Täze ýylyň şat toýy...

    Hormatly Prezidentimiziň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli paýtagtymyzy, onuň ýollaryny, meýdançalaryny, seýilgählerini we beýleki ýerlerini degişli derejede bezemek barada beren tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň baş şäherini bezemek üçin bäsleşik yglan edildi. Tiz wagtyň içinde, eýýäm dekabryň ilkinji günlerinden baş şäherimiziň edara-binalarynyň, bilim ojaklarynyň, belent ýaşaýyş jaýlarynyň öňünde biri-birinden owadan Täze ýyl arçalarynyň peýda bolmagy, şaýollaryň ugrundaky, seýilgählerdäki gök arçalaryň al-ýaşyl yşyklara, emeli gar tozgalaryna beslenmegi bäsleşik esasynda amal edilýän işleriň gowy netije berýändigini ýene-de bir gezek subut etdi.
    Aý-aýdyň gijelerde has-da owadan görnüşe girýän, älemgoşar öwüşgini bilen göwünleri galkyndyryp, köňüllere şatlyk paýlaýan ol gözellikleriň döremeginde hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna uly höwes bilen girişen ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň hem mynasyp goşandy bar.
    Körpejeleriň Täze ýyla bagyşlap aýdýan goşgy setirlerinde: «Täze ýylyň şat toýy, bolmaz onuň deň-taýy...» diýlişi ýaly, dogrudan-da, has taýýarlykly hem şowhunly garşy alynýan Täze ýylyň şatlygy başgaça bolýar. Täze ýylyň baýramçylyk dabaralary köpöwüşginliligi hem-de ýatda galyjylygy bilen tapawutlanýar. Esasan-da, körpe nesil bu baýramçylyga çaga sabyrsyzlygy bilen hemmeden köp garaşýar. Gyşyň soňky aýynyň bosagadan ätledigi, olar eýýäm Täze ýyl arçasyny bezemegiň aladasy bilendir. Goşgudyr aýdym taýýarlap, Täze ýyla, Aýazbabanyň sowgadyna sabyrsyzlyk bilen garaşýandyrlar. Olary üýtgeşik sowgatlar bilen begendirmek bolsa, elbetde, ulularyň paýyna düşýär. Bu işde ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň hatarynda türkmen telekeçileriniň hem ýokary işjeňlik görkezýändiklerini bellemeli. 
    Türkmen işewürleri baş şäheriň görküne görk goşýan Täze ýyl arçalarynyň bezegi üçin dürli oýnawaçlary, jäjekleri taýýarlamaga-da ökdelediler. Telekeçi zenanlar Ejegül Annagurbanowadyr Jemile Jepbarowanyň, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Çapak» hojalyk jemgyýetiniň sünnäläp taýýarlaýan sowgatlyk önümlerine, bezeg oýnawaçlaryna milli öwüşginiň çaýylmagy has-da ünsüňi çekýär. Elde keşdelenip, ýüzüne zer çaýylan, dürli reňkli gaşlar oturdylan oýnawaçlar, milli nagyşlar bilen bezelen aýna jäjekler ene-mamalarymyzyň çeper el işleriniň kämil nusgasy hökmünde Täze ýyl arçalaryna aýratyn bezeg berýär. Aýazbabanyň, Garpamygyň, ýetip gelýän Täze ýylyň nyşany bolan syçanjyklaryň ýumşak matalardandyr keramikadan taýýarlanylan şekilleri, milli nagyşlar bilen jäheklenen sandyjaklar bada-bat gözüňe ilýär.
    — Mähriban Arkadagymyzyň başda durmagynda bagtyýar halkymyz her bir Täze ýyly uly ruhubelentlikde garşy alýar. Täze ýyl, aýratyn-da, körpe nesliň iň gowy görýän baýramlarynyň biri. Şonuň üçin biz hem bu baýrama irgözinden taýýarlyk görýäris. Ýetip gelýän 2020-nji ýylyň syçan ýylydygyny, syçanyň çal, ak reňkleri halaýandygyny göz öňünde tutup, sowgatlyk önümlerimizi hem-de Täze ýyl arçasynyň jäjeklerini şoňa laýyklykda taýýarladyk. Sowgatlyk önümlerimiziň, dürli jäjeklerimiziň her bir öýe, agzybir ojaklara şatlyk bolup dolmagyny arzuw edýäris. Halkymyzyň baýramçylyk şatlygyna şatlyk goşmaga döredilýän giň mümkinçilikler üçin mähriban Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys — diýip, «Çapak» hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Maýa Orazmyradowa gürrüň berýär.