Ýürekdeşlige çagyryş

    Türkmenistanda geçirilýän iri halkara çärelere hormatly myhman hökmünde yzygiderli gatnaşýan, Hindistanda çap edilip, Merkezi Aziýa ýurtlaryna, şol sanda Türkmenistana ýaýradylýan «Business Central Asia» žurnalynyň baş redaktory Inderweer Singh bilen söhbetdeş bolanyňda, hemişe şol bir jümläni gaýtalaýar: «Hut ahalteke bedewlerine bolan söýgi Türkmenistany meniň ikinji Watanyma öwürdi...». Kitap okamagyň näderejede lezzetlidigini söz bilen delillendirip oturmagyň hajaty ýok, megerem. Onda-da, öz ene diliňde okamagyň lezzetini diýsene! Hakyky kitap muşdagy üçin iň oňat sowgat näme bolup biler? Elbetde, kitap!.. Indi pikir öwrüp görüň, ahalteke bedewleriniň muşdagy bolan hindi okyjylary üçin hormatly Prezidentimiziň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň hindi diline terjime edilmeginiň ähmiýeti näderejede?! Bu, megerem, köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň iň oňat ýörelgelerini häli-häzire çenli dowam etdirýän türkmen hem-de hindi halklaryny kitap arkaly has-da ýakynlaşdyrmagyň, ysnyşdyrmagyň özboluşly çelgisidir.
    Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen milli Liderimiziň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň hindi dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasynda-da hut kitaply gatnaşyklaryň ynsanlary ýakynlaşdyrmakdaky ähmiýeti dogrusynda gürrüň edildi. 
    Dabarada çykyş edenler üstümizdäki ýylda, türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenilýän günlerinde türkmen, iňlis, rus we hytaý dillerinde çapdan çykan bu gymmatly eseriň dünýä jemgyýetçiliginde, aýratyn-da, bedew muşdaklarynda uly gyzyklanma döredendigini nygtadylar. Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azar Abul Hasan Han öz çykyşynda: «Ynsanlary birek-birek bilen ýakynlaşdyrmakda medeniýet möhüm orun eýeleýär. Türkmen Lideriniň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň hindi diline terjime edilmegi Hindistanyň çäginde ýaşaýan hindi dilli halklara hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hindi dili hünärinde okaýan talyplara gymmatly gollanma bolup hyzmat eder» diýmek bilen, gadymy türkmen düzünden gaýdan bedewiň Hindistana, Ortaýer deňzi sebitlerine çenli uzak aralygy geçip, şan-şöhrata eýe bolandygy hakynda buýsanç bilen belledi. 
    «Dünýäde atyň üstünden gowy tagt, kitapdan gowy dost ýok» diýilýär. Şu jümledäki «kitap» hemem «at» sözleriniň özara baglanyşygy hakynda oýlananyňda, kitaplaryň geçmiş bilen geljegiň, ynsan ýürekleriniň arasyndaky özboluşly sazlaşygy saklaýan gymmatlykdygyna, atlaryň — ynsan üşükli bedewleriň bolsa adamzadyň iň ýakyn syrdaşydygyna, dosta wepadarlygyň nyşanydygyna aňryýany bilen göz ýetirýärsiň. Ine, şu sazlaşyk hakyndaky gürrüňler bolsa, tanyşdyrylyş dabarasyndaky Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktorynyň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygynyň, Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň bölüm müdiriniň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň wekilleriniň çykyşlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçdi. 
    Hormatly Prezidentimiz «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynda: «Biz bedewlerimiz bilen ýakynlygyň täsin filosofiýasyny döredýäris. Ol bolsa, ýeňişdedir. Ýeňiş bolsa, taplanmakdyr we kämilligiň menzilidir» diýip belleýär. Şoňa görä-de, bu günki gün ýurdumyzyň ösüşli menzilleri, ýeten belent sepgitleri hakynda gürrüň edilende, olary «bedew bady» bilen deňeýäris. Türkmenistanda milli atşynaslyk pudagyny we atçylyk sportuny ösdürmek, olaryň ylmy esaslaryny kämilleşdirmek arkaly innowasiýalary ornaşdyrmak we halkara derejede tejribe alyşmak ugrunda öňde goýlan wezipeler bilen içgin tanyşmakda «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly gymmatly eseriň uly ähmiýeti bar. Kitabyň hindi dilinde çapdan çykmagy bolsa, behişdi bedewlerimiz bilen gyzyklanýanlaryň sanynyň artmagyna, onuň türkmen halkynyň döreden iň naýbaşy gymmatlyklarynyň biri hökmünde dünýä jemgyýetçiliginde giňden ykrar edilmegine ýardam berer.
    Hawa, diller — dostluk köprüsi. Ynsan dil arkaly birek-birek bilen düşünişýär, ýakyn hem syrdaş bolýar. Görüň indi, dünýä içre ykrar edilen milli Liderimiziň hindi dilinde çapdan çykan «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň üsti bilen millionlarça ynsanlaryň näderejede birek-biregiň maddy we ruhy gymmatlyklary bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik tapýandygyny, ýakyn dostlara — ýürekdeşlere öwrülýändigini!