatlyk-şagalaňly günler

    Çagalyk — ynsan durmuşynyň iň ajaýyp döwri. Wagt geçip alyslarda galýan şol nurana günleri yzyna dolajak gümanyň ýok. Ýöne her bir ynsanyň çagalyk ýyllarynyň keşbini buýsançly, gözel hem görkana neslinde görýändigi, azat hem erkana ýurdunda oňa guwanyp, depesiniň gök direýändigi welin, hakykat! Hemmeleri özüne bendi edýän, olaryň köňül guşuna ganat bagladýan çaga gülküleri bu gün mähriban Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has çasly ýaňlanýar. Durmuşymyzyň güllerine deňelýän eýjejik çagalar baradaky alada ýurdumyzda esasy üns berilýän meseleleriň biridir. Eziz Diýarymyzda geljegimiziň eýeleri bolan çagalaryň hukuklary üpjün edilýär hem-de goralýar, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
    Häzirki wagtda ýurdumyzyň iň gözel künjegi bolan Gökdere jülgesinde hem-de welaýatlarda çagalaryň gyşky we tomusky dynç alyş möwsüminde oňat dynç almaklary üçin gurlup, ulanylmaga berlen dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň ençemesi hereket edýär. Şu günler, gyşky dynç alyş möwsüminiň öňýanynda bu merkezlerde ýaş nesliň hemmetaraplaýyn oňat dynç almaklary üçin degişli işler alnyp barylýar.
    Bu babatda üstümizdäki ýylyň 8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde mähriban Arkadagymyzyň gyşky dynç alyş möwsüminde mekdep okuwçylarynyň wagtlaryny şadyýanlykda geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmelidigine ünsi çekmegi ýurdumyzda çagalaryň dynç alşyna aýratyn üns berilýändigini görkezýär. Döwlet Baştutanymyzyň görkezmelerinden we tabşyryklaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen birlikde, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleridir hünärmenleri tarapyndan ýörite meýilnama esasynda Gökderede, ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlup, ulanylmaga berlen dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde gyşky dynç alşa degişli netijeli işler ýola goýulýar.
    Bu merkezlerde owadan bezelen Täze ýyl arçalary ajaýyp öwüşgini bilen, çagalara şatlyk paýlaýan dabaralar meýdanç asyna öwrülip, mekdep okuwçylarynyň her bir gününi şatlykly wakalara beslär. Meýilnama laýyklykda, mekdep okuwçylaryna gyzykly gezelençler we döredijilik bäsleşikleri garaşýar. Olar üçin paýtagtymyzyň iň gözel ýerlerine, täsin künjeklerine, muzeýlere, kitaphanalara, kinoteatrlara, seýilgählere gezelençler guralar. Şonuň ýaly-da, merkezleriň arasynda Täze ýyl bilen baglanyşykly şowhunly bäsleşikler we sport ýaryşlary guralar. Has anygy, Täze ýyly garşylamak mynasybetli, körpe nesliň dynç almagy üçin bu söýgüli baýramçylygyň üýtgewsiz gahrymanlary bolan Aýazbabanyň, Garpamygyň we ertekiler dünýäsinden gelen gahrymanlaryň hem-de çagalar döredijilik toparlarynyň, teatr we sirk ussatlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk şowhunlary uludan tutular.
    Çagalar şeýle hem «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada, Baş arçanyň ýanynda geçiriljek baýramçylyk çärelerine gatnaşarlar. Şular bilen birlikde bolsa, paýtagtymyzda we sebitlerde çagalar üçin dürli tanyşdyrylyş gezelençleri-de guralar.
    Gahryman Arkadagymyz öz çykyşlarynda ösüp gelýän ýaş nesil baradaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny belläp, gyşky dynç alyş möwsüminde ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň doly derejeli dynç almagy, olaryň boş wagtlaryny gyzykly, many-mazmunly we peýdaly geçirmegi üçin ähli şertleriň döredilmelidigine aýratyn ünsi çekýär.
    15-nji dekabrda «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasynyň köpöwüşginli yşyklarynyň ýakylyş dabarasy hem ýaşajyk türkmenistanlylaryň belent ruha beslenen ajaýyp aýdymlary, gyzykly çykyşlary, joşgunly tanslary bilen utgaşdy.
    Baş arçanyň töweregine ýygnanan paýtagtymyzyň ýaşaýjylarydyr myhmanlary, folklor we tans toparlary, teatr we sirk artistleri baýramçylyk lybasly, söýgüli ertekileriň gahrymanlarynyň eşiklerinde dabara goşuldylar. Çagajyklar joşgunly sesleri bilen Aýazbabany we Garpamygy dabara gatnaşmaga çagyrdylar hem-de baýramçylygyň baş gahrymanlarynyň ýörişini höwes bilen synladylar. Baş arçanyň daşynda şatlykly gülküler, degişmeler, şowhunly tanslar, türkmen halk ertekileriniň söýgüli gahrymanlarynyň gatnaşmagynda guralan täsirli çykyşlar diňe bir çagalary däl, eýsem, dabara gatnaşýanlaryň ählisini-de täsin dünýä aralaşdyrdy.
    Häzirki günlerde iň arzyly ýerden orun berlip, birkemsiz yşyklandyrylan, owadan oýnawaçlar bilen bezelen arçalaryň daş-töweregi çagalardan doly. Täze ýyl baýramçylygynyň esasy gahrymanlary bolan Aýazbabadyr Garpamyk owadan arçanyň ýanynda çagalary mähirli garşylaýar. Olar Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanyp geçirilýän dabaralaryň has täsirli geçmegini gazanýarlar. Çagalar hem olar bilen hezil edip oýnaýarlar. Mekdep okuwçylary ýene-de sanlyja günden gyşky dynç alşa çykyp, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanylmaga berlen dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde wagtlaryny şadyýanlykda geçirerler.
    Çagalar hakdaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwren mähriban Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri rowaç, beýik başlangyçlary dowamat-dowam bolsun!