Kerkiniň howa menzili: uçar tizliginde gurulýar

    «Gündogdy» hususy kärhanasynyň Kerki şäheriniň günbatar tarapynda täze howa menziliniň gurluşygyna başlany edil düýn ýalydy. Dürli kysymly tehnikalaryň güýji bilen, bu ýerde gysga wagtyň içinde 200 gektardan gowrak meýdan, göýä, eliň aýasy ýaly edilip tekizlendi. Çünki ýörite hünärmenler geofiziki-topografiýa ölçeglerini geçiren dessine esasy gurluşyk işlerine girişildi. Şeýlelikde, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň ýene-de bir uly we ýurdumyz üçin möhüm ähmiýete eýe bolan desgasynyň gurluşygyna badalga berildi. 
    Her sagatda 100 ýolagça hyzmat edip biljek we häzirki döwrüň dürli görnüşli uçarlaryny kabul etmäge mümkinçiligi boljak bu döwrebap howa menzili hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, eýýäm 2021-nji ýylda doly gurlup, ulanmaga berilmeli. Şonuň üçin bu ýerde işler örän ýokary depginde alnyp barylýar. Işçidir hünärmenleriň 300-e golaýy, dürli görnüşli tehnikalaryň 80-e golaýy iki iş çalşygynda işledilýär. Esasy güýjüň uçuş-gonuş zolagyna gönükdirilmegi bilen, umumy uzynlygy 2700 metre, ini 60 metre ýetýän uçuş-gonuş zolagyndaky işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. 
    Germaniýada öndürilen KARGO kysymly beton düşeýji maşynyň ýokary iş öndürijiligi her sagatda 80 — 100 metr aralyga 40 santimetr galyňlykda we 7,5 metr giňlikde beton düşemäge mümkinçilik berýär. Şonuň üçin bu ýerde beton öndürýän zawodlaryň 3-si gurlupdyr. Olaryň öndüren betonlaryny ýük ulaglaryň 12-si daşap dur. Ýüküni özi düşürýän kuwwatly ulaglaryň her biri günde 250 — 300 kub metr betony KARGO beton düşeýji maşynynyň öňüne düşürýär. Netijede, jemi dört gatlakdan durýan we 120 santimetr galyňlykdaky uçuş-gonuş zolagy günsaýyn uzap barýar.
    — Bu ýerde ýerine ýetirilýän işler biri-biri bilen berk baglanyşykda, sazlaşykly alnyp barylýar. Şu güne çenli eýýäm biz uçuş-gonuş zolagynyň aşagyna daş, toprak düşemek işlerini doly tamamladyk. Howa menziliniň daşyna haýat, germew aýlamak işleriniň 83 göterimini ýerine ýetirdik. Uçarlaryň terminala barýan we ol ýerden ýolagçylary alyp, uçuş zolagyna ugraýan aýlaw ýodalary taýýar edildi. Indiki wezipe jemi 1730 inedördül metr meýdanda ýerleşýän ýolagçylar terminalyny gurmakdan ybarat. Milli öwüşginler bilen bezeljek bu binalar toplumynyň içinde uçuşa garaşylýan 120 orunlyk zal, dermanhana, dükanlar, kafeteriý, «Tiz kömek» gullugy, kassa we beýleki zerur bolan hyzmatlar üçin binalar bolar. Beton zawodlarymyzyň üçüsi-de doly güýjünde işläp, bu binalary-da gysga möhletde ýokary hilli edip gurmaga mümkinçilik berer — diýip, gurluşyk-gurnama meýdançasynyň başlygy Hudaýnazar Gurbanow gürrüň berýär.
    «Türkmendaşlary» önümçilik birleşiginiň Köýtendag etrabyndaky Künjek çagyl-kän müdirligi bu desgany daş we çagyl önümleri bilen üpjün edýän esasy kärhanadyr. Ol ýerden gurluşyga demir ýol arkaly getirilýän daş we çagyl önümleriniň eýýäm ýeterlik möçberi toplanyldy. Howa menziliniň gurluşygynda zähmet çekýän hünärmenleriň ýerli oglanlardan bolmagy has-da guwandyryjy. Berdimuhammet Ýazyýew, Myrat Öwlüýägulyýew, Guwanç Artykow ýaly tejribeli hünärmenler ýörite enjamlaryň, gurallaryň kömegi bilen gurluşykda birnäçe işleri ýerine ýetirýärler. Ähli ölçeg-çeneg, gurnaýyş we beton düşemek işleri taslamada görkezilişi ýaly, ýokary derejede amala aşyrylýar. 
    Gün-günden pajarlap ösüp barýan eziz Diýarymyzyň dürli künjeklerinde gurulýan binalar Watanyňa bolan buýsanjy, söýgini has-da artdyrýar. Çünki diňe bir paýtagtymyz Aşgabatda däl, ýurdumyzyň çet künjeklerinde hem gurulýan binalar, desgalar we oba-şäherler türkmen ülkesini indi düýpgöter üýtgedip, özgerdip barýar. Muny Kerki şäheriniň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. Beýik Ýüpek ýolunyň uly şahasynyň ugrunda ýerleşen we taryhda Zemm, Kerkuh, Kerki atlary bilen bilinýän bu gadymy şäheriň indi täze, döwrebap keşbi emele geldi. Şäherde gurlan we gurulýan ajaýyp binalaryň üsti her ýylda kaşaň we ajaýyp binalaryň, desgalaryň birnäçesi bilen ýetirilýär. 2021-nji ýylyň aprel aýynda bolsa ol binalaryň üsti Kerki şäheriniň howa menziliniň kaşaň, milli öwüşginler bilen bezelen döwrebap binasy bilen ýetiriler.