Innowasion desganyň nobatdaky sylaglary

    Ýurdumyzda Täze ýylyň şatlyk-şowhuny hoş habarlar bilen utgaşýar. Düýn Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodda ornaşdyrylan Daniýanyň «Haldor Topsoe» kompaniýasynyň TIGAS tehnologiýasynyň kämilligini tassyklaýan Beýik Britaniýanyň Himiýa inženerleriniň akademiýasynyň 2019-njy ýyldaky nebitgaz ugry boýunça baýragyna we Daniýanyň Energetika senagaty federasiýasynyň güwänamasyna eýe bolmagy mynasybetli dabara geçirildi. Onda Daniýanyň belli «Haldor Topsoe» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Býorn Stefan Klauzen, Ýaponiýanyň «Kawasaki Heavy Industries Ltd» kompaniýasynyň täjirçilik bölüminiň başlygy Namba Takahiro, «Sojitz Corporation» kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň müdiri Akihiko Semba, şeýle-de ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň wekilleri çykyş etdiler.
    «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň şanly wakalarynyň biri hem 28-nji iýunda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dünýäde ilkinji tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň açylmagydyr. Bu iri senagat-innowasion toplumyň işe başlamagy dünýäde uly seslenme tapdy. Sebäbi ýurdumyzyň energetika döwleti hökmünde dünýäde eýeleýän ornuny pugtalandyrýan döwrebap zawod tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa sintetiki awtoulag ýangyjyny öndürýän täsin toplumdyr. 
    Bu senagat toplumy «Türkmengaz» döwlet konserniniň hem-de «Kawasaki Heavy Industries Ltd» (Ýaponiýa) we «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi ve Ticaret A.Ş.» (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumynyň bilelikdäki tagallalary bilen guruldy. 2014-nji ýylyň awgustynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda kärhananyň düýbi tutuldy. Bu taslamanyň umumy bahasy 1 milliard 700 million amerikan dollaryna barabardyr. 
    Täze kärhanada her ýyl 1 milliard 785 million kub metr «mawy ýangyç» gaýtadan işlenilýär. Ýokary tehnologiýaly zawod her ýyl ekologiýa taýdan arassa, EURO-5 ölçeglerine laýyk gelýän EСО-93 sintetiki benziniň 600 müň tonnasyny, şeýle hem ugurdaş önümlerden suwuklandyrylan gazyň 115 müň tonnasyny we düzüminde kükürt bolmadyk arassalanan dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasyny çykarmak mümkinçiligine eýedir. 
    Ýeri gelende bellesek, bu zawoda «Guinness World Records» kompaniýasynyň «Dünýäde gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod» diýen güwänamasy gowşuryldy. Şeýle-de ol Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Daşky gurşawy goramak gaznasynyň «Ekologiýa taýdan arassa» diýen güwänamasyna we degişli nyşanyna, Şweýsariýanyň Federal tehnologiki institutynyň «Innowasion tehnologiýalar» boýunça güwänamasyna we nyşanyna mynasyp bolupdy.
    «GTG» (gas to gasoline) taslamasy Daniýanyň «Haldor Topsoe» kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan TIGAS tehnologiýasyna esaslanandyr. Bu tehnologiýa ýokary netijeli katalizatorlar bilen utgaşyklykda örän az mukdarda energiýa sarp edilmegi we daşky gurşawa örän az möçberde täsir edilmegi bilen ýokary hilli benzin öndürmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi ýurdumyzyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine ekologiýanyň arassalygyny saklamak bilen aýrylmaz baglanyşykly garalýandygyny görkezýär.
    EСО-93 benzininiň düzüminde kükürdiň 50 esse, benzolyň 3,5 esse, beýleki ysly uglewodlaryň hem 20 göterim azdygy mälimdir. Bu ýagdaý bolsa, howa goýberilýän zyýanly gazlaryň möçberini ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär.
    Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde dünýä dördünji senagat öwrülişigini başdan geçirýär. Biziň ýurdumyz hem tehnologiýalary we nou-haulary alyşmak, ylmy köp talap edýän önümçilikleri döretmek, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda aň-bilim ulgamlaryny ornaşdyrmak we sanly utgaşmagy gazanmak arkaly, bu işlere uly ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyna laýyklykda, bu ugurda eýýäm ençeme taslamalar amala aşyryldy. Şular ýaly taslamalary amala aşyrmak bilen, Türkmenistan «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmegiň iň işjeň merkezleriniň birine öwrülýär.
    Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimizi we ähli halkymyzy şatlykly waka — innowasion desganyň nobatdaky sylaglara mynasyp bolmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar. Bellenilişi ýaly, tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin çykarýan zawodyň açylmagy diňe bir ýurdumyz üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin hem taryhy ähmiýetli wakadyr. 
    Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň Beýik Britaniýanyň Himiýa inženerleriniň akademiýasynyň 2019-njy ýyldaky nebitgaz ugry boýunça baýragyna we Daniýanyň Energetika senagaty federasiýasynyň güwänamasyna eýe bolmagy milli Liderimiziň innowasion önümçilikleri, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrundaky tagallalarynyň ýene bir miwesi, dünýä derejeli ykrarnamasydyr.